2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

DÜÝELI TÜRKMENIŇ DERTLI BOLŞUNA MEN HAÝRAN

2017-nji ýylyň tomsunda halk hakydasyndaky aýtgylary, rowaýatdyr tymsallary ýygnap ýören «Nesil» gazetiniň bölüm müdiri, zehinli žurnalist Rahmet Gylyjow bilen duşuşmak nesip edipdi. Şonda onuň bir müň ýyl mundan öň müsürli bir alymyň adamzadyň öz durmuşynda bilýän hem-de iň peýdaly haýwanlary barada kitap ýazandygyny, şonda hem ilkinji orunda düýäniň durýandygyny, ýöne ýolbarsyň haýwanlaryň şasy bolandygy üçin ony birinji orunda goýandygy barada gürrüň beripdi. Şeýle gürrüňdeşlik wagty meniň bir ýakyn tanşymyň başyndan geçiren saglyk bilen baglanyşykly wakasy ýadyma düşüpdi. Ine, men size şol wakany gürrüň bereýin. Belki, düýäniň adamlaryň saglygyna täsiri baradaky bu gürrüň okyjylarymyza öz täsirini ýetirer diýip pikir edýärin.

Adam pahyr näme, başy sag gezip ýörkä özüniň dertli boljagy barada pikir edýärmi? Ol hem ýaşka gyşyň sowgundan, tomsuň yssysyndan özüni goraman dertli bolup galypdy. Lukman emleri öz peýdasyny beribermeýärdi. Ahyry halk tebipçiligiden başy çykýan ýaşuly lukman bu ýaş ýigidi ýanyna çagyryp, lukman gözegçiliginden geçirýär. Şondaky barlaglardan netije çykaran goja lukman näsaga düýe süýdüni hem-de onuň örküç ýagyny ulanmaklygy maslahat berýär. Men hem şol goja lukmanyň düýe süýdi hem-de onuň örküç ýagyny ulanyş usulyny okyjylarymyza ýatlatmakçy:

1) 15 günläp irden düýe sagylyp durka ajöze, işdäň aldygyça, düýe süýdüni içmeli. 2 sagatlap hiç zat iýmeli däl. Ondan soňra berhizsiz işdäň alan iýmitini iýibermeli.

2) Düýe süýdüni içmeklik pursaty tamamlanandan soň düýäniň örküç ýagyny içmeli. Bir kilogram düýäniň örküç ýagyny alyp bişirmeli. Bişeninden soňra onuň erän ýagyny bir aýratyn gaba, onuň jyzzyk bolan bölegini hem aýratyn gaba almaly. Şol erän örküç ýagyny günde irden ajöze çaý içilýän käsäni ýarty edip içibermeli. Şeýle emi mädäň boldum edýänçä edibermeli.

Ine, türkmen tebipçiliginiň düýäniň dermanlyk häsiýetlerinden, dert bejergisinden bir görnüşi. Şeýle emi sowuklamadan emele gelen bokurdak, gyzylödek agyrylaryny, dem alyş ýollaryndaky örgünleri aýyrmakda ulanypdyrlar.

Amanmyrat ÝAMADOW.

Wekilbazar etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň

ýokary hünär derejeli geografiýa mugallymy,

ylym-bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy.

Maru-Şahu-Jahan gazeti.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.