2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

HALYPALARA HORMAT ÝARAŞÝAR

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda ýaşuly neslimiziň wekillerine uly hormat goýulýar. Ýurdumyzda her bir tutumly işiň başy ýaşulular bilen başlanýar. Şeýle bolansoň, olar hem öz gezeginde ajaýyp zamanamyzda ýaşlara görüm-görelde görkezýärler we gymmatly nesihatlary bilen olara öwüt-ündew berýärler. Ajaýyp zamanamyzyň bagtly ýaşulularynyň birem Esenguly etrabynyň Ajyýap obasynda ýaşaýan, 80 ýaşy arka atan Nurnyýaz Tuwakowdyr. Ol hormatly Prezidentimiziň ýaşulular barada edýän aladalaryna çäksiz hoşallygyny bildirip, eşretli zamanamyzda oguldyr gyzlaryna, agtykdyr çowluklaryna guwanyp ýaşaýar. Biz ýaşuludan zähmet ýoly barasynda soranymyzda, ol şeýle gürrüň berdi.

—Men 1957-nji ýylda Türkmenbaşy şäherindäki mugallymçylyk mekdebini tamamladym. Harby gullukda bolup gelenimden soň, mugallymçylyk kärinde zähmet çekip başladym. 1968-nji ýylda Türkmenabatdaky mugallymçylyk institutyny tamamlap, obamyzdaky  2-nji orta mekdepde türkmen dili we edebiýaty dersini okadyp ugradym.

Hawa, Nurnyýaz aga kyn hem abraýly kärleriň biri bolan mugallymçylyk kärinde biregne 43 ýyllap zähmet çekýär. Ol: «Okuwça berýän bilimiň nähili bolsa, abraýyň hem şonuň ýalydyr» diýen pähimden ugur alyp, tejribeli kärdeşleriniň sapaklaryna gatnaşýar. Mekdep ýolbaşçylarynyň, bilim bölüminiň berýän usuly maslahatlaryny berjaý edýär. Irmän-arman çekilen zähmet ony halypa mugallymlaryň hataryna goşýar. Nurnyýaz aga işlän döwründe ençeme ýyllap mekdebiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasyna ýolbaşçylyk edýär, mekdebiň hem oba geňeşliginiň syýasy we medeni-köpçülik çärelerine işjeň gatnaşýar. Ol birnäçe ýyllap mekdebiň edebiýat gurnagyna ýolbaşçylyk etmek bilen, ýaşlaryň edebiýata, döredijilige höwesiniň artmagyna ýardam berýär. Onuň okuwçylary çeper döredijiligi bilen gazet-žurnallarda yzygiderli çykyş edip durýarlar.

Ol mekdepde işlän döwründe halypa-şägirt gatnaşyklarynyň ýörelgelerini kemsiz berjaý edip, ýaş mugallymlardan degerli mas­lahatlaryny gaýgyrmaýar. Şeýlelikde, onuň şägirtleriniň birnäçesi häzir etrapda tejribeli mugallymlar hasaplanýar.

N.Tuwakow etrap türkmen dili we edebiýaty mugallymlarynyň bölekleýin okuwyna ençeme ýyllap ýolbaşçylyk etdi. Şeýlelikde, ýaş mugallymlaryň kärine kämilleşmegine, tejribeli mugallymlaryň iş usullarynyň öwrenilmegine mynasyp goşandyny goşdy.

Uzak ýyllap çekilen zähmet öz miwesinem berýär. Nurnyýaz aganyňam yhlasly zähmetine mynasyp baha berlip, ol «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyna, «Halk magaryfynyň otliçnigi» nyşanyna, şeýle hem Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap, welaýat birleşmeleriniň Hormat hatlaryna eýe boldy. N.Tuwakow Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna-da gatnaşdy.

Hormatly dynç alşa çykandygyna garamazdan, Nurnyýaz aga obada, etrapda geçirilýän medeni-köpçülik hem-de wagyz-nesihat çärelerine işjeň gatnaşýar. Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerini ýaşlara düşündirmekde yhlasyny gaýgyrmaýar.

Ýaşulular-edep-terbiýe mekdebi. Şol mekdebi kemsiz özleşdiren ýaşlarymyz kämil adamlar bolup ýetişýärler. Ýaşulularymyzy sylaýan, sarpalaýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

Gurbanmämmet SÖÝÜNJOW,

Esenguly etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy.

«Balkan» gazeti.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.