2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

АТА WATANYMYZYŇ ROWAÇLYGYNYŇ BÄHBIDINE

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynyň iýul aýynda ýurdumyzyň şöhratly ýyl ýazgysyna täze aýdyň sahypalar ýazyldy. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmek boýunça amala aşyrýan özgertmeleriniň üstünlige eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 2-nji iýulda bolan mejlisinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2018-nji ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy. Hususan-da, Harby doktrinany durmuşa geçirmek, ýurdumyzda tertip-düzgüni pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

5-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň 2018-nji ýylyň alty aýynda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi. Hususan-da, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,2 göterim artandygy, öndürilen önümleriň ösüş depginiň 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,4 göterim ýokarlanandygy bellenildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 34,4 göterime deň boldy. Maýa goýum maksatnamasy 63,8 göterim ýerine ýetirildi. Önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna düýpli maýa goýumlarynyň 55,5 göterimi, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna 44,5 göterim maýa goýum serişdeleri gönükdirildi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz: «Biz jemi bahasy 40 milliard 500 million amerikan dollary na golaý bolan 1600 töweregi senagat we ýaşaýyş-durmuş maksatly iri desgalaryň gurluşygyny giň gerim bilen dowam edýäris» diýip belledi. Milli Liderimiziň pikirine görä, Döwlet býujetiniň girdejileriniň köpelmegi ortaça aýlyk zähmet haklaryny dokuz göterim ýokarlandyrmaga şert döretdi. Milli manadymyzyň hümmeti durnukly, bellenen çäklerde saklanýar.

Hökümetiň mejlisinde döwlet Baştutanymyz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy toplumyny telekeçileriň garamagyna bermek barada karara gelendigini habar berdi.

6-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary boldy. Milli Liderimiz şol ýerde Respublikanyň baştutany Rustam Minnihanow bilen däp bolan dostlukly türkmen-ta- tar gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi boýunça gepleşikleri geçirdi, Kazan Kremline hem-de «Ideýa» tehnoparkyna baryp gördi. Agtygy Kerimguly bilen Braziliýanyň we Belgiýanyň ýygyndylarynyň arasynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň çärýek final duşuşygyna tomaşa etdi.

9-njy iýulda döwlet Baştutanymyz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almak bilen agtygy Kerimguly bilen bilelikde deňziň kenarynda welosipedli gezelenç etdi hem-de dürli bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi we çeper döredijilik bilen meşgullandy. Milli Liderimiz agtygy bilen sporta, hususan-da, öňümizdäki «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine bagyşlanan täze goşgyny döretdi.

10-njy iýulda döwlet Baştutanymyz öz boş wagtyny «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň dowamyny işlemäge, aýdym-saz döretmäge bagyşlady. Milli Liderimiziň agtygy täze goşga saz ýazdy. Şeýlelikde, ata we agtyk täze aýdymy türkmen we iňlis dillerinde ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

11-nji iýulda hormatly Prezidentimiz «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine taýýarlyk görlüşi bilen tanşyp, awtomobil ýaryşlarynyň jemleýji tapgyrlarynda geçirilýän işleri synlady. Soňra döwlet Baştutanymyz ralliniň ähmiýeti we Türkmenistanyň sport ulgamynda durmuşa geçirýän syýasatynyň arabaglanyşygy barada žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşlik tamamlanandan soň, milli Liderimiz sport awtomobilini dolandyryp, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň iň çylşyrymly ýollarynyň birini ýokary tizlikde geçdi we pellehana birinji bolup geldi. Döwlet Baştutanymyz 18 kilometr aralygy 14 minut 18 sekuntda geçip, hemişe bolşy ýaly, ajaýyp netije görkezdi.

19-njy iýulda, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde täze durmuş maksatly desgalaryň — köpugurly hassahananyň hem-de ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Bu ýerde 676 orunlyk bäş gatly esasy bina hem-de 160 orunlyk ýokanç kesellerini bejeriş we öňüni alyş merkezi kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi.

20 — 21-nji iýulda Aşgabatda «Saglyk — 2018» atly halkara sergi, onuň çäklerinde ylmy maslahat, şeýle hem Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary üçin iýmitlenmegi gowulandyrmak boýunça Sebitleýin Platformany döretmek boýunça mejlis geçirildi. Forum milli saglygy goraýyş ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatda uly ähmiýete eýe bolup, hünärmenlere bu ulgamda bar bolan öňdebaryjy usullar hem-de hyzmatlar bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik döretdi.

21-nji iýulda ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilip geçildi. Bu baýramçylyga gabatlanylyp Awazada täze «Awaza» şypahanasy açyldy. Bu toplum 19 müň inedördül metre golaý meýdanda ýerleşýär hem-de bir wagtda 200 adamy kabul etmäge niýetlenendir. Döwrebap dokuz gatly merkez dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi.

Şol gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda akwaparkyň açylyş dabarasy hem boldy. Täze akwapark bu ýerde dynç alýan dürli ýaşdaky adamlaryň ýokary isleglerini kanagatlandyrmaga niýetlenen beýleki desgalar bilen bir hatarda, suw attraksionlaryny hem öz içine alýan iri toplumdyr. Ajaýyp desga gyşky we tomusky akwaparky, söwda merkezini, dürli harytlar satylýan dükanlaryň onlarçasyny, supermarketi, 30-a golaý kafedir restoranlary, 1640 orunlyk amfiteatry, myhmanhanany, şeýle hem dürli emeli daglary, emeli kölleri, şarlawuklary, dag çeşmejiklerini — başdan geçirmeleriň tutuş ýurduny öz içine alýar.

21-nji iýulda Türkmenbaşydaky nebi- ti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda polipropilen örtügini öndürýän täze kärhana hem işe girizildi. Desgada ornaşdyrylan tehnologik ulgamyň ýyllyk kuwwaty biaksial ugurly polipropilen örtüginiň 21 müň tonnasyna barabardyr.

 

Jumanazar GARAJAÝEW,

«Aşgabat» gazetiniň syýasy synçysy,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.