2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

ENE-DÜNÝÄNIŇ GÖRKI

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym-mukaddeslige tagzym» atly täze kitabynyň halkymyza gowuşmagy taryhy waka boldy. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän beýleki kitaplary ýaly, bu ajaýyp eseri hem halkymyz uly söýgi bilen garşylady. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen kitap ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde, mähriban enelerimize bolan söýgi-buýsanjy artdyrmakda bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Kitabyň üç dilde: türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilmegi onuň ähmiýetini we gymmatyny has-da artdyrdy.

Eziz Arkadagymyzyň zehininden döreýän her bir eseriniň diňe bir halkymyz üçin däl-de, eýsem, dünýä ýüzünde türkmeniň taryhy, medeniýeti, halk döredijiligi, däp-dessurlary bilen içgin gyzyklanýan okyjylar üçinem gymmatly hazyna bolup durýandygy bellärliklidir. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiziň döwlet-galamyndan çykýan eserleri dünýä halklarynyň dillerine terjime edilýär.

Ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde enä möhüm orun degişlidir. Ene-mamalarymyz asyrlaryň dowamynda özüňi alyp barmagyň düzgünleri, ýokary adamkärçilikli häsiýetleri kämilleşdirip, nesilden-nesle geçiripdirler. Kitapda mährem enelerimiziň durmuşymyzyň gelşigidigi, ömrümiziň bezegidigi hakyndaky gürrüňler okyjyny bada-bat özüne çekýär, tutuş durkuň bilen ene söýgüsi, hüwdüsi, mähri hakyndaky oýlanmalara berleniňi duýman galýarsyň.

Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda mukaddesliklerimize, milli ýol-ýörelgelerimize, däp-dessurlarymyza goýulýan sarpany has-da belende galdyran eziz Arkadagymyza alkyşymyz çäksizdir.

Täzegül NADYROWA,

Balkanabat şäheriniň ylym we bilim işgärleriniň

kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň geňeşiniň başlygy.

«Balkan» gazeti.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.