2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

KALBA YLHAM BOLAN KITAP

Mähriban Arkadagymyzyň her bir eseri halkymyz üçin gymmatly kitap bolmak bilen, kalplaryň töründen orun alýar. Hormatly Prezidentimiziň çuň zehininden dörän «Enä tagzym-mukaddeslige tagzym» kitabynyň elimize gowuşmagy hem şatlygymyzy artdyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň eserleri halkymyzyň ýol-ýörelgelerine, geçmişine, şu gününe we nurana geljegine söýgi-buýsanjy artdyrmak bilen, Watanymyzyň daýanjy bolan ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Ylma-bilime çäksiz sarpa goýýan hal­kymyz Arkadag Prezidentimiziň her bir eserini alnyna sylyp, eline alýar. Halkyň,esasanam, ýaşlaryň arasynda şol ajaýyp kitaplaryň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär. Kitaplaryň many goýazylygy, taryhymyza, milliligimize döredýän çäksiz söýgüsi, terbiýeçilik ähmiýeti hakynda täsirli söhbet edilýär.

Ýurdumyzda pederlerimizden gelýän asylly ýörelgeler mynasyp dowam etdirilip, zenan mertebesi belentde tutulýar. Ýylyň-ýylyna Halkara zenanlar gününiň ýokary guramaçylykda bellenip geçilmegi, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy, zenanlaryň el hünärini ýaýmakda dürli bäsleşikleriň geçirilmegi, bagtyýarlyga beslenýän döwrümizde zenanlaryň jemgyýetçilik durmuşynda tutýan ornunyň ýokarlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Goý, pederlerimizden miras galan kämil ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzy ösdürmek, ýaş nesliň watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri, ene hormatyny, maşgala gymmatlygyny sarpalamaklary barada taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitabynyň höwri köp bolsun!

Arslan AMANJANOW

Balkanabat şäherindäki 6-njy orta mekdebiň

kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

«Balkan» gazeti.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.