2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

DOKMAÇY ZENANLARYŇ DÖWRESINDE

Düýn paýtagtymyzdaky Ruhabat dokma toplumynda geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň çeper elli zenanlary» atly bäsleşik ýurdumyzyň dokma toplumynyň beýik ösüşleriň ýolundadygyny ýene bir ýola bütin aýdyňlygy bilen görkezdi. Halkara Zenanlar güni mynasybetli geçirilen bäsleşigi Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Dokma senagaty ministrligi bilelikde guradylar. Bäsleşik üç şertden ybarat bolup, onda Aşgabat şäherinden hem ýurdumyzyň welaýatlaryndan deslapky tapgyrlaryň ýeňijisi bolan tikinçi zenanlar özara bäsleşdiler. Bäsleşigiň birinji şertine görä, çeper elli zenanlar özleri bilen tanyşdyrdylar. Ikinji şerte görä, tikinçiler önümleriň ülňüleri, biçüw aýratynlyklary hakda gürrüň etdiler. Bäsleşigiň üçünji, jemleýji şertinde ezber elli tikinçiler özleriniň taýýarlan önümlerini mahabatlandyryp çykyş etdiler.

Ýörite eminler toparynyň agzalarynyň biragyzdan gelen netijesine görä, baş baýraga Aşgabadyň Türkmenbaşy dokma toplumynyň, birinji orna Türkmenabadyň tikin fabriginiň, ikinji orna Daşoguzyň «Çeper» tikin fabriginiň, üçünji orna Gökdepäniň Atamyrat Nyýazow adyndaky dokma toplumynyň, höweslendiriji baýraklara Marynyň «Ýeňiş» tikin fabriginiň, Magtymguly etrabynýň Gurbansoltan eje adyndaky tikin we aýakgap fabriginiň ezber elli zenanlary mynasyp boldular. Olara bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Aýjemal OMAROWA,

«Türkmenistan» gazeti.

 

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.