2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

DALAŞGÄRLER GÖRKEZILDI

Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynyň — 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk maslahatynyň birinji mejlisine wekil saýlamaga dalaşgär hödürlemek giň gerime eýe bolýar. Golaýda welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Mary şäher häkimliginiň mejlisler zalynda maslahat geçirildi.

Maslahaty Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň başlygy Muhammetberdi Gurbanow açdy we alyp bardy. Giňişleýin mejlisiň işine TDP-niň welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň ýolbaşçylary, jogapkär işgärleri, işjeň agzalary, ilkinji guramalarynyň başlyklary, şeýle hem welaýatymyzdan Türkmenistanyň Halk maslahatynyň birinji mejlisine wekil saýlanmaly dalaşgärlige hödürlenenler gatnaşdylar.

Maslahatda TDP-niň Mary şäher komitetiniň başlygy Hekim Orazberdiýew Türkmenistanyň Halk maslahatynyň birinji mejlisine wekil saýlamaga dalaşgärlige hödürlenenler bilen tanyşdyrdy. Maslahatda çykyş edenler dalaşgärlige hödürlenenleriň mynasypdyklaryny nygtadylar.

Soňra Türkmenistanyň Halk maslahatynyň birinji mejlisine wekil saýlanmaga dalaşgärler üçin ses bermek arkaly olar biragyzdan saýlandylar. Şeýlelikde, şu ýylyň sentýabrynda geçiriljek möhüm syýasy waka welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalaryndan wekiller hödürlenildi.

 

Çary Amangeldiýew,

“Maru-Şahu jahan” gazetiniň uly habarçysy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.