2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

Zähmetkeşleriň armasy ýetirildi

Ba­ba­daý­han­la­ryň tu­tan­ýer­li zäh­me­ti ne­ti­je­sinde ke­ma­la ge­ti­ri­len be­re­ket­li dä­nä­niň bol ha­syly­ny ýit­gi­siz ýyg­na­mak, bu mö­hüm we jo­gap­kär­li möw­sü­mi gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mä­ge ýar­dam etmek mak­sa­dy bi­len, Bä­her­den et­rap hä­kim­li­giniň, TMÝG-niň et­rap Ge­ňe­şi­niň Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyklarynyň et­rap bir­leş­me­si­niň, TDP-niň et­rap ko­mi­te­ti­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Ag­rar par­ti­ýa­sy­nyň et­rap ko­mi­te­ti­niň hem-de et­rap mede­ni­ýet bö­lü­mi­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da et­ra­byň «Zäh­met» daýhan bir­le­şi­gi­niň meý­dan dü­şel­gesin­de aý­dym-saz­ly da­ba­ra ge­çi­ril­di.

Da­ba­ra­da gal­la ora­gy­na gat­naş­ýan zäh­metkeş­le­riň ar­ma­sy ýe­ti­ril­di. Ol ýer­de ýaňlanan be­lent ru­ha bes­le­nen joş­gun­ly aý­dym-saz­lar, tans çy­kyşla­ry gal­la­çy­la­ra ruhy lezzet eçildi. Da­ba­ra­nyň ahyryn­da dä­ne ora­gyn­da ta­pa­wut­lan­ýan kombaýnçylaryň, sü­rü­ji­le­riň, kä­ren­de­çi­le­riň uly to­pa­ry­na et­ra­byň jem­gy­ýet­çi­lik gura­ma­la­ry ta­ra­pyn­dan ýady­gär­lik sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy.

 

Muhammet DURDYÝEW,

TMÝG-niň Bäherden etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.