2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

GELJEGI RÖWŞEN WATANYM

Ak bugdaý  etrap  merkezi  kitaphanasynda  «Geçmişi beýik, geljegi röwşen Watanym» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem­de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan kitaphana şahamçalaryň arasynda yglan edilen bäsleşigiň bu tapgyry uly gyzyklanma döretdi. Oňa etrabymyzyň merkezi kitaphanasynyň kitaphana şahamçalary gatnaşdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen medeniýetiniň dürli ugurlarynyň ösüşini wagyz etmek, kitaphanalarda saklanýan ruhy gymmatlyklarymyza aýawly garamakda we geljekki nesillere ýetirmekde alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, okyjylary kitaphana çekmegiň döwrebap usullaryny kesgitlemek, kitaphananyň habar beriş çeşmeleriniň peýdalanylyşynyň ýollaryny ösdürmek, halkymyzyň milli aňyýetini kemala getirmek işlerini ýokarlandyrmak, kitaphanalaryň kitaphana hyzmatynyň guralyşynyň netijeliligini, kämil iş tejribelerini kitaphanalaryň arasynda ýaýratmak maksady  bilen geçirilen bäsleşige gyzyklanma uly boldy. Oňa gatnaşyjy kitaphanaçylar degişli  şertlerden  ugur alyp,  kitaphanalarda alnyp barylýan işleriň many­mazmun we hil taýdan kämilleşdirilişini, merkezi kitaphanalarda bitewi elektron maglumat binýadynyň döredilmeginiň ähmiýetini açyp görkezmekde özleriniň ukyp­başarnygyny aýan etdiler.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesi hem­de etrap merkezi kitaphanasy tarapyndan guralan bäsleşigiň etrap tapgyry örän täsirli we gyzykly boldy. Onuň dowamynda etrap merkezi kitaphanasynyň ikinji kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçylary üstün çykyp, etrap tapgyrynyň ýeňijileri boldular.

 

Annagül ÇUNGUŞOWA,

Ak bugdaý etrap merkezi kitaphanasynyň Ýaşlyk şäherçesinde  ýerleşýän 2-nji şahamçasynyň kitaphanaçysy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.