2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Döwlet bilen halkyň jebisligi eziz Diýarymyzyň rowaçlygydyr

Şu gün paýtagtymyzda, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň hem-de medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Duşuşyga gatnaşmak üçin Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ýokarda agzalan guramalaryň we degişli düzümleriň ýolbaşçylary çagyryldy.

Döwlet Baştutanymyz duşuşygy açyp we onuň gün tertibini yglan edip, duşuşygyň ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalary, şeýle hem halkara derejede öňe sürlen başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirmegiň täze ýollaryny we usullaryny işläp taýýarlamak bilen gönüden-göni bagly wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanjakdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz ýygnananlaryň öňünde maksatnamalaýyn söz sözläp, biziň ýolumyzyň döretmek ýoludygyny nygtady. Biz şu ýol bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi belent maksatlara tarap ynamly alyp barýarys.

Bu ugurda ýöredýän durmuş syýasatymyz, ykdysady we medeni özgertmelerimiz, ilkinji nobatda, mähriban halkymyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýle belent maksatlar bolsa döwlet bilen halkyň bitewüliginiň, eziz Diýarymyzyň kuwwatynyň hem-de gülläp ösmeginiň berk kepili bolup durýar. Şoňa görä-de, döwletimizi we jemgyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek bizden jogapkärçilikli we guramaçylykly bolmagy, her bir işe ýokary düşünjelilik bilen başarnykly çemeleşmegi talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Biz halkymyz bilen el-ele berip işläp, bir maksada gulluk edip, nesip bolsa, ähli maksatlarymyzy we arzuwlarymyzy üstünlikli amala aşyrarys. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny düýpli täzelemegi dowam ederis. Demokratiýany giňeltmegi we döwletimiziň kanunçylyk esasyny kämilleşdirmegi üpjün ederis. Mähriban halkymyzyň döredijilik mümkinçiligini ýokarlandyrarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, bu meselede ýaşlaryň uly ornunyň bardygyny belledi. Sebäbi ýaşlar biziň geljegimizdir. Şoňa görä-de, ýaş nesilleriň döredijilik başarnygyny giňden goldap, Ýaşlar guramasy has zehinli ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw berip, olaryň şahsyýet hökmünde kämilleşmegi üçin giň ýol açmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Çagalaryň tehniki döredijilikde, kompýuter tehnologiýalarynda, matematika, fizika we himiýa ýaly düýpli ylymlarda ukyplaryny açmakda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga döwlet derejesinde üns bermeli. Şeýlelikde, has zehinli çagalary ýüze çykaryp, olaryň halkara bäsleşiklere gatnaşmagy üçin giň ýol açmaly.

Biziň döwletimiziň gazanýan üstünlikleri ýaşlarymyzyň bagtyýar durmuşy bilen berk baglydyr. Ýaşlar eziz Watanymyzyň güýç-kuwwatyny, mümkinçiliklerini, at-abraýyny we beýik geljegini özünde jemleýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şoňa görä-de, jemgyýetçilik guramalarynyň, aýratyn-da, Ýaşlar guramasynyň tagallalary ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, olaryň arasynda ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmäge gönükdirilmelidir.

Şu meselede esasy maksat ýaşlarymyzda şöhratly geçmişimize, häzirki bagtyýar durmuşymyza we nurana geljegimize belent buýsanjy kemala getirmek bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. «Halk» hem-de «Watan» diýen mukaddes sözler özboluşly sena ýaly utgaşykly gelip, ýigitlerimiziň we gyzlarymyzyň durmuş şygaryna öwrülmelidir.

Tehnologik ösüş we bazar gatnaşyklaryna geçilýän döwürde ýaşlaryň giň toparyny telekeçilik işine çekmeli. Garaşsyz, kuwwatly döwletimizde her bir adam, aýratyn-da, ýaşlar ertirki güne ynamly garamalydyr. Bu bolsa biziň döwlet syýasatymyzyň esasyny düzýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Jemgyýetçilik guramalaryndan, aýratyn-da, Ýaşlar guramasyndan aň-düşünjesi ösen ýaşlary kemala getirmek, olaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak, dünýägaraýşyny giňeltmek, bu ugurda döwletimiziň alyp barýan işini wagyz etmek üçin uly tagallalar, ýokary guramaçylyk işleri talap edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, bize ata-babalarymyzdan miras galan halk senetçiliginiň, ekerançylyk, bagçylyk, maldarçylyk tejribesiniň häzirki günlerde hem örän uly ähmiýetiniň bardygyny aýtdy. Sebäbi halyçylyk, zergärçilik, agaç ussaçylygy, küýzegärlik ýaly sungatyň ýokary derejesine ýetirilen önümlere isleg barha artýar. Şoňa görä-de, milli senetçiligimiz nesilden-nesle geçirilip, ösmegini dowam edýär.

