2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

ÝAŞLARY SPORTA ÇEKÝÄRIS

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan üstünlikler, amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işler, iri möçberli özgertmeler netijesinde, eziz Watanymyz ykdysady we medeni taýdan kuwwatly döwlete öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem­de ösdürmegiň 2011 — 2020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» hem­de «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda 2015­nji ýylyň 17­nji iýulynda gol çeken Kararyny durmuşa geçirmek barada ýörelgelerinden ugur alyp, köpugurly sport dünýäsinde ýurdumyzyň at­abraýyny artdyrmak, bedenterbiýe, sagaldyş hereketini wagyz etmek, aýratyn­da, ýaşlary sport bilen meşgullanmaga işjeň çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň XX Milli sport oýunlarynyň Magtymguly etrap tapgyry guramaçylykly we gyzykly geçirildi. Ýaryşda öňe saýlananlara Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Ýeňijiler bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

 

Gurbanmämmet AMANOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Magtymguly etrap birleşmesiniň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.