2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

ASYLLY IŞLERE GOŞANT GOŞMALY

Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­lary­nyň Ahal we­la­ýat bir­leş­me­si­niň eda­ra jaýyn­da mas­la­hat ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň we­la­ýat, şä­her we et­rap bir­leş­me­le­ri­niň baş­lyk­la­ry­nyň we hü­när­men­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­rilen mas­la­hat jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň öňün­de dur­ýan we­zi­pe­ler, raýatlaryň arasyn­da gu­ral­ýan wa­gyz-ne­si­hat çä­re­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak hem-de Kärdeş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň il­kin­ji gu­ra­ma­lary­nyň işi­ni döw­rüň ru­hu­na laýyklykda alyp bar­mak bo­ýun­ça öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­re ba­gyş­lan­dy.

Mas­la­ha­ty Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler arka­la­şyk­la­ry­nyň Ahal we­la­ýat bir­leş­me­si­niň baş­ly­gy, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­ta­ty Baý­ram­sol­tan My­ra­do­wa alyp bar­mak bi­len, gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zi­len me­se­le­ler dog­ru­synda çy­kyş et­di. Ol çy­ky­şy­nyň barşynda galla ora­gy­nyň dep­gin­li do­wam ed­ýän şu günler­de möw­sü­me gat­naş­ýan zäh­met­keş­le­riň ar­ma­sy­ny ýe­tir­mek we öň­de­ba­ry­jy­la­ry höwes­len­dir­mek bi­len baglany­şyk­ly iş­de kärdeş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň öňün­de dur­ýan wezipelere ün­si çek­di. Onuň bel­leý­şi ýa­ly, gal­la ora­gy­nyň ýit­gi­siz al­nyp barylmagyn­da we gys­ga wagt­da ta­mam­lan­ma­gyn­da hö­wes­len­di­riş çä­re­le­ri­niň ähmiýe­ti ulu­dyr. Şo­ňa gö­rä-de, gal­la­çy­la­ryň ara­syn­da yglan edil­ýän on­gün­lük zähmet bäs­le­şik­le­rini möw­sü­miň ahy­ry­na çen­li ge­çir­mek, öň­de­bary­jy­la­ry ýü­ze çykar­mak we hö­wes­len­dir­mek mö­hüm­dir.

Mas­la­ha­tyň bar­şyn­da ça­ga­lar dynç alyş we sa­gal­dyş mer­kez­le­rin­de bol­ýan mekdep okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da gy­zyk­ly çä­rele­ri yzy­gi­der­li gu­ra­ma­gyň ýol­la­ry ha­kyn­da hem söh­bet açyl­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki gün­ler­de we­la­ýa­ty­my­zyň mek­dep okuwçyla­ry­nyň ag­la­ba­sy Ka­ka et­ra­by­nyň Hy­waabat jül­ge­sin­dä­ki “Ýa­şyl ýaý­la”, Gök­de­re jül­ge­sin­dä­ki “Be­ýik Ser­da­ryň ru­hu­be­lent ne­sil­le­ri”, “Bag­ty­ýar ne­sil­ler” çaga­lar dynç alyş-sa­gal­dyş mer­kez­le­rin­de, şeý­le-de Haza­ryň ke­na­ryn­da­ky “Ahal” dynç alyş-sagal­dyş mer­ke­zin­de dynç alyp, sag­ly­gy­ny ber­kid­ýär. Şol ça­ga­la­ryň arasyn­da dür­li maz­mun­ly çä­re­ler, şol san­da bäs­le­şik­ler gu­ral­ýar we ta­pa­wut­la­nan­lar Türk­me­nista­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň we­la­ýat, şä­her, et­rap bir­leş­me­le­ri tarapyn­dan höwes­len­di­ril­ýär.

Tä­sir­li ge­çen mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar Berka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­my­zyň ösüş­le­ri­ne go­şant goş­ma­ga we dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­mä­ge dö­red­ýän giň müm­kin­çi­lik­leri üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň ady­na al­kyş söz­le­ri­ni aýt­dy­lar.

 

Dilraba HOJAGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň bölüm müdiri.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.