Halkymyzyň başarnygy we ussatlygy bilen döredilýän bu gymmatlyklar onuň ruhuna ýakyndyr. Bular bolsa merdana halkymyzyň dünýäniň medeni ösüşinde özboluşly orny eýeleýändigini görkezýän milli aýratynlygymyzyň gözbaşlarydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Ýurdumyzda sagdyn durmuş kadalaryny has işjeň amala aşyrmak üçin hem ägirt uly mümkinçilikler bar. Şeýle bolansoň, biz has köp adamlary, aýratyn-da, ýaşlary sport bilen meşgullanmaga çekmeli. Olary sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmäge ruhlandyrmaly. Bu bolsa Garaşsyz döwletimiziň gülläp ösmeginiň gözbaşy bolan mähriban halkymyzyň mynasyp geljeginiň kepilidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şoňa görä-de, sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek baradaky maksatnamalarymyzy we başlangyçlarymyzy amala aşyrmak biziň ählimiz üçin örän möhüm wezipedir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, dünýäde ylym-bilim we öňdebaryjy tehnologiýalar çalt depginler bilen ösýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şoňa görä-de, täze maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmezden, dünýäniň ösüşi bilen aýakdaş gitmek, ykdysadyýetde we jemgyýetçilik durmuşynda ýokary netijeleri gazanmak mümkin däl. Şunuň bilen baglylykda, bilim ulgamyny toplumlaýyn kämilleşdirmek meselesi öňdäki hatara çykýar.

Biz 2007-nji ýylda bilim ulgamynda özgertmeleri geçirmäge girişdik. Häzirki döwürde bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebap ýagdaýa getirmekden başlap, onuň düzümini, bilim we terbiýe bermegiň usulyýetini kämilleşdirmäge çenli uly işler edildi.

Biziň şu günki ýaşlarymyz ozalky nesillerden düýbünden tapawutlanýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Watançylygy, ynsanperwerligi, dostlugy we hoşniýetliligi durmuş kadasyna öwren bagtyýar ýaşlarymyz öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryndan gowy baş çykarýar. Çylşyrymly önümçilik tehnologiýalaryny dolandyrmagy başarýar. Ylym we tehnika babatda döwletimiziň ösüş depginini çaltlandyrmak, tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça döredijilik başlangyçlary bilen çykyş edýär. Şu nukdaýnazardan, ýaşlarymyza halkara derejeli iri ykdysady ulgamlary dolandyrmagy arkaýyn ynanyp bileris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Biz mekdep okuwçylarymyzyň, talyplarymyzyň halkara ylym-bilim bäsleşiklerinde gazanýan üstünliklerine guwanýarys. Ýöne, ösüş ýoly bilen näçe öňe gitdigimizçe, bilim ulgamynda özgertmeleri şonça-da çalt dowam etmelidigine göz ýetirýäris. Şoňa görä-de, sanly bilim ulgamyna, şeýle hem sanly ykdysadyýete geçmegi yglan etdik.

Eger, jemgyýetimiziň döredijilik kuwwatyny işjeňleşdirip, sanly ykdysadyýeti dolandyrmak babatda ýaş alymlary, inženerleri, tehnologlary we hünärmenleri taýýarlap bilmesek, onda bäsleşige ukyply döwletiň derejesine çykmak bize aňsat düşmez diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, umumymilli ösüşiň möhüm şerti hökmünde sanly bilim ulgamyna, aýratyn-da, sanly ykdysadyýete geçmegi çaltlandyrmak wezipelerini çözmäge uly üns bermelidiris. Şu meselede jemgyýetçilik guramalarynyň bilim ulgamynda özgertmeleri geçirmegiň täze tapgyryny amala aşyrmaga giňden gatnaşmagynyň zerurdygy has aýdyň ýüze çykýar.

