Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

HAZARYŇ UGLEWODOROD SERIŞDELERI — HALKLARYŇ ABADANÇYLYGYNA

2015-nji ýylda «Petronas» kompaniýasy «Magtymguly» we «Diýarbekir» ýataklarynda deňiz platformasyny ulanmaga berdi. Bu ýerde daşary ýurtlaryň iri kompaniýalarynyň desgalarynda tejribe alan hünärmenler işleýärler. Häzirki döwürde «Petronas» kompaniýasy Hazaryň türkmen ýalpaklygynda nebit çykarýan platformalaryň 4-sini işledýär.

Ýakyn geljekde kompaniýa «Garagol Deňiz» ýatagynyň günbatar böleginde buraw işlerini işjeňleşdirmegi meýilleşdirýär. Bu taslamada degişli deňiz platformasyny gurmak göz öňünde tutulýar. Şondan Gyýanly şäherçesindäki terminala turbageçiriji çekildi. Ozal bu ýerde tebigy gazy arassalaýan zawod hem-de uglewodorod çig malyny arassalaýan desga guruldy.

1998-nji ýyldan bäri kompaniýa Türkmenistanyň mekdepleriniň uçurymlary üçin halkara bilim maksatnamasyny durmuşa geçirýär. Şol uçurymlar «Petronasyň» Tehnologiýa uniwersitetinde bilim alýarlar. Bu ýokary okuw mekdebi bilim we ylmy-barlag işi üçin amatly ýagdaýy döretmek maksady bilen ýurdumyzyň Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen hem özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2016-njy ýylda Malaýziýa bolan resmi saparynyň barşynda «Petronas» kompaniýasynyň işine ýokary baha berildi, şeýle hem ýangyç-energetika toplumynyň beýleki ugurlarynyň birnäçesi boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Şu ýylyň fewral aýynyň başynda Aşgabatda «Petronas» kompaniýasynyň wise-prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Şonda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe teklipler öňe sürüldi.

«Dragon Oil» kompaniýasy hem ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna uly maýa serişdelerini goýýar. Häzirki wagtda ol «Emirates National Oil Company LLC» (ENOC) milli nebit kompaniýasy arkaly Dubaý Emirliginiň Hökümetine degişlidir. Kompaniýanyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda önümi paýlaşmak hakynda baglaşylan Ylalaşykda Hazaryň türkmen ýalpaklygyndaky «Çeleken» şertnamalaýyn çäkde nebiti we gazy özleşdirmek we çykarmak boýunça işleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

2000-nji ýyldan geçen ýylyň ortalaryna çenli «Jeýtun» we «Jygalybeg» deňiz ýataklarynyň nebitli böleklerinde 144 guýy burawlanyldy, 24 guýuda bolsa düýpli abatlaýyş işleri geçirildi. Munuň özi çykarylýan nebitiň möçberini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berdi.

«Dragon Oil» kompaniýasy deňiz ýataklaryny özleşdirmäge ABŞ-nyň 6 milliard dollaryna golaý serişdäni goýdy we maýa goýumlarynyň möçberlerini yzygiderli artdyrýar. Bu kompaniýa özüne möhüm desgalaryň birnäçesini birleşdirýän «Çeleken» şertnamalaýyn çäginiň nebitgaz düzümini kämilleşdirmek boýunça hem işleri dowam etdirýär. Mysal üçin, täze terminal guruldy, onda rezerwuarlaryň 10-sy ýerleşýär. Şolar nebiti saklamagyň kuwwatyny birnäçe esse artdyrmaga, eksport kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. «Alaja» nebit guýujy duralgada goşmaça nebit saklanylýan desgalaryň hem-de turbageçirijileriň gurulmagynyň hasabyna birbada tankerleriň ikisine ýük ýüklemek mümkinçiligi döredi.

Çykarylýan nebitiň möçberini ep-esli artdyrmak wezipesi «Dragon Oil» kompaniýasynyň tehnologik kuwwatynyň ýokarlandyrylmagy, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we iň gowy halkara önümçilik tejribesiniň özleşdirilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýataklary özleşdirmek babatdaky çözgütler takyk hasaplamalaryň esasynda kabul edilýär. Önümçiligiň iň kämil tehnologiýalary nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýär, şunda harajatlar azalýar.

«Petronas» we «Dragon Oil» kompaniýalarynyň Türkmenistandaky innowasion işi, diňe bir çig malyň çykarylyşyny artdyrmaga däl, eýsem, daşky gurşawyň goralmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýataklarda işleri meýilleşdirmegiň hem-de geçirmegiň döwrebap ISO14001 halkara standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýän ulgamy ornaşdyryldy. Deňiz platformalarynda Hazar deňziniň daşky gurşawynyň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik edilýär.

