Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

GOWAÇANYŇ BEJERGI IŞLERI

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň «Ýagtylyk» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynda 1790 gektar ýere gowaça ekip, ondan 3030 tonna pagta hasylyny almak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Gowaçalaryň birinji we ikinji hatarara bejergileri öz wagtynda agrotehnikanyň talaplaryna laýyk derejede geçirilmeginde ussat, tejribeli mehanizatorlarymyz Ezizgeldi Geldiýew, Ýagşymyrat Nepesow dagy has-da göreldeli işlediler.

Yhlasly zähmetiň netijesinde gowaçalaryň dördünji hatarara bejergisi güýçli depginde alnyp barylýar. Idegi ýeten gowaçalar hasyl toplamagyny gün-günden artdyrýarlar.

Kärendeçiler toparynyň agzalaryndan Gurbandurdy Soltanmyradow, Maýagözel Täçnurowa, Maýsa Atajanowa dagy has-da tapawutlanyp zähmet çekýärler, olar her ýylda pagtanyň bol hasylyny kemala getirýärler. Kärendeçiler şu ýyl her gektardan 45–50 sentner hasyl almagy maksat edinýärler.

Daýhan birleşigimizde şu günler alnyp barylýan işler bolsa, 2019-njy oba hojalyk ýylynda hem hasylyň bereketli boljakdygyna güwä geçýär.

 

Oguldursun ATAÝEWA,

Görogly etrabynyň «Ýagtylyk» daýhan birleşiginiň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.