Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

Golaýda Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda welaýatyň ähli pudaklarynda zähmet çekýän işewür zenanlaryň, mährem eneleriň, hukuk goraýjy edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda dabaraly maslahat geçirildi. Mukaddes Gurban baýramynyň uly şowhuna beslenýän pursatlarynda geçirilen maslahat hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen, rowaçlyga beslenen ýylymyzyň taryhy wakalarynyň üstüni ýetiren birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmenistanyň hem-de Astrahanyň zenanlar guramalarynyň geňeşiniň «Hazar deňzi halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly dabaraly maslahatyň dowamynda ýurdumyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Zenanlar birleşigi tarapyndan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we bilelikdäki işleri ösdürmäge gönükdirilen Ähtnama gol çekilmegi mynasybetli ýürek hoşallyklaryny açyp görkezmäge bagyşlandy.

Maslahaty welaýat häkiminiň orunbasary, TZB-niň welaýat bölüminiň başlygy Akjemal Durdyýewa açdy we gün tertibinde seredilmeli mesele boýunça çykyş etdi. A.Durdyýewa öz çykyşynda şeýle ajaýyp pursatlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga degişli çözgüdiň kabul edilmeginiň ýurdumyzyň zenanlar birleşiginiň işini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga we halkara derejesindäki abraýyny hasda artdyrmaga, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan durmuş-ykdysady ösüşleri, gender syýasatyny hem-de öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigini belledi.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, TKAnyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Aşyrdurdy Allaýew, S.A.Nyýazow adyndaky etrapdaky 9-njy çagalar bagynyň müdiri Enejan Amanýazowa, welaýat inçekesel hassahanasynyň bölüm müdiri Jeren Gylyçmyradowa, şeýle hem Daşoguz halyçylyk kärhanasynyň Gubadag haly önümhanasynyň halyçysy Mähri Atalowa, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy Jumagül Hojaýewa, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bölüm müdiri, welaýat zenanlar bölüminiň işjeň agzasy Laçyn Akbaýewa dagy çykyş etdiler. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwür bilen zenanlaryň arasyndaky işjeňligi pugtalandyrmaga degişli irginsiz durmuşa geçirilýän wezipeler üçin çuňňur hoşallyk sözleri aýdyldy. Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde gol çekilen Ähtnamanyň ýurdumyzyň işewür zenanlarynyň tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň arasynda işjeňligini we mümkinçiliklerini açyp görkezmekde, at-abraýyny has-da beýgeltmekde uly ähmiýete eýe bolup durýandygy nygtaldy. Şonuň ýaly-da, çykyş edenler jemgyýetimizi baky bagtyýarlygyň ýoly bilen belent sepgitlere alyp barýan, zenanlaryň durmuşynyň hemişe ajaýyp pursatlara beslenmegi ugrunda tükeniksiz aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyş hem hoşallyk sözleri aýdyldy. 

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.