2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

AÝDYM-SAZLY DABARA

«Çaga gülküsiniň eşidilen ýerine bagt gülüp bakarmyş» diýilýär. Bu gün ýurdumyzyň dürli ýerlerinde dynç alýan, wagtlaryny şadyýan, bagtyýar geçirýän körpeleriň gülki sesleri ýaňlanýar.

Ýakynda Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Tejen şäher Geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen şäher birleşmesiniň bilelikde guramagynda şäheriň 6-njy orta mekdebinde dynç alýan körpeleriň arasynda aýdym-sazly medeni dynç-alyş çäresi geçirildi. Çagalar çykyşlary bilen bäsleşiklerde öz başarnyklaryny görkezdiler.

Dynç alýan ýaş höwesjeň körpeleriň ýerine ýetiren joşgunly mukamlarydyr aýdym-sazlarynda döwrümiziň ajaýyplygynyň waspy öz beýanyny tapdy.

Dabaranyň ahyrynda şadyýan körpelere ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Ýaş nesillerimiz geljekde Watanymyzyň dünýä ýüzündäki abraýyny has-da belende göterjekdiklerini ynandyrdylar hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyna buýsanç bilen hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

 

Söýün MÄMMÄÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Tejen şäher birleşmesiniň hünärmeni.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.