«ARETI» halkara kompaniýalar topary hem Hazar deňziniň türkmen ýalpaklygynda netijeli işleýär. Onuň merkezi edarasy Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde ýerleşýär. Bu halkara holdingi «Blok 21» çäginde önümi paýlaşmak hakynda gol çekilen Ylalaşygyň esasynda Türkmenistanda 2009-njy ýyldan bäri işleýär.

Hormatly Prezidentimiziň «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow bilen şu ýylyň 28-nji martynda bolan duşuşygynyň barşynda bu kompaniýanyň milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz we beýleki pudaklaryndaky köpýyllyk bilelikdäki işiniň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Duşuşykda «ARETI» kompaniýasynyň Hazar deňziniň türkmen bölegindäki Uzynada adasynda ýataklary özleşdirmek boýunça taslamalara gatnaşmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiziň pikirine görä, bu ýerde degişli işleriň geçirilmegi ýakyn geljekde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berer.

Hazar deňziniň nebit we gaz serişdeleriniň täze geologik bahalary olaryň 20 milliard tonna golaý şertli ýangyç bolup biljekdigini görkezdi. Şunda türkmen hünärmenleri ýalpaklykdaky uglewodorod gorlarynyň 80 göterimden gowragynyň 3 müň metrden gowrak çuňlukda ýerleşen gatlaklarda, şeýle hem az derejede öwrenilen zolaklarda jemlenendigini tassyklaýarlar. Şeýlelikde, nebitiň we gazyň täze uly ýataklaryny ýüze çykarmak mümkinçiligi döreýär. Täze mümkinçilikler, ilkinji nobatda, iri nebitgaz ýataklarynyň ikisi — Orta — Hazar hem-de Günorta — Hazar zolaklary bilen baglanyşyklydyr.

Şu ýylyň maý aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Türkmenistanyň X halkara gaz kongresinde tebigy gazyň gorlary boýunça Türkmenistanyň dünýäde dördünji orny eýeleýändigi bellenildi. Her ýyl OPEC-iň statistiki býulletenlerinde çap edilýän maglumatlara laýyklykda, ýurdumyz tebigy gazy öndürmek boýunça Ýewropada we GDA-da 3-nji orny eýeleýär. Geçen ýyl Hazarýaka döwletleriniň baştutanlary tarapyndan Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň kabul edilmegi bilen baglylykda forumda Hazar deňzinde eksport gaz geçirijilerini gurmagyň tehniki meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Foruma gatnaşyjylara Gyýanlydaky polimer zawodyna we Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna baryp görmek mümkinçiligi döredildi. Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny ösdürmegiň strategiýasy işlenip taýýarlanylýar. Hususan-da, bu toplumda täze tehnologik desgalary gurmak meýilleşdirilýär. Olaryň hatarynda dizel fraksiýalaryny we benzinleri arassalaýjy, katalitik kreking we beýleki döwrebap desgalar bar. Bu ýerde ýokary hilli tehniki ýaglary öndürýän desga hem gurlar.

Geçen ýylyň güýzünde kenar ýakasyndaky Gyýanly şäherçesinde polimer zawodynyň açylandygyny hem bellemek gerek. Bu häzirki zaman gazhimiýa toplumy «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy boýunça Koreýa Respublikasynyň «LG International Сorp.» hem-de «Hyundai Engineering» kompaniýalary tarapyndan Ýaponiýanyň «TOYO Engineering Corporation» kompaniýasynyň gatnaşmagynda guruldy. Zawodyň önümçilik kuwwatlyklary ýylda tebigy gazyň 5 milliard kub metrini gaýtadan işlemäge we şunuň hasabyna ýokary dykyzlykdaky polietileniň 386 müň tonnasyny hem-de polipropileniň 81 müň tonnasyny öndürmäge mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň arasynda şu ýylyň aprel aýynda geçirilen ýokary derejeli duşuşygyň barşynda hut şu taslama aýratyn üns berildi.

Arkadag Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde iň baý döwletleriň biri bolmak bilen özüniň tebigy baýlyklaryndan, diňe bir türkmenistanlylaryň däl, eýsem, sebitiň we tutuş dünýäniň halklarynyň bähbidine peýdalanmaga çalyşýar.

 

Jumanazar GARAJAÝEW,

«Aşgabat» gazetiniň sy­ýasy synçysy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.