2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

TÜRKMENISTANYŇ KÄRDEŞLER ARKALAŞYKLARY BARADA MAGLUMAT

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi  (TKAMM) öz işini Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Bedimuhamedowyň pähim-parasatly ýolbaşçylygynda ýaýbaňlandyrylan “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgeden ugur alyp, Milli Liderimiziň ynsanperwer içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny, ösüşiň ähli ugurlarynda ýetilen beýik sepgitleri, wagyz-nesihat etmek bilen, olaryň ähmiýetini we many-mazmunyny halk köpçüligine ýetirmekde guramaçylyk, medeni-köpçülik çärelerini yzygiderli alyp barýar hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleri durmuşa ornaşdyrmakda saldamly goşant goşýar.

1995-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esaslandyryjy gurultaýy geçirildi. Gurultaý Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Maksatnamasyny we Tertipnamasyny kabul etdi.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary öz agzalarynyň zähmet, durmuş-ykdysady hukuklaryny we bähbitlerini aýan etmek, durmuşa geçirmek hem-de goramak üçin umumy bähbitleri bolan raýatlaryň meýletin birleşmesidir.    

Köpugurly türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny mundan beyläkde ösdürmek maksady bilen, 2018-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Özbegistanyň Kärdeşler arkalaşyklary federasiýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

2018-nji ýylyň 1-nji noýabr ýagdaýyna Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň düzüminde 14 pudak, 5 welaýat,  9 şäher,  45 etrap,   6898 ilkinji guramalary hereket edýärler we olarda 1 136 249 agza hasapda durýar. TKA-da 40-dan gowrak milletleriň we halkyýetleriň wekilleri bar, olaryň 90 göterime golaýy türkmenlerdir. KA-nyň agzalarynyň umumy 42,7 göterimi zenanlar.

 

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

1995-nji ýylyň 28-nji aprelinde I esaslandyryjy gurultaýy,

2001-nji ýylyň 4-nji maýynda  II gurultaýy,

2012-nji ýylyň 28-nji noýabrynda  III gurultaýy, 

2013-nji ýylyň 23-nji fewralynda nobatdan daşary IV gurultaýy,

2014-nji ýylyň 12-nji aprelinde  nobatdan daşary V gurultaýy bolup geçdi.

 

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary

(jemgyýetçilik guramanyň ady)

 

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň düzümi

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýokary guramasy  - Gurultaý.

Pudaklaýyn Kärdeşler arkalaşyklary;

TKA-nyň welaýat guramalary;

TKA-nyň şäher guramalary;

TKA-nyň etrap guramalary;

TKA-nyň Pudaklaýyn KA, welaýat, şäher, etrap guramalarynyň ýokary guramasy – konferensiýa;

TKA-nyň ilkinji guramalarynyň ýokary guramasy - ýygnak.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezine degişli bolan binalary

1. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň buýurmasy esasynda Aşgabat şäheriniň Gökdere jülgesinde gurlan we Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2007-nji ýylyň 25-nji maýynda ulanylmaga berlen 150 orunlyk “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi çagalaryň saglygyny dikeltmek hem-de olaryň dynç alşyny guramak üçin niýetlenendir. Merkeziniň umumy tutýan meýdany 5ga barabardyr. Merkezde tomus möwsümi döwründe dowamlylygy 20 günden ybarat bolup, 3 tapgyr çagalar kabul edilýär.

2. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň buýurmasy esasynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurlup   2010-njy ýylyň 1-nji iýunynda ulanylmaga berlen “Daýanç” sagaldyş merkezi Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilatymyzyň saglygyny dikeltmek hem-de olaryň dynç alşyny guramak barada edýän atalyk aladalarynyň miwesidir. Merkeziniň umumy tutýan meýdany 7,3 ga bolup, ol ýerde ulularyň 120 siniň we mekdep ýaşly çagalaryň 280-siniň bir wagtda rahat dynç almaklary we wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli şertler döredilendir. Merkeziň çagalara degişli bolan umumy ýaşaýyş toplumynda tomus möwsüminde dowamlylygy 10 günden ybarat bolup, 6 tapgyr çagalar kabul edilýär.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň  2018-nji ýyla çenli Gök guşak zolagynda ekilen baglaryň jemi 14330 sany. Şol sanda:

  • Bekrewe-ýanbaş zolagynda 13300 sany bag;
  • Aşgabat şäheriniň günortasynda ýerleşýän seýilgähde 1000 sany bag.

 

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.