2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

YLYM WE BILIM IŞGÄRLERINIŇ KÄRDEŞLER ARKALAŞYGYNYŇ OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, ýurdumyzyň her bir güni beýik ösüşlere beslenýär. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda zähmet çekýän raýatlaryň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak, olaryň döwrebap dynç almaklary üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi zähmetkeşleri täze üstünliklere ruhlandyrýar. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýerine ýetirýän işlerinde, geçirýän okuw maslahatlarynda, köpçülikleýin medeni çärelerinde aýdyň göz ýetirmek bolýar.

25­nji martda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde, Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň guramagynda, «Bagtyýarlyk döwründe kärdeşler arkalaşyklarynyň döwrebap wezipeleri» atly okuw maslahatyna badalga berildi.

Bu maslahata ýurdumyzyň ähli künjeginden gelen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň ýolbaşçylary we işjeňleri, gaznaçylary, derňew toparynyň agzalary gatnaşdylar.

Maslahatda zähmetkeşleriň zähmet şertlerini gowulandyrmak, ilatyň zähmetini we saglygyny goramak babatda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň tertipnamasyndan gelip çykýan esasy borçlary ýerine ýetirmek ugrunda durmuşa geçirilýän işler barada durlup geçildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň sebit birleşmelerinde we ilkinji guramalarynda alnyp barylýan derňew işleri barada maglumatlar, ýöredilýän hasabatlar we beýleki iş resminamalary barada sowal-jogap alyşyldy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň tertipnamalaýyn işiniň möhüm bölegi, maliýe ykdysady we hojalyk işlerinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň bitewi maliýe syýasatynyň ýerine ýetirilişi, býujet serişdeleriniň ulanylyşynyň kämilleşdirilişi barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle hem zähmeti goramak, tehniki we ekologiki howpsuzlyk, önümçilikde arassaçylyk kadalaryna esaslanyp, işleriň yzygiderli ýöredilmegi barada aýdylyp geçildi.

Maslahatyň dowamynda ajaýyp zamanany halkymyza bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözleri beýan edildi.

 

Jeren ATAÝEWA,

ýörite habarçymyz.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.