2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hem-de we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da gö­ni ara­gat­na­şyk ar­ka­ly no­bat­da­ky wi­deo­şe­kil­li iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di.

On­da se­bit­le­ri dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň stra­te­gi­ýa­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň me­se­le­le­ri­ne, möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy­na hem-de baý­ram­çy­lyk­la­ra we şan­ly se­ne­le­re taý­ýar­lyk gör­lü­şi­ne ga­ral­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz wi­deo­şe­kil­li iş mas­la­ha­ty­ny açyp, gö­ni ara­gat­na­şy­ga, il­ki bi­len, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­ki­mi Ş.Dur­dy­ly­ýe­wi ça­gyr­dy. Hä­kim ýur­du­my­zyň baş şä­he­rin­de iş­le­riň ýag­da­ýy, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň paý­tag­ty­my­zy aba­dan­laş­dyr­mak, tä­ze gök zo­lak­la­ry dö­ret­mek, dur­muş ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek, şeý­le hem dü­züm­le­ýin tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hä­kim paý­tag­ty­my­zyň ila­ty­nyň 1 mil­li­on adam­dan agan­dy­gy­ny aýt­dy hem-de Aş­ga­ba­dyň do­lan­dy­ryş çäk­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak ha­kyn­da­ky tek­li­bi mil­li Li­de­ri­mi­ziň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­le­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, paý­tag­ty­myz­da iş­le­riň ýag­da­ýy­ny, şol san­da tä­ze des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­ny, aý­ra­tyn-da, Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­lyk gü­nü­niň öňü­sy­ra­syn­da ulan­ma­ga be­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýan des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­ny berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şä­her hä­kim­li­gi­niň öňün­de dur­ýan wa­jyp we­zi­pe­le­ri kes­git­läp, hä­ki­me me­de­ni-dur­muş, in­že­ner-teh­ni­ki hem-de eko­lo­gi­ýa ugur­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan iş­le­ri Aş­ga­bat­da top­lum­la­ýyn ge­çir­mek ba­bat­da anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.

Mil­li Li­de­ri­miz şä­her gul­luk­la­ry­nyň hem-de ul­gam­la­ry­nyň hem­me­si­niň bök­denç­siz iş­le­dil­me­gi­niň döw­rüň ta­la­by­na ky­bap gel­me­li­di­gi­ne ün­si çe­kip, şä­her­gur­lu­şyk ho­ja­ly­gy­nyň do­lan­dy­ryl­ma­gy­na oý­la­ny­şyk­ly çe­me­le­şil­me­gi­niň hem-de bu iş­le­re ýo­ka­ry hil gör­ke­zi­ji­le­ri­niň or­naş­dy­ryl­ma­gy­nyň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Aş­ga­ba­dyň do­lan­dy­ryş çäk­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­me­giň şä­he­riň ila­ty­nyň sa­ny­nyň art­ma­gy hem-de adam­lar üçin amat­ly dur­muş şert­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dy­gy­ny aý­dyp, bu ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy ma­kul­la­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow şu me­se­lä­niň örän wa­jyp­dy­gy­ny bel­läp, tek­li­bi Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň ga­ra­ma­gy­na iber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­myz­da tä­ze et­ra­byň dö­re­dil­me­gi­niň mak­sa­da la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny aýt­dy hem-de bu ba­bat­da de­giş­li iş­le­ri alyp bar­mak ba­ra­da hä­ki­me anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.

Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gö­ni ara­gat­na­şyk­da ge­çi­ril­ýän wi­deo­şe­kil­li iş mas­la­ha­ty­na Ahal we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi Ş.Aman­gel­di­ýe­wi ça­gyr­dy. Hä­kim we­la­ýat­da iş­le­riň ýag­da­ýy, pag­ta ýy­gy­my­na hem-de güýz­lük gal­la eki­şi­ne gu­ra­ma­çy­lyk­ly baş­la­mak bo­ýun­ça gö­rül­ýän top­lum­la­ýyn çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Şeý­le hem şu ýy­lyň ýe­di aýyn­da Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­ny ama­la aşyr­ma­gyň jem­le­ri ha­kyn­da ha­bar be­ril­di. Mun­dan baş­ga-da, we­la­ýat­da do­wam ed­ýän gur­lu­şyk iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di.

