2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

Bagtly çagalaryň ýurdy

Bedew batly ösüşleriň ýurdy bolan Türkmenistanyň bagtly çagalaryna hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlan ajaýyp döwrebap dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde göwnejaý dynç almagy, wagtlaryny şadyýan geçirmegi üçin ähli şertler döredilendir.

Ähli welaýatlarda bolşy ýaly, biziň Lebap welaýatymyzda hem Türkmenabat şäherindäki «Bagtyýarlyk» atly döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde welaýatyň ähli künjeklerinden gelýän çagalaryň ýüzlerçesi tomusky dynç alşy şatlykly geçirýärler. Dynç alyş merkezinde ýörite taýýarlykly terbiýeçiler, mugallymlar we beýleki hünärmenler dürli çäreleri, dabaralary guramak bilen, çagalaryň bilimleriniň ösdürilmegi, gözýetimleriniň giňemegi ugrunda yhlaslaryny, döredijilikli zähmetlerini gaýgyrmaýarlar. Bagtyýar durmuşymyzyň gülleri bolan çagalaryň şatlykly we peýdaly dynç almagy, saglyklaryny berkitmegi ertirki gün olaryň oňat okamagyna täze güýç-kuwwat berýär.

Ajaýyp işleri durmuşa ornaşdyrýan hormatly Prezidentimiziň il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Şemşat HAITOWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Kerki etrap birleşmesiniň hünärmeni.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.