2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

HABARLAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe 2018-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň we Türkmenistanyň Içeri işleri ministrliginiň bilelikde guramagynda Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda “Halal zähmet – bagtyýar durmuşyň kepili” atly maslahat geçirildi.

Maslahaty Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Süleýman Süleýmanow açyp, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň barha rowaç alýandygy, ata Watanymyzda ähli ugurlar boýunça öňegidişlikleriň gazanylýandygy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň günsaýyn ýokarlanýandygy hakynda aýtmak bilen, türkmeniň öňden gelýän halallyk ýörelgelerine ünsi çekdi.

Maslahatda Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň wekili Eziz Dädebaýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 4-nji müdirliginiň wekili, Aşgabat şäheriniň polisiýa müdirliginiň 4-nji bölüminiň 2-nji bölümçesiniň başlygy Rüstem Salamatow, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň prokurorynyň uly kömekçisi, ikinji derejeli ýurist Aýbölek Nursähedowa we Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak müdirliginiň baş hünärmeni Atamyrat Akmyradow çykyş etdiler.

Duşuşygynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar edilen gürrüňleri el çarpyşmalar bilen gyzgyn goldadylar we halkymyza eşretli durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Mekan BABAÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri.

 




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.