Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TANYŞDYRYŞ DABARASY

Ýakynda Boldumsaz etrap hassahanasynyň mejlisler zalynda, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Boldumsaz etrap birleşmesiniň hem-de etrap hassahanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň bilelikde guramagynda, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopediki işiniň 11-nji ki­ta­by­nyň ta­nyş­dyryş dabarasy geçirildi.

Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň okyjylara peşgeş beren täze kitabynda ýerleşdirilen dermanlyk ösümlikleriň ynsan saglygyna ýetirýän täsiri barada giňişleýin gürrüň etdiler. Mähriban Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan eserler, aýratyn-da, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltden ybarat ylmy-ensiklopediki işiniň saglygy goraýyş işgärleriniň ýankitabyna öwrülendigini uly buýsanç bilen aýtdylar.

Dabarada «Il saglygy — ýurt baý­ly­gy» di­ýen taglymaty öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

 

Ilýas ORAZBAÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Boldumsaz etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.