Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

Ýakynda Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Oba hojalyk we Daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de «Bereketli toprak» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde yglan edilen «Ussat bagban» atly bäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyrynyň jemi jemlenildi. Oňa bagyşlanan dabaraly çäre Ak bugdaý etrabynyň Gämi Medeniýet öýünde guramaçylykly geçirildi. Bäsleşige Ahal welaýatynyň ähli etraplaryndan bagbanlar gatnaşdylar.

Bu bäsleşikde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Bugdaýly» daýhan birleşiginiň kärendeçi bagbany Ýusup Bäşimow, Gökdepe etrap Jemagat hojalygy müdirliginiň Abadanlaşdyryş bölüminiň tokaýçy bagbany Jumamuhammet Annaýew bäsleşigiň ýeňijileri boldular we döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Biz hem bu ussat bagbanlary gazanan ýeňişleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

 

Akgözel HOJALIÝEWA,

TKA-nyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.