2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

ÝAGTY ERTIRIŇ GORAGYNDA

1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Berkarar döwletimiziň bagtyýar körpeleri Türkmenistan döwletimiziň at-abraýyny has-da belende galdyrjak merdana nesillerimiz, eziz Watanymyzyň gül-gunçalary, beýik geljegimizdir.

Asu­da­ly­gyň, pa­ra­hat­çy­lygyň mer­ke­zi bo­lan eziz Di­ýary­myz­da nu­ra­na gel­je­gi­mi­ziň eýe­le­ri bo­lan ça­ga­lar aý­ra­tyn söý­gi, döw­let de­re­je­sin­de uly üns-ala­da bi­len gurşalýar. Hal­ky­myz gel­jek ne­sil­le­riň be­den we ru­hy taý­dan sagdyn­ly­gy­na, edep-ekramyna, pä­him-paý­ha­sy­na uly äh­miýet ber­ýär. Ösen aň-bi­lim­li, sag­dyn be­den­li, eziz Watany­my­zyň at-ab­ra­ýy­ny, şan-şöh­ra­ty­ny ar­şa gö­ter­jek ne­sille­ri­miz bi­ziň guwan­jy­myz­dyr. Ýur­du­myz­da her ýy­lyň 1-nji iýu­nyn­da Ça­ga­la­ry go­ra­magyň hal­ka­ra gü­ni döw­let dere­je­sin­de giň­den bel­le­nil­ýär.

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­tarap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz dün­ýä döw­let­le­ri, iri hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry bi­len dürli ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýokarlandyr­ma­ga, çuň­laş­dyr­ma­ga hem-de giňelt­mä­ge aý­ra­tyn üns ber­ýär. Ýurdumyz çagalaryň sag­ly­gyny, hu­ku­gy­ny go­ra­mak, ola­ra ah­lak-de­mok­ra­tik ýörelge­ler esa­syn­da bilim-ter­bi­ýe ber­mek, ene­le­riň hem-de ça­ga­la­ryň bäh­bit­le­ri­ni we hu­kuk­la­ry­ny goramak ug­run­da BMG-niň Ça­ga­lar gaz­na­sy bi­len ne­ti­je­li hyzmatdaş­lyk ed­ýär. Şeý­le hem ýur­du­myz Ça­ga­la­ryň ýa­şaý­şy­ny, go­rag­lyly­gy­ny we ösü­şi­ni üp­jün et­mek boýunça Bü­tin­dün­ýä Jar­nama­sy­na, BMG-niň Ça­ga­nyň hukukla­ry ha­kyn­da Konwensiýa­sy­na, Ça­ga­la­ryň hal­ka­ra de­re­je­de ogur­lan­ma­gy­nyň ra­ýat jä­het­le­ri boýun­ça Gaaga Kon­wen­si­ýa­sy­na go­şul­dy. Türk­me­nis­tan döwletimiziň 2018 — 2020-nji ýyl­lar üçin BMG-niň Ça­ga­lar gaz­na­sy­nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ge­ňe­şi­ne hem-de 2018 — 2022-nji ýyl­lar üçin BMG-niň Ze­nan­la­ryň sta­tusy bo­ýun­ça ko­mis­si­ýa­sy­na saý­lan­ma­gy Türkme­nis­ta­nyň hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­dä­ki ornunyň uly yk­ra­ra eýe bol­ýan­dy­gy­na we bar­ha pug­ta­lan­ýan­dy­gy­na aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.