«Paýhas çeşmesi» atly kitapda «Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag» diýen türkmen halk nakyly mysal getirilýär. Adam mümkinçilikleriniň ulgamyny düzýän geçmiş bilen geljegiň berk baglanyşygyny şundan anyk häsiýetlendirmek mümkin däl.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, ylmy ösdürmegiň, milli mirasymyzy şöhratlandyrmagyň we wagyz etmegiň jemgyýetçilik guramalarynyň, aýratyn-da, Ýaşlar guramasynyň, Zenanlar birleşiginiň, beýleki guramalaryň we ähli ideologiýa ulgamynyň işiniň möhüm ugruna öwrülmelidigini nygtady.

Döwlet syýasatynda, wagyz etmek işinde we ýaşlary terbiýelemekde, ilkinji nobatda, ruhy mirasymyzy mysal hökmünde öňe sürmelidiris. Munuň özi merdana ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgelerini özünde jemleýän, beden we ruhy tämizlige, ahlaklylyga aýratyn ähmiýet berýän ajaýyp mysal bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz bu meselelerde hemmeleriň tagallalarynyň zerurdygyny nygtap, biziň halkymyzda «Arkalaşan dag aşar» diýen pähimiň bardygyny aýtdy. Iň esasy zat işe jogapkärçilikli çemeleşmeli. El-ele berip işläp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmeli diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň agzybirlige we watançylyga ýugrulan örän ruhubelent «Türkmeniň» goşgusyna ýüzlendi:

Köňüller, ýürekler, bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

Bu ajaýyp setirler millionlarça adamlaryň kalbyny birleşdirip, aýdyma, ganatly sözlere we nakyla öwrülip gidipdir. Şu bitewülik we watançylyk mizemez agzybirligi döredip, döwletimiziň hem-de milletimiziň sarsmazlygynyň kepillendirmesi bolup durýar. Ýeňişlerimiziň güýjüne, geljekki üstünliklerimiziň ygtybarly girewine öwrülýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem saýlawly we wekilçilikli edaralaryň agzalarynyň ähli meselelerde işjeňlik görkezip, ysnyşykly hereket etmelidigini aýtdy. Sebäbi ähli wekilçilikli edaralaryň agzalarynyň saýlawlary boýunça çäreleriň barşynda dalaşgärler syýasy partiýalardan hödürlenilýär.

Giň dünýägaraýyşly bolmak, döwlet syýasatyna, adamlar bilen işlemäge jogapkärli garamak, halkyň döredijilik güýjüni milletiň we döwletiň bähbitlerine gönükdirmek saýlawlara gatnaşýan dalaşgärler üçin esasy talaplardyr. Şoňa görä-de, biziň syýasy partiýalarymyz, jemgyýetçilik guramalarymyz demokratik döwletimizde döredilýän ähli mümkinçilikleri peýdalanyp, ýokary aň-düşünjeli, baý syýasy dünýägaraýyşly, halkymyza we Watanymyza, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyza wepaly adamlary dalaşgärlige hödürlemelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Biz telekeçiligi giň gerim bilen alyp barmagy hem örän oýlanyşykly, kanunçylyga doly laýyklykda we döwletiň hem-de halkyň bähbitlerini nazara almak bilen amala aşyrmaly. Şu meselede jemgyýetçilik guramalaryna, aýratyn-da, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyna, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna uly orun degişlidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Liderimiz çykyşynyň dowamynda duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Medeniýetimiz jemgyýetimizi beýik işlere, maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy baýlaşdyrmaga, giňden wagyz etmäge hem-de şöhratlandyrmaga ruhlandyrýar.

Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda, welaýatlarymyzda, etraplarymyzda we şäherlerimizde gurlan medeni desgalar eziz Diýarymyzyň keşbini düýbünden özgertdi. Häzirki döwürde teatrlar, kitaphanalar, muzeýler, medeniýet öýleri, gözel paýtagtymyzdaky «Ylham» seýilgähi halkymyzyň we myhmanlarymyzyň has köp barýan ýerine öwrüldi. Bu desgalaryň ählisi häzirki bagtyýar döwrümiziň ajaýyp netijeleridir, milli medeniýetimiziň hem-de sungatymyzyň gülläp ösýändiginiň aýdyň şaýadydyr.

