Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

USSAT BAGBANLAR

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Türkmenistanyň Oba hojalyk we Daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Bereketli toprak» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde yglan edilen «Ussat bagban» atly hünär bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi.

Bäsleşik Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyna düşünýän, döwletimiziň ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmäge goşandyny goşýan we wezipe borçlaryny oňat bilýän, özüne berkidilen ýerde zähmet howpsuzlygyny berjaý edýän, halypa-şägirtlik däbini dowam edýän kärendeçi we tokaýçy bagbanlaryň arasynda guraldy.

Bäsleşigiň ýeňijilerini saýlamak üçin guramaçylyk we eminler toparlary ýerlere gidip, olaryň işlerini öwrendiler. Netijede kärendeçileriň 3-si, tokaýçylaryň hem 3-si baýrakly orunlary eýelediler. Olara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Bäsleşikde birinji orna mynasyp bolan Saýat etrabynyň «Gülüstan» daýhan birleşiginiň kärendeçi bagbany Mähriban Döwletowa, Halaç etrabynyň Lamma tokaý bölüminiň tokaýçy bagbany Güljan Nazarowa «Ussat bagban» atly hünär bäsleşiginiň ýurdumyz boýunça geçiriljek tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. «Tebigata aýawly çemeleşmek geljekki nesilleriň abadançylygy hakynda aladadyr» diýip belleýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

 

Çemengül HUDAÝBERENOWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň Agrosenagat toplumy boýunça utgaşdyryjysy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.