Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÄLEME ÝAŇ SALAN WAKA

Gü­neş­li Di­ýa­ry­myz asu­da­ly­gyň, abadan­çy­ly­gyň, bag­ty­ýar­ly­gyň we gö­zel­li­giň meka­ny hök­mün­de bu gün Ýer ýü­zün­de şan-şöh­ra­ta eýe bol­ýar. Bu ha­ky­ka­tyň gojaman Ha­za­ryň türk­men ke­na­ryn­da geçi­ri­len bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­myn­da we onuň çä­gin­de ge­çi­ri­len çä­re­ler­de anyk be­ýa­ny­ny ta­pan­dy­gy ulus-ili­mi­zi buýsandyr­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len ge­çi­ri­len giň göw­rüm­li fo­ru­ma Hazarýaka ýurt­la­ryn­dan baş­ga-da, dün­ýäniň ýa­kyn-u-alys döw­let­le­rin­den köp san­ly myh­ma­nyň gat­naş­ma­gy, oňa gy­zyk­lanma­nyň diý­seň ýo­ka­ry bo­lan­dy­gy­nyň alamatydyr. Biz bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­rumyň we onuň çä­gin­dä­ki çä­re­le­riň geçişini te­le­ýaý­lym­lar ar­ka­ly to­ma­şa et­dik. Köp­çülik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri tara­pyn­dan bu çä­rä­niň giň­den we gyz­gy­ny bi­len şöhle­len­di­ril­me­gi has-da begendirdi.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­myn­da­ky çy­ky­şyn­da Ha­zar sebi­ti­ni ös­dür­me­giň, Ha­zar­da hal­ka­ra hyzmat­daş­ly­gy alyp bar­ma­gyň giň mümkinçilik­le­ri we bu se­bi­tiň gel­je­gi ba­ra­da aý­ra­tyn du­rup geç­me­gi biz — bag­ty­ýar ra­ýat­lar­da aý­ra­tyn uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di. Gah­ryman Ar­ka­da­gy­my­zyň Ha­zar deňzi­niň gady­my dö­wür­ler­den bä­ri söw­da ýol­la­ry­nyň mer­ke­zin­de ýer­le­şen­di­gi, Beýik Ýü­pek ýo­lu­nyň mö­hüm bö­le­gi­niň bo­lan­dy­gy, häzir­ki dö­wür­de bu ýo­ly gaýtadan di­kelt­mek bi­len, Azi­ýa­nyň we Ýew­ro­pa­nyň halk­la­rynyň ara­syn­da­ky söwda-yk­dy­sa­dy we mede­ni si­wi­li­za­sion gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­me­giň mö­hüm şer­ti hök­mün­de onuň dö­reý­şi­niň we ösü­şi­niň ta­ry­hy­na hor­mat-sar­pa bi­len garamalydygymyz ba­ra­da aý­dan­la­ry­nyň göz­ba­şyn­da uly ma­ny bar­dyr. Mil­li Liderimi­ziň aý­dy­şy ýa­ly, Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ry­nyň çä­gi gün­do­gar ta­rap­da Gü­nor­ta Azi­ýa we Azi­ýa — Ýu­waş um­man se­bi­ti­ne, gün­batar ta­rap­da Ga­ra we Or­ta­ýer deňiz­le­ri­ne, gü­nor­ta ta­rap­da Eý­ra­nyň üs­ti bi­len Ýa­kyn we Or­ta Gün­do­ga­ra, Russiýanyň üs­ti bi­len we soň­ra de­mir­ga­zyk ugur­da Bal­ti­ka deňzi­niň ke­nar­ýa­ka­sy­na gö­ni çyk­mak ýo­lu­na eýe­dir. Mu­nuň özi Azi­ýa­ny we Ýew­ro­pa­ny bir­leş­dir­ýän tä­ze ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­leri­ni dö­ret­mek, deň­ziň giň müm­kin­çi­lik­leri­ni do­ly ulan­mak we hyz­mat­daş­ly­gy täze de­re­je­le­re çy­kar­mak ba­ba­tyn­da örän äh­mi­ýet­li­dir.

Türk­men­ba­şy­nyň Hal­ka­ra de­ňiz por­tunyň çä­gin­de Hal­ka­ra in­no­wa­sion tehnologiýalar ser­gi­si­niň we «Türk­men säh­ra­sy — 2019» at­ly aw­to­ser­gi­niň guralandygy­na, on­da Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň mil­li bö­lüm­le­ri­niň, şeý­le-de ýurdumyzyň ministr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, Senagatçylar we te­le­ke­çiler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry­nyň ne­bit­gaz, ener­ge­ti­ka hem-de hi­mi­ýa pu­dak­la­rynda­ky tä­ze­çil çöz­güt­le­ri­niň, önüm­çi­lik enjam­la­ry­nyň, se­na­ga­tyň dür­li pu­dak­la­ry­nyň önüm­le­ri­niň, se­riş­de­le­ri­niň gör­ke­zi­len­di­gine te­le­ýaý­lym­lar arkaly syn­la­p, ata Wa­tany­my­zyň ýe­ten be­lent de­re­je­si­ne buý­sandyk.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň il-ýurt bähbit­li her bir baş­lan­gy­jy ro­waç­ly­ga eýe bol­ýar. Bu ha­ky­kat Ha­za­ryň türk­men kena­ryn­da ta­ry­hy fo­ru­myň örän ne­ti­je­li geçen­di­gi­niň my­sa­lyn­da hem da­ba­ra­lan­dy. Ata Wa­ta­ny­my­zyň şan-şöh­ra­ty­ny, türkme­niň mertebesi­ni Älem iç­re be­len­de göte­ren­di­gi üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za tükeniksiz al­kyş aýd­ýa­rys. Goý, mil­li Li­deri­mi­ziň il-ýurt bäh­bit­li, umu­ma­dam­zat bähbit­li tu­tum­la­ry has-da ro­waç­lan­syn!

 

Meretmuhammet REJEBOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.