2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

BALKAN SPORT TÄZELIKLERI

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň ХХ milli sport oýunlarynyň Türkmenbaşy şäher tapgyry geçirilip, türgenler düzzüm, küşt, ýaglyga towusmak, türkmen milli göreşi boýunça güýç synanyşdylar.

Milli oýunlar boýunça bäsleşiklerde Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň, Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Awaza etrap jemagat hojalygy müdirliginiň toparlary has tapawutlandylar. Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplary düzzüm, ýaglyga towusmak , milli göreş boýunça ýaryşlarda öňdeligi elden bermediler. Ýylylyk elektrik merkeziniň, Halkara deňiz portunyň küştçüleri hem şowly çykyş etdiler. Gyzykly geçen ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolanlara Kärdeşler arkalaşyklarynyň şäher birleşmesiniň Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

* * *

Esenguly etrap sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilen Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň bilelikde edara-kärhanalarda zähmet çekýän aýal-gyzlaryň arasynda sportuň şaşka görnüşi boýunça guran ýaryşy çekeleşikli häsiýete eýe bolup, onda ökdeler öňe saýlandylar. Etrap elektrik aragatnaşyk ulgamynyň işgäri Amansoltan Aşyrtuwak gyzy birinji, etrap merkezindäki 1-nji orta mekdebiň mugallymy Akgül Mämmettuwakowa ikinji orunlary eýelediler.

* * *

Etrabyň sport mekdebinde tälim alýan toparlaryň arasynda milli göreş boýunça guralan ýaryş hem täsirliligi bilen tapawutlandy. Etrap sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilen TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guran ýaryşynda Ýusup Taýlyýewiň tälim berýän «Miras» toparynyň, Toýnazar Tuwakowyň ýolbaşçylygyndaky «Ýaşlyk» toparynyň türgenleri tapawutlanyp, degişlilikde birinji, ikinji orunlara mynasyp boldular.

 

Arazgeldi GURBANÝAZOW.

«Balkan» gazeti.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.