2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

ÖNÜMÇILIGIŇ DEPGINI ÝOKARLANÝAR

Daşoguz  şäherindäki  «Serdar» pagta egriji fabrigi Garaşsyzlyk ýyllarynda ilkinji gurlan pagta egriji kärhanalaryň biri bolmak bilen, ýur­dumyzyň dokma senagatynda mynasyp orny eýeleýär. Bu ýerde dӧwrebap pagta egri­ji enjamlaryň iň täze, kämil nusgalary oturdyldy. Olary ӧndürijilikli işledýän işçi-hünärmenlerimiz ýurdumyzda dokma senagatynyň ӧsmegine saldamly goşant goşýarlar.

Kärhanamyzyň işçi-hünärmenleriniň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda gadamlary has batly.  Kärhana geçen ýylyň degişli dӧwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň geçen 7 aýynda welaýatdaky Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli kärhanalaryň arasynda iň ӧňdäki orny eýeleýär.  Gürrüňi edilýän dӧwürde kärhanada dürli ӧlçegdäki nah ýüplükleriniň 1 müň 150 tonnasy ӧndürilip, ýurdumy­zyň içerki we daşarky bazarlaryna ugradyldy. Ӧnümçiligiň ӧsüş derejesi 105,1 gӧterime ýetirildi.

Kärhanada nah ýüplükleri bilen bir hatarda pamygyň hem ӧnümçiligi ýola goýuldy. Gürrüňi edilýän dӧwürde kärhanada pamyk we pamyk ӧnümleriniň 214 tonna golaýy ӧndürilip, 168,4 gӧterim ӧsüş gazanyldy.  Kärhananyň gazanan bu üstünliklerinde Şabibi Kuwwatnyýazowa, Gülsenem Atabaýewa, Sanawar Babajanowa, Bossan Gapbarowa, Leýla Esebaýewa ýaly işçi hünärmenleriň saldamly goşandy bar.

Kärdeşler arkalaşygynyň kärhanadaky ilkinji guramasy tarapyndan işçileriň iş we durmuş şertleri barada alada edilýär. Ӧnümçiligiň ilerlemegi üçin dürli medeni, kӧpçülik çäreleri geçirilip, ӧnümçiligiň ӧňdebaryjylary hӧweslendirilip durulýar. Bu işde guramanyň işjeň agzalary ýakyndan ýardam berýärler.

 

Akja GAZAKOWA,

Daşoguz şäherindäki «Serdar» pagta egriji fabriginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.