2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

BAŞ ÝÖRELGE-DOST-DOGANLYK

Garaşsyz Watanymyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli welaýat kitaphanasynda baýramçylyk maslahaty geçirildi, Oňa goňşy döwletleriň welaýatymyzdaky baş konsulluklarynyň wekilleri, welaýat häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň ýolbaşçylarydyr agzalary, edara-kärhanalaryň, işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Kitaphananyň girelgesinde Mary şäher çagalar çeperçilik  mekdebiniň ýaş suratkeşleriniň çeken suratlaryndan, kitaplardan  guralan sergi maslahata gatnaşanlarda täsir galdyrdy. Şeýle-de, welaýat birleşen bagşylar toparynyň ýerine ýetiren «Arkadag» diýen aýdymy, Mollanepes adyndaky welaýat çagalar sungat mekdebiniň skripkaçylar toparynyň çalan sazlary çärä gatnaşanlaryň ruhuny göterdi.  Çärä gatnaşan myhmanlaryň türkmen myhmansöýerligine eýerilip, duz-çörekli garşylanmagy ýakymly boldy.

Hünär baýramçylygyna bagyşlanan maslahaty welaýat häkiminiň orunbasary Mährijemal Mämmedowa alyp bardy we maslahata gatnaşyjylary diplomatik işgärleriň baýramy bilen gutlady. Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Marydaky baş konsuly Alyreza Rajaýi hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Marydaky baş konsuly Arsala Nasratullah, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Mary welaýaty boýunça wekilhanasynyň ýolbaşçysy Gadam Ilamanow, Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň rektory Hajymämmet Soltanow, TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Kakageldi Gurbanow, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy Muhammetberdi Gurbanow çykyş etdiler.

Çykyşlarda halkara, döwletara, pudagara hyzmatdaşlygyny barha berkidýän Arkadag Prezidentimize, hoşallyk sözleri aýdyldy. Dostlukly gatnaşyklaryň ata Watanymyzy ykdysady, medeni, senagat taýdan ösdürmekdäki orny we ähmiýeti barada durlup geçildi.

Demokratik ösüş ýolly Watanymyzda Arkadag Prezidentimiziň dost-doganlyk syýasaty esasynda diplomatik gatnaşyklaryň ösdürilýändigi, bellenildi. Hünär baýramy mynasybetli gutlaglar aýdyldy. Ebedi abadançylyk syýasaty bilen jahanda ykrar edilen rowaç Watana buýsanç, Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri maslahatyň jemini jemledi.

 

Aýjan ABDYÝEWA,

“Maru-şahu jahan” gazetiniň uly habarçysy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.