Medeniýet we sungat, şeýle hem jemgyýetçilik-syýasy işgärleri ýurdumyzda geçirilýän jemgyýetçilik-syýasy çärelerine işjeň gatnaşýarlar. Ylmy, edebi we medeni eserleri döretmek bilen, ýaşlarymyza watançylyk terbiýesini bermekde uly tagalla edýärler. Teleradioýaýlymlarda, metbugatda, ýokary we orta okuw mekdeplerinde ýaşlaryň halypalary bilen däbe öwrülen döredijilik duşuşyklarynyň, gyzykly söhbetdeşlikleriň ýygy-ýygydan geçirilmegi bizi örän begendirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän «Ylham» seýilgähinde dünýä ylmynyň, medeniýetiniň we sungatynyň ösüşine ägirt uly goşant goşan beýik şahsyýetler bilen bir hatarda, Magtymguly adyndaky halkara baýraga eýe bolan ýazyjy-şahyrlarymyz — Ata Gowşudowyň, Beki Seýtäkowyň, Ýylgaý Durdyýewiň, Gara Seýitliýewiň, Allaberdi Haýydowyň, Mämmet Seýidowyň, Berdi Kerbabaýewiň, Nazar Gullaýewiň, Berdinazar Hudaýnazarowyň, Nurmyrat Saryhanowyň, Aman Kekilowyň, Nury Baýramowyň, Kerim Gurbannepesowyň, Gurbannazar Ezizowyň, şeýle hem ýazyjy Aşyrberdi Kürtüň atlary ebedileşdirildi. Bular Watanymyzy belende göteren belli şahsyýetlerimizdir.

Watan döwletimiziň, ýurdumyzyň we milletimiziň her bir şahsyýet bilen bitewüligidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Biz ata Watanymyzy beýgelden görnükli şahsyýetlerimize guwanýarys. Olaryň ýadygärligini ebedileşdirip, işlerini dowam etdirmäge, mähriban Diýarymyzy dünýäniň nusgalyk döwletleriniň derejesine çykarmaga çalyşýarys.

Şundan ugur alyp we jemgyýetimizi täze döredijilik maksatlaryna ýetmäge, beýik işlere ruhlandyrmak, häzirki we geljekki nesilleri milli buýsanç, ýokary ynsanperwerlik duýgusynda terbiýelemek maksady bilen, biz teatr, kino, aýdym-saz sungatynyň görnükli wekilleri bolan Alty Garlyýewiň, Maýa Kulyýewanyň, Bäşim Nuralynyň, belli bagşy-sazandalar Şükür bagşynyň, Magtymguly Garlyýewiň, Sahy Jepbarowyň, ýazyjy Osman Ödäýewiň atlaryny hem ebedileşdireris. Biz ilatly ýerleriň we beýleki desgalaryň taryhy atlaryny hem dikelderis.

Milli Liderimiz şu maksat bilen, Döwlet lukmançylyk uniwersitetine Myrat Garryýewiň adyny dakmagy teklip etdi. Ol görnükli döwlet we jemgyýetçilik işgäridi, ýaşlaryň halypasydy. Ol ýurdumyzyň durmuşynyň köp ugurlaryny ösdürmäge mynasyp goşant goşdy. Saglygy goraýşyň häzirki zaman ulgamyny, şol sanda Lukmançylyk uniwersitetini döretmekde uly işleri bitirdi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Milli konserwatoriýamyza ýa-da Mukamlar köşgüne görnükli medeniýet işgäri, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň ady dakylsa, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, biz gözel paýtagtymyz Aşgabadyň demirgazygynda täze etraby gurmagy meýilleşdirdik. Biz bu ýerde täze gurlan binalara we köçelere görnükli döwürdeşlerimiziň adyny daksak, dogry bolar diýip hasap edýärin. Munuň geljegimiz bolan ýaşlar üçin ägirt uly terbiýeçilik ähmiýetiniň boljakdygyny bellemek isleýärin diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Medeniýet — halkyň kalby. 
Medeniýet — halkyň joşgunly kalbynyň altyn hazynasy. 
Medeniýet — halkyň ahlak we ruhy ýörelgesi.

Şoňa görä-de, meniň baş maksadym merdana halkymyzyň döredijilik mümkinçiliklerine, medeniýetine, ruhy güýjüne daýanyp, dünýäde Garaşsyz döwletimiziň at-abraýyny has-da ýokarlandyrmakdyr. Bu bolsa, jemgyýetimizi jebisleşdirýär we onuň ösüşini ruhy taýdan baýlaşdyrýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Men adam öz Watanyny beýgeldip we hormatlap, ynsanlyk mertebesini ýokary tutsa, parahatçylygy we dostlugy wasp edip, ynsanperwerligi hem-de hoşniýetliligi dabaralandyrsa, ine, şol kämillige ýetmegiň ýoly diýip hasaplaýaryn diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ýüreklerimizde we aňymyzda «yşk mülküniň şasy» hökmünde orun alan Mollanepes şahyryň:

Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol berme,
Ol birine gep berip, ol birine al berme —

diýen ajaýyp setirleri halkymyzyň bireýýämden bäri durmuş ýörelgesine öwrülen pelsepesidir. Bu milli kadalar döwlet syýasatymyzyň esasyny düzýär. Şoňa görä-de, biz uly ähmiýeti bolan başlangyçlarymyz arkaly dünýäniň ähli milletlerini, halklaryny we döwletlerini birleşmäge, dostlaşmaga hem-de doganlaşmaga çagyrýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Biziň amala aşyrýan özgertmelerimiz täze eýýamyň, täze jemgyýetiň keşbini emele getirdi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Häzirki döwür we geljek üçin derwaýys wezipeleri çözmek maksady bilen, jemgyýetçilik guramalary ruhy gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza, oňyn tejribämize esaslanyp, öz iş usullaryny has döwrebap ýagdaýa getirmelidir.

Döwletimizi ösdürmegiň maksatnamalaryndan gelip çykýan möhüm wezipeleri durmuşa geçirmekde jemgyýetiň döredijilik güýçlerini işjeňleşdirip we birleşdirip, onuň ideologiýasyny, aň-düşünjesini, täze ruhy-ahlak ýörelgelerini emele getirmelidir.

Soňra milli Liderimiziň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda amala aşyrylýan möhüm syýasy-hukuk özgertmeleriniň netijesinde, ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek köp partiýalylyk ulgamy döredildi.

Syýasy partiýalar demokratik saýlawlary guramakda we geçirmekde, olara gatnaşmak üçin öz wekillerini hödürlemekde esasy orunlaryň birini eýeläp, jemgyýetimizi birleşdirýän, jebisleşdirýän güýje öwrüldi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary, Ýaşlar guramasy, Zenanlar birleşigi hem halkymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz jemgyýetçilik birleşikleriniň öz işlerini has-da işjeňleşdirip, adamlaryň zähmet, durmuş hukuklaryny, dynç almaga, ylmy-tehniki we medeni ugurlarda döredijilik bilen meşgullanmaga hukuklaryny üpjün etmekde, ýaşlara durmuşda mynasyp ornuny tapmakda, şahsyýet hökmünde kämilleşmekde ýardam bermelidigini belledi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maşgalany goramakda we maşgala gatnaşyklaryny üpjün etmekde, nesilleriň üznüksiz baglanyşygyny saklamakda we döwrüň talaplary esasynda jemgyýetçilik durmuşynyň köp meselelerini çözmekde ýokary işjeňlik görkezmegi olara maslahat berdi. Gynansak-da, jemgyýetçilik guramalary bu meselelerde heniz ýeterlik işjeňlik görkezmeýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, meşhur «Görogly» şadessanynda Jygalybeg agzybirlik we watansöýüjilik barada aýtmak bilen, agtygy Göroglyny gahrymançylyga ruhlandyryp, oňa şeýle wesýet edýär:

Il-halkyň bir iş tutsa,
Sen ondan galyjy bolma!

Öz wepaly Gyratynda dag-derýalardan geçen Göroglynyň gahrymançylykly hereketleri geçmişe, şu günki güne we geljege buýsanç döredýär. Şatlyk duýgusyny döredýän ruhy güýç berýär.

Görogly beg:

«Külli türkmen balasyny,
Men söýermen ili bilen!» — diýýär.

Men siziň ähliňizi, mukaddes türkmen topragymyzy — eziz Watanymyzy tüýs ýürekden söýmäge çagyrýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bu toprak özboluşly haýwanat dünýäsi, ajaýyp jülgeleridir şypaly çeşmeleri bolan biziň eziz Watanymyzdyr. Ak bugdaýyň, şirinden-şirin ir-iýmişleriň, Altyndepe, Marguş, Jeýtun medeniýetleriniň, behişdi bedewlerimiziň, ajaýyp halylarymyzdyr şaý-seplerimiziň watanydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Bu toprak gadymy kerwen ýollarynyň geçen, adamzadyň ruhy hazynasyny baýlaşdyran alymlaryň, söz ussatlarynyň ülkesidir. Bu ülkede olar ajaýyp eserleri döredipdirler, watansöýüjiligi, mertligi we ynsanperwerligi durmuşyň esasy manysyna öwren beýik ata-babalarymyz ýaşapdyrlar.

