2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

IŞ TEJRIBESI ÖWRENILDI

Ýakynda etrabymyzdaky 20-nji çagalar bakja-bagynda «Halkara tejribesine salgylanyp, mekdebe çenli çagalar edaralarynda we maşgalada çagalary mekdebe taýýarlamak» atly welaýat derejesinde usuly-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahata gatnaşyjylar çagalara halkara tejribesine salgylanyp, bilim we terbiýe bermekde dürli oýun usullaryny we tejribe usullaryny öwretmekde we ýaýratmakda birnäçe çykyşlary, oýunlary, sapaklary synlap, olary ara alyp maslahatlaşdylar.

Maslahatda etrabymyzyň göreldeli terbiýeçileriniň biri — 1-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Aýsenem Gylyjowa «Mekdebiň bosagasynda» atly aýdym-sazly göwünaçmany örän täsirli, mazmunly geçirmegiň usullaryny innowasion tehnologiýalaryň üsti bilen görkezdi. 8-nji çagalar bakja-bagymyzyň terbiýeçisi we iňlis dili mugallymy Gülnara Mametaliýewa bolsa iňlis dili sapagyndan «Meniň Watanym» atly temada çagalaryň ýylyň dowamynda alan bilimlerini, öwrenen temalaryny berkitdi. Ol çagalaryň iňlis dilini öwrenmäge höwesini, islegini ösdürmegiň birnäçe gyzykly öwrediji oýun usullaryny internet ulgamyndan peýdalanmak arkaly myhmanlara görkezdi. Şeýle-de şol çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Gülälek Rejepowa sözleýişi ösdürmek sapagyndan «Zehinlije körpe» atly temada çagalaryň alan bilim derejelerini barlamak, zehinlerini synamak esasynda dürli oýun usullaryny körpeler bilen innowasion tehnologiýalardan peýdalanyp maslahata gatnaşyjylara görkezdi.

Soňra etraplardan we Mary şäherinden gelen terbiýeçiler dünýä tejribesinde körpeleri mekdebe taýýarlamakda ulanylýan öwrediji oýunlar we olaryň ähmiýeti hakynda gyzykly çykyş etdiler.

 

Ogulnur Abdalowa,

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky 8-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.