2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

ÝAŞLARA ÖWÜT-ÜNDEW EDILDI

Bäherden etrabynyň çägindäki «Ýyly suw» şypahanasynyň mejlisler jaýynda etrabyň edara-kärhanalarynyň zähmetkeşleriniň hem-de mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Sagdyn ýaşlar — Watanymyzyň daýanjy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. TMÝG-niň etrap Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, etrap Polisiýa bölüminiň, etrap prokuraturasynyň, etrap kazyýetiniň bilelikde guramagynda geçen maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, zähmetsöýer, berk bedenli we sagdyn ruhly bolup ýetişmegi ugrunda edýän tagallalary barada söhbet etdiler. Onda ýaşlara kanunçylygy düşündirmek, watançylyk ruhunda terbiýelemek babatdaky işleriň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz ýaş nesli ýaramaz endiklerden gorap saklamak, olaryň beden taýdan sagdyn, ahlak taýdan arassa nesiller bolup ýetişmekleri barada uly tagalla edýär. Şu maksat bilen zyýanly endikleri jemgyýetimizden aýyrmak bilen bagly netijeli çäreler alnyp barylýar. Duşuşyga gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň gülläp ösmegi, agzybir türkmen halkynyň sagdyn, kämil jemgyýetde ýaşamagy ugrundaky tagallalaryna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Muhammet DURDYÝEW,

TMÝG-niň Bäherden etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.