2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

Durmuş-zäh­met gat­na­şyk­lary­nyň hu­kuk esaslary

Ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň biri bolan Halkara zähmet guramasy (HZG) bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. 1919-njy ýylda döredilen Halkara zähmet guramasy şu ýyl özüniň 100 ýyllygyny belleýär. Türkmenistan 1993-nji ýylda HZG-niň agzasy bolup, onuň 8 sany esasy hem-de 1 sany tehniki Konwensiýalaryna goşuldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2019- njy ýylyň 8-nji iýunynda bolup geçen nobatdaky maslahatynda HZG-niň ýene-de bir möhüm Konwensiýasyna — «Halkara zähmet kadalaryny ulanmaga ýardam bermek boýunça üçtaraplaýyn geňeşmeler hakyndaky» 144-nji Konwensiýa goşulmak barada Türkmenistanyň Mejlisiniň karary kabul edildi.

Mälim bolşy ýaly, 144-nji Konwensiýa HZG-niň döredilmeginiň binýatlyk ýörelgelerine daýanýan halkara resminamadyr. Munuň özi halkara zähmet kadalaryny işläp taýýarlamak we ulanmak maksady bilen, üçtaraplaýyn durmuş hyzmatdaşlygynyň taraplarynyň gatnaşygyny aň­ladýar. HZG-niň kadalaryna laýyk gelýän milli derejedäki üçtaraplaýynlyk durmuş hyzmatdaşlygynda has giň durmuş-ykdysady meseleler boýunça milli medeniýeti kemala getirmäge mümkinçilik berýär.

Üçtaraplaýyn durmuş hyzmatdaşlygy 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş boýunça ählumumy gün tertibiniň ýerine ýetirilmegine hem ýardam berýär. Çünki üçtaraplaýynlyk hökümetiň, işgärleriň hem-de iş berijileriň wekilçilikli guramasynyň işjeň gatnaşygyny üpjün edýän möhüm gurallaryň biri bolup durýar. Konwensiýanyň mazmunynda agza ýurtlaryň halkara zähmet kadalary we HZG-niň işine degişli beýleki meseleler boýunça netijeli üçtaraplaýyn maslahatlaşmalary üpjün etmek barada maslahatlar beýan edilýär

Hormatly Prezidentimiz halkara hukugyň ählumumy ykrar edilen kadalaryny milli kanunçylygymyza ornaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylmalydygyny nygtaýar. Şu­ňa laýyklykda, Türkmenistanyň kanunçylygyna halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary giň­den ornaşdyrylýar. 144-nji Konwensiýanyň düzgünleriniň milli zähmet kanunçylygymyzda bardygyny bellemek gerek.

Geçen ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky maslahatynda «Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanunyň kabul edilmegi Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen iri we abraýly edarasy bolup durýan HZG-niň gollanýan resminamalarynyň biri bolan «Halkara zähmet kadalaryny ulanmaga ýardam bermek boýunça üçtaraplaýyn ge­ňeşmeler hakyndaky» 144-nji Konwensiýanyň düzgünleriniň milli kanunçylygymyza ornaşdyrylýandygyny aň­ladýar. Munuň özi HZG-niň düzgünlerine we binýatlyk ýörelgelerine ýurdumyzyň ygrarlydygyny aýdyň görkezýär.

Belläp geçişimiz ýaly, üçtaraplaýyn topar döwlet tarapyndan ýörite ygtyýarly edilen edaranyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we işgärleriň beýleki wekilçilikli guramasynyň, iş berijileriň birleşikleriniň we telekeçileriň ygtyýarly wekillerinden ybaratdyr. Bu toparyň esasy maksady, durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek we taraplaryň durmuş-ykdysady bähbitlerini sazlaşdyrmak bolup durýar.

Elbetde, üçtaraplaýyn gepleşikleri alyp barmak, Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda, baş ylalaşygy işläp düzmek we taraplaryň arasynda onuň baglaşylmagyny gazanmak, durmuş-zähmet gatnaşyklarynyň düzgünleşdirilmegine ýardam bermek, durmuş-ykdysady ösüşiň esasy ugurlary boýunça taraplaryň bähbitlerini ylalaşmak, durmuş-zähmet gatnaşyklary çygryndaky halkara resminamalaryň tassyklanylmagy we ulanylmagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça maslahatlary geçirmek hem toparyň esasy wezipeleriniň hataryna girýär.

Toparyň döwlet edarasyna wekilçilik edýän tarapynyň utgaşdyryjysy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär. Şunda döwlet edarasyna wekilçilik edýän tarapyň utgaşdyryjysy toparyň işini guraýar we onuň işinde döwlet bähbitlerine wekilçilik edýär hem-de toparyň taraplarynyň bähbitleriniň ylalaşylmagyna ýardam edýär. Toparyň döredilmegi bilen, durmuş-zähmet gatnaşyklary çygryndaky kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuknamalaryň hem-de zähmet gatnaşyklary, ilatyň iş bilen üpjünçiligi we durmuş goraglylygy çygryndaky döwlet maksatnamalarynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylmagy, kabul edilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça maslahatlary geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu bolsa zähmet gatnaşyklary, ilatyň iş bilen üpjünçiligi we durmuş goraglylygy babatynda ýüze çykýan meseleleriň oňyn çözülmegine täsirini ýetirer.

«Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda durmuş-zähmet we olar bilen baglanyşykly ykdysady gatnaşyklary düzgünleşdirmegiň umumy esaslaryny belleýän baş ylalaşygy işläp düzmegiň we baglaşmagyň tertibiniň, onuň hereket ediş möhletiniň topar tarapyndan kesgitlenýändigi bellenen. Häzirki wagtda baş ylalaşyk Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň arasynda 3 ýyl möhlet bilen baglaşylýar. Onda baş ylalaşygyň maksatlary we wezipeleri, taraplaryň öz üstüne alýan borçlary, şeýle hem zähmet gatnaşyklary, zähmeti goramak we zähmetiň howpsuzlygy, durmuş goraglylygy, raýatlaryň zähmet haky, durmuş derejesi babatynda taraplaryň alyp barýan işleri barada beýan edilýär.

Umuman, şu Kanunyň kadalary mundan beýläk-de zähmet, iş bilen üpjünçilik, durmuş goraglylygy çygrynda ýüze çykýan meseleleri düzgünleşdirmekde üçtaraplaýyn gepleşikleri alyp barmakda uly ähmiýete eýe bolar. Munuň özi Halkara zähmet guramasynyň ýörelgelerine laýyklykda, milli ykdysadyýetimizde mynasyp zähmetiň üpjün edilmeginde hem-de durmuş adalatlylygynyň berkidilmeginde oňyn şertleri döreder. Üçtaraplaýyn durmuş hyzmatdaşlygynda gazanylýan üstünlikler hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymata ýugrulan durmuş syýasatyny täze rowaçlyklara ýetirýär.

 

Maral ÝAÝ­LY­ÝE­WA,

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň usulyýet müdirliginiň başlygy.

 

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.