2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

ZENAN SARPASY

Öňňin Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly mynasybetli Ahal welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda  Rowaçlyga beslenen Watanyň buýsançly zenanlary» atly maslahat geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, rowaçlyklary, ýeten belent sepgitleri «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda halkymyzyň mähriban Prezidentimize bolan buýsanjyny, hormat sarpasyny has-da belende galdyrýar.

Golaýda Bahreýn Patyşasynyň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde iki halkyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkemegine ýardam berjek birnäçe resminamalara gol çekildi. Şol resminamalaryň içinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň hökümetiniň arasynda zenanlaryň işleri babatda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Bu resminama gol çekilmegi zenanlara goýulýan belent sarpadan nyşan bolup durýar.

Ähtnama 6 maddadan ybarat bolup, iki ýurduň zenanlarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak, maglumatlar bilen alyş-çalyş etmek, zenanlar guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we bilelikde çäreleri gurnamagy we geçirmegi ýola goýmak ýaly wezipeleri öz üstüne alýar. Maslahatada bu Ähtnamanyň ähmiýeti dogrusyndaky gürrüňe aýratyn üns çekildi.

Maslahatda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Baýramsoltan Myradowanyň, Ahal welaýat kitaphanasynyň müdiri Gurbangözel Muhammedowanyň, Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýiniň ylmy usulyýet we muzeý işleri boýunça jemleýji bölüminiň hünärmeni, Şemşat Annaberdiýewanyň we beýlekileriň eden çykyşlary uly täsirleri döretdi.

Bellenilişi ýaly, ýaşaýşyň gözelligi hasaplanýan zenanlarymyzyň netijeli zähmet çekmekleri, bilim alyp, öz saýlap alan hünärleri boýunça ýokary şertlerde işlemegi, ýurdumyzyň ösüş-özgertmelerine goşant goşmagy ugrunda döredilýän şertler ata Watanymyzda zenan mertebesiniň belentde tutulýandygyna doly şaýatlyk edýär.

Maslahatda ene-mamalarymyzdan gelýän asylly däp-dessurlar, urp-adatlar, ýol-ýörelgeler barada aýdyldy, taryhy taýdan kemala gelen ruhy-medeni umumylyk bilen baglanyşykly iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň özboluşly köprüsi bolan ynsanperwerlik hyzmatdaşlygyna uly üns berilýändigi nygtaldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar edilen çykyşlary el çarpyşmalar bilen gyzgyn goldadylar, şeýle-de zenan mertebesini belende göterýän we halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan Arkadag Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Aýjahan MÜLKIÝEWA,

ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.