2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

ÇILIK BOÝUNÇA BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

Türkmen halky milli mirasymyza, ruhy we maddy baýlyklarymyza, şeýle hem hereketli milli oýunlarymyza uly üns beripdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Milli oýunlarymyzyň her biriniň geçirilişini-de buýsanç bilen beýan etmek mümkin. Ýöne gürrüňi uzaldyp oturman, ýüzlerçe halk oýunlarynyň has meşhurlarynyň: «Keçekeçe», «Düzzüm», «Içýanagzy», «Aşyratdy», «Üçböküm», «Takylatdy», «Lukur», «Peçiz», «Bäş daş», «Çilik-hekgal», «Bukuldym», «Çürrük kesdi», «Eşek mündi», «Geýim basyrdy», «Telpek goýdy», «Taýak dikdi» ýaly oýunlaryň atlaryny sanap geçsek ýeterlikdir. Bu oýunlar hem ynsanda iň gowy gylyk-häsiýetleri, parasatlylygy we synçylygy terbiýelemäge ýardam edýärler. Olar geçmişde hem, biziň günlerimizde hem halkymyzyň medeniýetli dynç almagy başarandygyna, adama uly hormat goýmagy ýörelge edinendigine güwä geçýär» diýip belleýär.

Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi özüniň ajaýyplygy bilen dowam edýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde çagalarda milli mirasymyza, hereketli oýunlarymyza uly höwes döredilýär. Bu ugurda dürli çäreler, bäsleşikler geçirilýär.

Ýakynda Gökderedäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda «Çilik» milli oýny boýunça merkezara ýaryş geçirildi. Onuň dabaraly açylyşynda çagalar folklor toparynyň milli çilik oýnuny wasp edýän sahna çykyşlary, aýdym-sazlar tomaşaçylaryň göwünlerini galkyndyrdy, çagalara gyzykly dynç almaklary, ýaryşda öňdäki orunlara eýe bolmaklary arzuw edildi.

Dabaradan soňra toparlaryň bije çekmegi bilen ýaryşa badalga berildi. Eminiň jürlewük çalmagy bilen ýaryşyň ilkinji oýny başlanýar. Ýeri gelende bellesek, merkezlerde ilkinji gezek geçirilen bu ýaryşyň çäginde milli oýunlarymyzyň beýleki görnüşleri, el işleri, döredijilik, surat çekmek boýunça hem görkezme çykyşlaryna giň orun berildi.

Toparlaryň arasyndaky ýiti bäsleşik çilik oýnunyň ýaşlaryň arasynda aýratyn gyzyklanma döredýändigini aňladýar. Bu oýna tomaşaçy hökmünde daşyndan synlamagyň özi hem bir lezzet. Oýnuň düzgünine görä, bir topar goranýar, beýleki topar bolsa hüjüm edýär, oýunçylaryň maksady merkezde ýerleşýän halka topy geçirmekdir. Emin agzalarynyň adalatly baha bermegi bilen, ähli duşuşyklardan soňra ýeňijiler belli edildi.

Ökde, ezber oýunçylaryň topary birinji orna mynasyp boldy. Ol Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkeziniň toparydyr. Ikinji we üçünji orunlary, degişlilikde «Şöhle» hem-de «Nesil» merkezleriniň toparlary eýelediler. Ýeňijilere ýaryşy guraýjylar tarapyndan Hormat haty we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Serdar ATAÝEW,

«Mugallymlar gazeti».

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.