Döwlet bilen halkyň jebisligi ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň mizemezligidir.

Döwlet bilen halkyň jebisligi eziz Diýarymyzyň rowaçlygydyr.

Garaşsyzlyk, jebislik, rowaçlyk biziň milli buýsanjymyzdyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Bu gün merdana halkymyz dünýäde at-abraýly we mizemez döwletiň baýdagy astynda öz ösüşiniň täze belentliklerine tarap ynamly barýar. Biziň gazanan iň uly üstünliklerimiz — parahatçylyk, abadançylyk we bagtyýar durmuşdyr. Ösen döwleti gurmaga gönükdirip alyp barýan syýasatymyz, beýik we asylly maksatlara niýetlenen giň möçberli özgertmelerimiz, eziz Watanymyzy geljekde şan-şöhrata beslenen, bagtyýarlyk, parahatçylyk, asudalyk, adalatlylyk we abadançylyk höküm sürýän has-da gülläp ösen ülkä öwrer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz çykyşyny tamamlamak bilen, Gurbannazar Ezizowyň hyjuwly setirlerini mysal getirdi:

Biz näm bolsak, şol bolaly,
Bolsa bolýar eziz Watan.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyň hem şeýle goşgy setirlerini getirdi:

Diňe enem-atam, Watan öňünde,
Üç büküldim, aýry kysmat küýsemen.

Goý, biziň ählimize eziz Watanymyza, mähriban halkymyza tüýs ýürekden gulluk etmek bagty miýesser etsin diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we ýokarda aýdylanlary jemledi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns we ruhubelentlik bilen diňlenildi hem-de ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylanyldy.

Soňra milli Liderimiz duşuşyga gatnaşyjylara söz berdi.

Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Ataýewa hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň wekilleri we medeniýet işgärleri bilen şu günki duşuşygynyň milli Liderimiziň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda öňde goýan möhüm wezipelerini çözmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.

Hususan-da, ilatyň arasynda döwlet Baştutanymyzyň beýik başlangyçlarynyň, amala aşyrylýan özgertmeleriň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimiziň jebisligini pugtalandyrmagyň möhüm ähmiýetini düşündirmekde hem-de wagyz etmekde jemgyýetçilik guramalarynyň zähmetine berlen ýokary bahanyň işe has-da işjeň hem-de jogapkärli çemeleşmäge ruhlandyrandygy bellenildi.

Ýurdumyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalar, gazanylan üstünlikler, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşy — bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli hem-de beýik başlangyçlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Kärdeşler arkalaşyklary hem-de Zenanlar birleşigi maşgala gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlary hem-de ata-babalarymyzyň Watana, maşgala ojagyna wepalylyk, tutanýerli zähmete ygrarlylyk ýaly belent ýörelgelerini giňden wagyz etmek boýunça uly işleri yzygiderli amala aşyrýarlar.

Biziň esasy wezipämiz döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli hem-de oýlanyşykly syýasatynyň many-mazmunyny we esasy maksatlaryny düşündirmekden ybaratdyr diýip, G.Ataýewa nygtady hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Zenanlar birleşiginiň ähli agzalarynyň adyndan Watana wepaly hyzmat etmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.

Soňra Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy S.Babaýewe söz berildi. Ol «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda taryhymyza altyn harplar bilen ýazyljak duşuşyga gatnaşýandygyna tüýs ýürekden buýsanýandygyny belledi.

Türkmen ýaşlarynyň wekiliniň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik maksada — ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösen döwletleriň hataryndaky ornuny berkitmäge gönükdirilen ynsanperwer döwlet syýasaty netijesinde halkymyz eşretli durmuşda ýaşaýar. Ýaş nesilleriň watansöýüjiligiň belent ruhunda terbiýe almagy, ylym-bilim öwrenmegi, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmagy bilen bagly meseleler döwlet derejesinde çözülýär. Ýurdumyzda iri senagat düzümleriniň döredilmegi bilen ýaşlar üçin täze iş orunlary — bagtyýar durmuşa ak ýol açylýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda gazanylan uly üstünlikler ýaşlary ata Watanymyzy ösdürmegiň bähbidine döredijilikli zähmet çekmäge, işe täzeçe çemeleşmäge ruhlandyrýar.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz eziz Watanymyzy söýmekde, halkymyza we ýurdumyza wepaly gulluk etmekde, agzybirligimizi, jebisligimizi berkitmekde, mirasymyza sarpa goýmakda ýaşlara nusgalyk görelde görkezýär.

