Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ERJEL TÜRGENLERIŇ ÝEŇŞI

Tejen şäheriniň 1500 orunlyk sport desgasynda şäher häkimliginiň, şäher sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça yglan eden «Altyn top» atly ýaryşy geçirildi. Ýaş futbolçylaryň sport ussatlyklaryny kämilleşdirmek, berk bedenli, sagdyn ruhly türgenleri ýetişdirmek maksady bilen geçirilen ýaryş türgenlere tejribelerini baýlaşdyrmaga, başarnyklaryny açyp görkezmäge mümkinçilik döretdi. Edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň arasynda geçirilen ýaryşyň deslapky duşuşyklarynda ynamly oýun görkezip, Tejen şäher medeniýet bölüminiň, «Tejenelektrikulgamy» kärhanasynyň, Ýöriteleşdirilen dikeldiş merkeziniň we «Tejenelektroaragatnaşyk» ulgamynyň toparlary ýarym finalda oýnamaga hukuk gazandylar.

Ýarym finalyň ilkinji oýnunda şäher medeniýet bölüminiň topary bilen «Tejenelektrikulgamy» kärhanasynyň toparlary özara duşuşdylar. Onda «Tejenelektrikulgamy» kärhanasynyň topary medeniýet bölüminiň toparyny uly hasap bilen (4-0) ýeňip, finala çykdy. Ýarym finalyň beýleki oýnunda «Tejenelektroaragatnaşyk» ulgamynyň topary Ýöriteleşdirilen dikeldiş merkeziniň toparyndan 2-1 hasabynda üstün çykyp, baş baýrak ugrunda ýaryşy dowam etdirmek üçin oňat mümkinçilik aldy.

Aýgytlaýjy final oýny çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Şeýlelikde, final oýny 4-1 hasabynda «Tejenelektroaragatnaşyk» ulgamynyň ynamly ýeňşi bilen tamamlandy. «Tejenelektrikulgamy» kärhanasynyň we Ýöriteleşdirilen dikeldiş merkeziniň toparlarynyň arasynda üçünji orun ugrunda geçirilen oýun 3-1 hasabynda Ýöriteleşdirilen dikeldiş merkeziniň toparynyň peýdasyna tamamlandy.

Ýaryşyň ýeňijilerine TMÝG-niň şäher Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň şäher birleşmesi, TDP-niň şäher komiteti tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary gowşuryldy.

 

Bahar PATJAÝEWA,

TMÝG-niň Tejen şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.