2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

HABARLAR

Golaýda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň hünärler kämilleşdiriş bölüminde şu ýyldaky okuwlaryň ilkinji tapgyry tamamlandy. Onda «Döwletabatgazçykaryş» çykaryjy müdirliginiň gaz çykaryjy operatorlarynyň, ýük-ýüklemek we düşürmek boýunça daňyjy-berkidijileriniň. nasos enjamlarynyň maşinistleriniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň gaz paýlaýjy  stansiýalarynyň operatorlarynyň, Gazlaşdyrmak boýunça gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň polietilen gaz geçiriji turbalary sepleýji-kebşirleýjileriniň, Gazy gaýtadan işleýiş müdirliginiň sorujy desganyň maşinistleriniň hem-de tehnologik desgalaryň bejeriji slesarlarynyň 60-a golaýy öz hünarini kämilleşdirdiler.

Bu hünärmenler kämilleşdiriş okuw tejribeliklerini özleriniň zähmet çekýän edara- kärhanalarynda geçerler. Şondan  soňra olara degişli şahadatnama gowşurylar.

 

Öz habarçymyz.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.