Nygtalyşy ýaly, ýaşlar ata-babalarymyzyň ruhy gymmatlyklarynyň aýawly saklanmagyna, geljekki nesillerde belent ruhy-ahlak ýörelgeleriniň kemala gelmegine mynasyp goşantlaryny goşarlar.

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalarynyň adyndan çykyş eden hormatly Prezidentimize asuda hem-de bagtly durmuş, döwletimiziň we jemgyýetimiziň okgunly ösmegini üpjün edýän giň gerimli özgertmeler üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Türkmenistanyň ýaşlary Gahryman Arkadagymyzyň nesihatlaryna, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine öňde goýlan beýik maksatlara eýerip, döwletimiziň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesiniň belende galmagynyň bähbidine güýç-gaýratlaryny, bilimlerini, ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmazlar.

Soňra Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy S.Owganowa söz berildi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga, eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna gönükdirilen giň möçberli milli maksatnamalaryň amala aşyrylýandygyny belledi. Gysga döwrüň içinde ägirt uly işler ýerine ýetirildi, şonuň netijesinde ýurdumyz öň görlüp-eşidilmedik derejede ösüşe eýe boldy, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da gowulandy.

Beýleki ulgamlar bilen birlikde, milli ykdysadyýetiň möhüm bölegi hökmünde hususy ulgamy ösdürmäge gönükdirilen degişli kanunlar hem-de maksatnamalar kabul edildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe telekeçiligiň kuwwatyny doly açmak, milli işewürligi ýola goýmak üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz telekeçiligi ýurdumyzyň altyn gaznasyna deňäp, işewürlere uly ynam bildirýär diýip, S.Owganow aýtdy hem-de häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň ýakyndan goldaw bermegi netijesinde, türkmen işewürleriniň iri senagat kärhanalaryny, döwrebap söwda toplumlaryny, durmuş-medeni maksatly desgalary gurýandygyny, täze obalary döretmäge işjeň gatnaşýandygyny nygtady. Olar ekologiýa taýdan arassa we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleri öndürmek bilen, bütin dünýäde meşhurlyga eýe bolýarlar.

Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň ýolbaşçysy çykyşyny dowam edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: «Türkmen telekeçileri şäherleri gurmaga ukyplydyr» diýen ganatly sözlerini getirip, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmak baradaky taslamanyň tutuş sebit üçin aýdyň mysal bolup durýandygyny belledi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bu taslamany durmuşa geçirmäge girişdiler.

Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda işjeňligini has-da artdyrmak bilen, häzirki wagtda ýurdumyzyň işewür toparlary jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna işjeň gatnaşýarlar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň döredilmegi milli işewürlikde uly syýasy güýç boldy. Bu partiýanyň Türkmenistanyň Mejlisiniň düzüminde hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda öz wekilleri bar. Partiýanyň agzalary tutanýerli zähmet çekip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletimiziň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine, türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilen oňyn başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşmaga çalyşýarlar.

S.Owganow şu gün hormatly Prezidentimiziň çykyşynda beýan edilen gymmatly maslahatlar hem-de oňyn teklipler üçin hoşallyk bildirip, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalarynyň öz öňlerinde goýlan wezipeleri — maýa goýumlaryny çekmek, önümçilige innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, milli ykdysadyýetiň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak, azyk bolçulygyny üpjün etmek baradaky wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.

Soňra Agrar partiýanyň Merkezi geňeşiniň başlygy B.Annagurbanow çykyş etdi. Ol «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar astynda geçýän 2019-njy ýylyň ýurdumyzda täze ýeňişlere we üstünliklere beslenjekdigine ynam bildirip, häzirki duşuşygyň taryhy ähmiýetini belledi. Bu duşuşykda döwlet Baştutanymyz çuň manyly maksatnamalaýyn çykyşynda syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde täze möhüm wezipeleri goýdy.

Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary döwlet wezipesine girişen ilkinji gününden başlap, halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berýär. Şonuň netijesinde jemgyýetiň syýasy medeniýeti we düşünjeliligi artýar. Ýurdumyzda birnäçe täze syýasy partiýalar döredi. Şolaryň biri milli Liderimiziň goldamagynda döredilen Agrar partiýadyr. Partiýanyň netijeli işlemegi üçin hemme şertler bar.

