2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna

Mähriban halkym!
Berkarar döwletimiziň bagtyýar körpeleri!

Sizi güneşli tomus paslynyň nurana günlerinde giňden bellenýän Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu halkara baýrama bagyşlanan aýdym-sazly dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň mähriban halkymyzyň, aýratyn hem bagtyýar körpelerimiziň ýadynda ýakymly ýatlamalary galdyryp, bagtly çagalygyň Diýaryna öwrülen eziz Watanymyza buýsanjymyzy has artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Gözlerimiziň guwanjy, göwünlerimiziň buýsanjy bolan bagtyýar çagalar berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek nesillerimizdir. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda hem asylly däbimize eýerip, Çagalary goramagyň halkara gününi Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri baradaky esasy kadalaryna ygrarlydygymyzy, geljegimiz bolan ýaş nesillerimiz barada yzygiderli alada edýändigimizi alamatlandyrýan baýram hökmünde ýokary ruhubelentlik bilen giňden belleýäris. Aşgabat şäherinde we tutuş ýurt möçberinde bu halkara baýramyň ähmiýetini has-da artdyrýan, parahatçylyk söýüjiligimizi, dostlugymyzy, agzybirligimizi pugtalandyrýan, milli däplerimizi rowaçlandyrýan aýdym-sazly medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirýäris. Gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjeklerine öwrülen Gökderede, at-owazasy dünýä ýaň salýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki künjeklerindäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde aýdym-sazly dabaralara, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlara badalga berýäris.

Baýramçylyk dabaralarynda bagtyýar nesillerimiziň päkize çaga kalplaryndan joşup çykýan, çäksiz mähir-muhabbete ýugrulan şirin owazly, çeper sözli, joşgunly aýdym-sazly çykyşlary ýakymly täsirleri galdyrýar. Dünýämizi gözellige tarap özgerdýän mähirli, şadyýan, göwnaçyk nesillerimiziň ajaýyp Watanymyza, keremli topragymyza, joşgunly zähmet çekýän merdana halkymyza bolan beýik söýgüsi bizi çäksiz guwandyrýar we buýsandyrýar.

Mähriban watandaşlar!

Biziň halkymyz pähim-parasatly, sagdyn bedenli, arassa ahlakly, edep-ekramly, kesp-hünärli nesilleri terbiýelemekde kämil ýörelgeleri, öwüt-ündewleri, maşgala gymmatlyklaryny döredipdir. Asyrlaryň dowamynda nesillerden-nesillere geçirilip gelnen bu gymmatly miras Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli terbiýäniň binýady bolup hyzmat edýär. Biz ata-babalarymyzyň «Çaga — ömrüň dowamy», «Çaga — gol-ganatyň», «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan», «Aklyň bahasy bolmaz, terbiýäniň — çägi» ýaly parasatly ýörelgelerinden ugur alyp, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri — ajaýyp gylyk-häsiýetli, ak ýürekli, belent ahlakly, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýelemäge uly üns berýäris.

Ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýan Garaşsyz Watanymyzda halkara kadalara, ynsanperwer däplere esaslanýan syýasatymyzy üstünlikli amala aşyryp, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde döwrebap çagalar baglaryny, mekdepleri, bedenterbiýe-sagaldyş, seýilgäh-dynç alyş toplumlaryny gurup, çagalarymyzyň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösüşini üpjün edýäris.

Geljegimiz bolan mähriban çagalar!

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Müňýyllygyň Durnukly ösüş maksatlaryny yzygiderli hem-de üstünlikli amala aşyrýan döwletdir. Biz dünýä bileleşigi, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde çagalaryň saglygyny, hukugyny goramak, olara adamzadyň ahlak-demokratik kadalary esasynda bilim-terbiýe bermek, zenanlaryň hem-de çagalaryň bähbitlerini we hukuklaryny goramak ugrunda netijeli hyzmatdaşlyk etmäge we tagallalary birleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýäris.

Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz döwletimiz bu ugurda binýatlaýyn halkara hukuk resminamalarynyň birnäçesine, şol sanda Çagalaryň ýaşaýşyny, goraglylygyny we ösüşini üpjün etmek boýunça Bütindünýä Jarnamasyna, Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna goşuldy. Türkmenistan 2018 — 2020-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň hem-de 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasynyň agzasy hökmünde çagalaryň saglygyny goramak, olara ýokary hilli bilim bermek, geljekki nesilleri durmuş taýdan goramak babatda netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Mundan başga-da, sagdyn durmuş kadalarynyň wagyz edilmegine gönükdirilen bilelikdäki taslamalar amala aşyrylýar, okuw maslahatlary, duşuşyklar geçirilýär. Bularyň ählisi Garaşsyz döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Müňýyllygyň Durnukly ösüş boýunça maksatlaryna ýetmäge we ählumumy abadançylygyň gazanylmagyna gönükdirilen wezipeleri çözmäge örän jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär.

Biz mähriban çagalarymyzy beden we ruhy taýdan sagdyn, ylymly-bilimli adamlar edip ýetişdirmek üçin hemişe alada ederis.

Mähriban halkym!
Berkarar döwletimiziň bagtyýar körpeleri!

Sizi Çagalary goramagyň halkara güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz çagalarymyza bolsa, okuwda hem-de durmuşda uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

 

TDH

http://tdh.gov.tm/news/tm/articles.aspx&article18275&cat23

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.