Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TEHNIKALAR MÖWSÜME TAÝÝAR EDILDI

Daýhançylyk işinde möhüm ähmiýeti bolan pagta ýygymy we güýzlük däne ekiş möwsümi ýetip geldi. Kärendeçi daýhanlaryň ýakyn hemaýatçysy bolan oba hojalyk tehnikalaryna bu işlerde aýratyn uly orun degişlidir.

Şonuň üçin hem etrabyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynda bu möhüm möwsüme taýýarlyk işleri irki möhletde ýaýbaňlandyryldy. Iş önümçiligi ýokary bolan kuwwatly, döwrebap tehnikalaryň tapgyrlaýyn yzygiderli gelip gowuşmagy ekinlere ideg etmegiň agrotehniki çäreleriniň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmegine mümkinçilik berýär.

Hut şondan ugur alyp, pagta ýygymy möwsüminde işlejek pagta ýygýan maşynlary, güýzlük bugdaýyň ekişinde işlediljek dürli kysymly sürüm traktorlaryny, ekiji tehnikalary abatlap, pagta ýygýan kombaýnlaryň 14-si, MH-1,8 kysymly pagta ýygýan maşynlaryň 17-si, bugdaý ekijileriň 28-si, dürli kysymly sürüm traktorlarynyň 73-den gowragy möwsüme doly taýýar edildi. Bu işde dürli kärdäki ussalaryň uly topary gaýratly işlediler. Olardan Röwşen Rejepow, Myrat Hojageldiýew, Ýusup Piriýew, Nurgeldi Babaýew dagy aýratyn tapawutlandylar.

 

Parahat MENGELIÝEW,

Akdepe etrabynyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.