Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÇILIM - JANA ZULUM

Dünýäde giňden ýaýran howply keselleriň köp sanlysynyň döremegi we ösmegi çilim çekmek endigi bilen baglanyşyklydyr. Temmäki önümlerini ysgamak, çeýnemek, tüssesini demiňe çekmek arkaly yzygiderli ulanylmagy başga sebäpler bilen dörän keselleriň hem geçişini agyrlaşdyrýar. Eýsem, çilimkeşlik beden ulgamlaryna nähili täsir edýär?

Zyýanly endikleriň, şol sanda çilimkeşligiň hem saglyga ägirt uly zyýan ýetirýändigi mälimdir. Çilim çekýän adamlaryň arasynda ýürek-damar, nerw, görüş, eşidiş, dem alyş, aşgazan-içege ulgamlarynyň keselleri, howply täze döremeler şeýle endigi bolmadyk adamlara seredeniňde köp duş gelýär. Öýkeniň howply täze döremelerine duçar bolan näsaglaryň aglabasy çilimkeşlerdir. Olaryň arasynda bogazyň, agyz boşlugynyň, gyzylödegiň, aşgazanasty mäziň, böwrekleriň, peşew haltasynyň howply täze döremeleriniň ýygy duş gelýändigini ylmy maglumatlar görkezýär. Çilim adamyň diňe bir beden we ruhy saglygyna däl, eýsem, daşky keşbine-de täsir edýär. Çilim çekýän adamyň derisi wagtyndan öň ýygyrt atýar, solýar, saçlary ir agarýar, dişleri zaýalanýar, üstünden mydama ýakymsyz ys gelýär. Çilim adamyň ömrüni gysgaldýar. Çilimiň tüssesinde dört müňe golaý zäherli maddalar bolup, onuň iň işjeň düzüm bölegi nikotindir. Nikotin bedene düşenden soň, birnäçe minutyň dowamynda kelle beýnisine baryp ýetýär we adrenaliniň köp mukdarda işlenip çykarylmagyna getirýär. Netijede, ýürek urşy ýygylaşýar, arterial gan basyşy ýokarlanýar.

Çilimkeşleriň aglabasy çilim çekmäge çagalyk döwründen başlaýar. Muňa, birinjiden, zyýanly endikli uly adamlaryň çagalara ters görelde görkezmegi, ikinjiden, çaga bilesigelijiligi, çilimiň tagamyny duýmak islegi sebäp bolýar. Şoňa görä, çilimkeşlige garşy göreşmegiň esasy düzgünleri çagalary zyýanly endiklerden we olaryň netijesinden goramakdan ybaratdyr. Mysal üçin:

—çilimiň saglyga ägirt uly zyýan ýetirýändigini, sagdyn durmuş ýörelgesiniň uzak ýaşamaga ýardam edýändigini çagalara anyk we täsirli delilleriň üsti bilen düşündirmeli;

—çagalaryň bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmagyny gazanmaly. Bu babatda olara ulular görelde bolmaly;

—çagalarda gyzykly we peýdaly güýmenjelere (kitap okamak, surat çekmek, otag ösümliklerini ösdürip ýetişdirmek, kompýuter oýunlaryna güýmenmek, suwa düşmek, akwarium balyklaryny saklamak, tebigatyň gözel ýerlerine syýahat etmek) söýgi we endik döretmeli.

Çilim çekmek endigi taşlanandan soň, az wagtyň içinde bedeniň işi dikelýär, adamyň daşky görnüşi gowulanýar: dem alyş kadalaşýar, üsgülewük aýrylýar, tagam duýuş, ys alyş ukyby dikelýär, ähli beden ulgamlarynyň işi kadaly ýagdaýda dikelýär, nerwler rahatlanýar, işdä gowulanýar, arterial gan basyşy, puls, uky kadalaşýar, işe bolan ukyp ýokarlanýar, deri, saçlar, dişler sagdynlaşýar, ýakymsyz yslar aýrylýar, agyr keselleriň döremek howpy azalýar.

Magtymguly atamyz hem «Kuwwatyň kemelder, güýjüň azdyrar» ýa-da «El götergil beýle nähak talaşdan» diýip, çilimiň zyýany barada aýdyp geçipdir. Şulardan görnüşi ýaly, çilim jana ýagydyr.

 

Aksoltan Sö­ýü­no­wa,

Balkan welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň lukmany, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.