Bu gün oba hojalyk toplumynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, Halk Maslahatynyň geçen ýyl geçirilen ilkinji mejlisinde şol özgertmelere täze itergi berildi. Umumymilli maslahatda döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda beýan edilen tekliplere laýyklykda, örän möhüm çözgütler kabul edildi. Şol çözgütler häzir yzygiderli durmuşa geçirilýär. Oba hojalyk önümçiligini bazar gatnaşyklaryna geçirmek, ýeriň hakyky, yhlasly eýelerini terbiýelemek, hususyýetçiligi pugtalandyrmak maksady bilen uly işler geçirilýär.

Bu giň gerimli we köptaraply işlere Agrar partiýanyň agzalary hem gatnaşyp, ilatyň arasynda düşündiriş işlerini işjeň alyp barýarlar. Olar halkymyzyň abadan hem-de mynasyp durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen milli maksatnamalaryň we umuman, many-mazmunyny «Döwlet adam üçindir!» diýen sözler örän aýdyň kesgitleýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döredijilikli syýasatynyň ähmiýetini açyp görkezýärler. Ähli daýhanlaryň adyndan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Watanymyzy gülledip ösdürmegiň bähbidine alyp barýan ýadawsyz tagallalaryna, ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadan durmuşy, zähmet çekmegi we döretmegi üçin oňaýly şertleriň döredilendigine tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.

Syýasy partiýalaryň agzalary hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri bilen bolan duşuşykda döwlet Baştutanymyzyň eden şu günki çykyşy biziň partiýamyzyň agzalaryny öňküden has-da ruhlandyrdy we jebisleşdirdi diýip, B.Annagurbanow ýurdumyzyň oba hojalyk işgärleriniň milli Liderimiziň alyp barýan syýasatyny hem-de ata Watanymyzyň röwşen geljegine gönükdirilen beýik başlangyçlaryny amala aşyrmaga mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ýardam berjekdiklerine hormatly Prezidentimizi ynandyrdy.

Soňra ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň başlygy A.Serdarowa söz berildi. Ol şygary «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» bolan 2019-njy ýylyň başynda döwlet Baştutanymyz bilen geçýän hem-de Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm wezipelerine bagyşlanan duşuşygyň bu ýere ýygnananlaryň ählisinde ägirt uly buýsanç we alnyp barylmaly işler üçin ýokary jogapkärçilik duýgularyny döredýändigini belledi.

Çykyş eden Demokratik partiýanyň hem-de beýleki iri jemgyýetçilik guramalarynyň agzalarynyň adyndan bildirilen ýokary ynam, degişli işleri döwrüň talaplaryna laýyk guramak boýunça beren hemmetaraplaýyn ýardamy hem-de gymmatly maslahatlary üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Nygtalyşy ýaly, bütin dünýäde netijeli syýasaty bilen belli bolan Türkmenistanyň barha artýan halkara abraýy döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli parasatly strategiýasynyň miweleridir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda düýpli demokratik özgertmeler amala aşyryldy, raýat jemgyýetiniň döwrebap ulgamlary kemala geldi. Halkyň syýasy-jemgyýetçilik işjeňligi artdy. Arkadag Prezidentimiziň işlerinden we sözlerinden ylham alyp we ruhlanyp, türkmen halky Watanymyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleri doly goldamak bilen, saýlap alan döredijilikli ýolunda täze belentliklere tarap ymtylýar.

Taryh üçin örän gysga döwürde Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy Ýer ýüzüniň ösen ýurtlarynyň hataryna çykarmak boýunça milli Liderimiz tarapyndan amala aşyrylan maksada gönükdirilen giň gerimli işler, hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan parahatçylyk söýüjilikli syýasat, halkara ähmiýetli iri taslamalar dünýä derejesinde giňden ykrar edilýär.

Demokratik partiýanyň başlygy hormatly Prezidentimiziň çykyşynyň çuňňur manylydygyny aýratyn nygtap, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň öz işlerinde döwlet Baştutanymyzyň paýhasly maslahatlaryndan we öňde goýan wezipelerinden hemişe ugur aljakdyklaryna hem-de halkymyzyň agzybirligini we jebisligini mundan beýläk-de berkitmegiň bähbidine ähli tagallalaryny hem-de tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň wekilleri hem-de medeniýet işgärleri bilen duşuşygy jemläp, ýygnananlaryň ählisine berk jan saglyk, bagtyýar we abadan durmuş hem-de berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 

TDH

http://tdh.gov.tm/news/tm/articles.aspx&article16757&cat19

 

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.