Türk­me­nis­tan Wa­ta­nymyz­da ça­ga­ny ene süý­di bilen iý­mit­len­dir­mek we ga­nazly­ga gar­şy gö­reş­mek çä­re­le­ri iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýo­kary ba­ha­sy­na my­na­syp bol­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ta­gal­la­sy bi­len, paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da, we­la­ýat merkezle­rin­de hä­zir­ki za­man en­jamla­ry, mul­ti­me­dia we okuw-teh­ni­ki se­riş­de­le­ri bilen do­ly üp­jün edi­len ça­ga­lar bag­la­ry, mek­dep­ler, sport mer­kez­le­ri, ene­le­ri­mi­ze we körpe­le­ri­mize ýö­ri­te­leş­di­ri­len sag­ly­gy go­ra­ýyş hyz­mat­la­ry­ny ama­la aşyr­ýan «Ene mäh­ri» sag­lyk mer­kez­le­ri, Kö­pet­da­gyň sergin jül­ge­le­rin­de we «Awa­za» mil­li sy­ýa­hatçylyk zo­la­gyn­da ça­ga­lar sa­gal­dyş we dynç alyş mer­kez­le­ri gur­lup ulanylmaga berildi. Mäh­ri­ban Di­ýa­ry­my­zyň bi­lim ul­ga­my­ny hil taý­dan kämilleşdirmek, beden taýdan sag­dyn hem-de giň göz­ýetim­li ýaş nes­li ter­bi­ýe­le­mek hor­mat­ly Prezidentimiziň üstün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tutul­ýan ugurla­ry­nyň biri bolup, ýur­du­myz­da mek­dep ýa­şy­na çen­li we mek­dep bi­lim ulgamyn­da üç di­li öwretmek işi hem üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, türk­men döw­le­ti ça­ga­ly­gy ada­myň öm­rü­niň mö­hüm döwri hök­mün­de yk­rar ed­ýär we çagalary jem­gy­ýeti­miz­de do­ly de­re­je­li dur­mu­şa taý­ýar­la­ma­gy, olarda dö­re­di­ji­lik işjeňligi­ni ös­dür­me­gi, ýo­ka­ry ah­lak hä­si­ýet­le­ri­ni, wa­tan­çylyk we ra­ýat­lyk duýgulary­ny terbi­ýe­le­me­gi ile­ri tu­tul­ýan wezi­pe­ler hök­mün­de kes­git­le­ýär. Her ýylda se­kiz we on­dan köp ça­ga­ny dün­ýä in­de­ren hem-de ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­di­ren ene­le­re Türk­me­nis­ta­nyň «Ene mähri» di­ýen hor­mat­ly at da­kyl­ýar. Aş­ga­bat şäherinde, gö­zel te­bi­ga­ty­my­zyň aja­ýyp kün­je­gine öw­rü­len Gök­de­re­de, gö­re­ni haýrana galdyr­ýan «Awa­za» mil­li syýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da, we­la­ýat­la­ry­myz­da­ky döw­re­bap ça­ga­lar sagal­dyş merkezlerinde to­mus­ky dynç alyş möw­sümi­ne ba­dal­ga be­ril­ýär.

Ça­ga­la­ry go­ra­ma­gyň hal­kara gü­ni my­na­sy­bet­li mäh­ri­ban Wa­ta­ny­myz­da ýaýbaňlandyry­lan baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri kör­pe­le­re ýat­dan çyk­ma­jak şat­lyk­ly duýgula­ry peş­geş ber­mek bi­len bir ha­tar­da Wata­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-de okgunly ösü­şi­niň aja­ýyp gel­jegi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar.

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bagty­ýar­lyk döw­rün­de ýa­şa­ýan kör­pe­le­ri­mi­zi Ça­ga­la­ry gorama­gyň hal­ka­ra gü­ni bi­len tüýs ýü­re­gi­miz­den gut­la­ýa­rys! Ola­ryň yh­las­ly okap, öwrenip, gel­jek­de eziz Wa­ta­ny­my­zyň at-ab­ra­ýy­ny ar­şa gö­ter­jek mer­dana ogul­lar, nura­na gyz­lar bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri­ni ar­zuw ed­ýä­ris!

Ne­sil­le­ri­mi­ze bagt­ly çaga­lyk döw­rü­ni peş­geş be­ren Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň jany­nyň sag, öm­rü­niň uzak bol­ma­gy­ny, döw­let äh­mi­ýet­li, umu­ma­dam­zat bäh­bit­li beýik iş­le­ri­niň ro­waç­lyk­la­ra bes­lenme­gi­ni ar­zuw ed­ýä­ris!

 

Ogulsoltan IŞIMOWA,

Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.