Mil­li Li­de­ri­miz oba­se­na­gat top­lu­my­nyň öňün­de goý­lan we­zi­pe­le­riň öz wag­tyn­da çö­zül­me­gi ba­ra­da aý­dyp, pag­ta ýy­gym möw­sü­mi­ni gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­me­giň, şol san­da go­wa­ça ideg et­me­giň, ha­ta­ra­ra be­jer­gi­si­ni öz wag­tyn­da ge­çir­me­giň, azot dö­kün­le­ri bi­len iý­mit­len­dir­me­giň, ösüş su­wu­ny tut­ma­gyň hem-de go­wa­ça­nyň zy­ýan­keş­le­ri­niň öňü­ni al­mak we uju­ny çyrp­mak bo­ýun­ça çä­re­le­ri gör­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow äh­li oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny — kom­baýn­la­ry, trak­tor­la­ry, aw­tou­lag­la­ry we gu­ral­la­ry, pag­ta aras­sa­laý­jy kär­ha­na­la­ry we pag­ta ka­bul ediş har­man­ha­na­la­ry möw­sü­me taý­ýar­la­mak iş­le­ri­ni il­kin­ji no­bat­da­ky we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da kes­git­le­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bug­daý eki­şi­ne taý­ýar­lyk gör­mek ba­ra­da aý­dyp, bug­daý ekil­jek meý­dan­lar­da sü­rüm we te­kiz­le­ýiş iş­le­ri­ni gys­ga wagt­da ta­mam­la­mak üçin ze­rur çä­re­le­ri gör­me­giň, ýo­ka­ry ha­syl­ly to­hum­la­ry ekiş möw­sü­mi­ne do­ly taý­ýar­la­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni aýt­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Oba mil­li mak­sat­na­ma­syn­da göz öňün­de tu­tu­lan iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça de­giş­li çä­re­le­ri gör­mek ba­ra­da hä­ki­me bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.

Mil­li Li­de­ri­miz we­la­ýat­da gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýan des­ga­lar­da iş­le­riň ýag­da­ýy bi­len gy­zyk­la­nyp, hä­ki­miň ün­sü­ni şo­la­ryň gur­lu­şy­gy­na gö­nük­di­ri­len ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri­niň mak­sa­da la­ýyk öz­leş­di­ril­me­li­di­gi­ne çek­di hem-de hä­kim­den al­nyp ba­ryl­ýan gur­lu­şyk iş­le­ri­niň ýag­da­ýy­ny sel­jer­me­gi hem-de we­la­ýat­da gu­rul­ýan me­de­ni-dur­muş we önüm­çi­lik mak­sat­ly des­ga­la­ry öz wag­tyn­da ulan­ma­ga ber­mek üçin çä­re­le­ri gör­me­gi ta­lap et­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz we­zi­pe borç­la­ry­ny ta­la­bala­ýyk ber­jaý et­män, Ahal we­la­ýa­tyn­da ýer­li býu­je­te sal­gyt­la­ry ýyg­na­ma­gyň tab­şy­ry­gy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni üp­jün et­män­di­gi üçin, hä­ki­me kä­ýinç yg­lan et­mek ha­kyn­da de­giş­li Buý­ru­ga gol çek­di.

Soň­ra gö­ni ara­gat­na­şyk­da ge­çi­ril­ýän wi­deo­şe­kil­li iş mas­la­ha­ty Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi Ý.Gy­ly­jo­wyň ha­sa­ba­ty bi­len do­wam et­di. Hä­kim mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa se­bit­de ag­ro­teh­ni­ki ka­da­la­ra la­ýyk­lyk­da güýz­lük bug­da­ýyň eki­şi­ne taý­ýar­lyk gör­mek, gant şu­gun­dy­ry­na ideg et­mek, gök-bak­ja ekin­le­ri­niň bol ha­sy­ly­ny ýyg­na­mak bo­ýun­ça gö­rül­ýän top­lum­la­ýyn çä­re­ler ha­kyn­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem we­la­ýat­da şu ýy­lyň ýe­di aýyn­da Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi, dür­li mak­sat­ly des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy ba­ra­da ha­bar be­ril­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, we­la­ýat­da mö­hüm oba ho­ja­lyk iş­le­ri­ni — güýz­lük bug­da­ýyň eki­şi­ni gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek üçin bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­ri ulan­ma­gyň, we­la­ýat­da gant şu­gun­dy­ry­na ideg iş­le­ri­ni ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da bel­le­nen möh­let­de ge­çir­me­giň, onuň bol ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­me­giň, ýo­ka­ry hil­li oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň, şol san­da gant şu­gun­dy­ry­nyň, gök we bak­ja ekin­le­ri­niň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­gy ta­lap et­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­ne ideg et­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri, şeý­le hem ýer­le­ri dä­ne eki­şi­ne taý­ýar­la­ma­gy, şol san­da äh­li ag­ro­teh­ni­ki çä­re­le­ri berk ber­jaý et­me­gi üns mer­ke­zin­de sak­la­mak ba­ra­da hä­ki­me anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.

Mil­li Li­de­ri­miz we­la­ýat­da al­nyp ba­ryl­ýan gur­lu­şyk iş­le­ri­ne berk gö­zeg­çi­lik et­me­giň äh­mi­ýe­ti ha­kyn­da aý­dyp, bu ul­gam­da gu­rul­ýan dur­muş-me­de­ni we önüm­çi­lik mak­sat­ly des­ga­la­ryň öz wag­tyn­da ulan­ma­ga be­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek ba­bat­da hä­ki­me berk ta­lap bil­dir­di hem-de iş­le­ri ýe­rin­de iç­gin sel­je­rip, de­giş­li ne­ti­je çy­kar­mak ba­ra­da anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýer­li býu­jet bo­ýun­ça tab­şy­ryk­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­leş­me­giň mö­hüm­di­gi­ni aý­dyp, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­min­den bu ugur­da kem­çi­lik­le­ri dü­zet­mek üçin gys­sag­ly ýag­daý­da çä­re­le­riň gö­rül­me­gi­ni ta­lap et­di.

Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi M.Baý­ram­gu­ly­ýew, öz no­ba­tyn­da, Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­ny ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça de­mir­ga­zyk se­bit­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­le­riň bar­şy, go­wa­ça ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk ideg et­mek, pag­ta ýy­gy­my­na, güýz­lük bug­daý eki­şi­ne hem­me­ta­rap­la­ýyn taý­ýar­lyk gör­mek, şol san­da oba­se­na­gat top­lu­my­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, go­wa­ça ideg et­mek — ha­ta­ra­ra be­jer­gi, azot­ly dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek, ösüş su­wu­ny tut­mak, uju­ny çyrp­mak iş­le­ri­ni hem-de zy­ýan­keş­le­riň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça äh­li ze­rur çä­re­le­ri öz wag­tyn­da ge­çir­mek, pag­ta ýy­gy­my möw­sü­mi­ne taý­ýar­lyk gör­mek bo­ýun­ça bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry be­rip, möw­sü­mi ze­rur teh­ni­ka­lar we beý­le­ki de­giş­li se­riş­de­ler bi­len üp­jün et­mek me­se­le­le­ri­ni he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­ma­ly­dy­gy­ny aýt­dy.

Güýz­lük dä­ne eki­şi­ni gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek hem-de şa­ly eki­len meý­dan­la­ra ideg et­mek bo­ýun­ça çä­re­ler ba­bat­da aý­ra­tyn gör­kez­me­ler be­ril­di. Mil­li Li­de­ri­miz bu iş­le­riň ag­ro­teh­ni­ki ka­da­la­ra la­ýyk­lyk­da we öz möh­le­tin­de ge­çi­ril­me­li­di­gi­ne ün­si çe­kip, hä­ki­me anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow des­ga­la­ry öz wag­tyn­da we ýo­ka­ry hil­li gur­ma­gyň äh­mi­ýe­ti­ni na­za­ra al­mak bi­len, ýur­du­my­zyň de­mir­ga­zyk we­la­ýa­tyn­da dür­li mak­sat­ly des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­na gö­nük­di­ri­len ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri­niň öz wag­tyn­da öz­leş­di­ril­me­li­di­gi­ni aýt­dy hem-de hä­ki­me bu me­se­le­le­ri berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­mak ba­ra­da de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we­zi­pe borç­la­ry­ny ta­la­ba­la­ýyk ber­jaý et­män, ýer­li býu­je­te sal­gyt­la­ry ýyg­na­ma­gyň tab­şy­ryklary­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni üp­jün et­män­di­gi üçin, Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi­ne kä­ýinç yg­lan et­mek ha­kyn­da de­giş­li Buý­ru­ga gol çek­di hem-de bu ýag­da­ýy dü­zet­mek üçin äh­li çä­re­le­ri gör­me­gi berk ta­lap et­di.

Soň­ra wi­deo­şe­kil­li gö­ni ara­gat­na­şy­ga Le­bap we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi T.Ata­hal­ly­ýew ça­gy­ryl­dy. Hä­kim Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek ug­run­da gö­rül­ýän çä­re­ler, hu­su­san-da, oba ho­ja­lyk top­lu­myn­da hem-de se­bi­tiň gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýan des­ga­la­ryn­da iş­le­riň ýag­da­ýy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz we­la­ýa­tyň oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň mö­hüm we­zi­pe­le­ri­niň üs­tün­de du­rup geç­mek bi­len, pag­ta ýy­gy­my­na hem-de güýz­lük bug­daý eki­şi­ne taý­ýar­lyk gör­mek ug­run­da äh­li de­giş­li dü­züm­le­riň saz­la­şyk­ly işi­ni ýo­la goý­ma­gy tab­şyr­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow şa­ly eki­len meý­dan­lar­da ekin­le­re ideg et­me­giň ag­ro­teh­ni­ka­nyň möh­let­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da ge­çi­ril­me­gi­ni berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gyň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di, mu­nuň özi ýe­tiş­di­ri­len şa­ly ha­sy­ly­ny bel­le­ni­len möh­let­ler­de ýyg­nap al­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.

Mun­dan baş­ga-da, gur­lu­şyk iş­le­ri­niň ýo­ka­ry hi­li­ni üp­jün et­me­giň hem-de bi­na edil­ýän des­ga­la­ry öz wag­tyn­da ulan­ma­ga ber­me­giň mö­hüm­di­gi bel­le­nil­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz we­zi­pe borç­la­ry­ny ta­la­bala­ýyk ber­jaý et­män, ýer­li býu­je­te sal­gyt­la­ry ýyg­na­ma­gyň tab­şy­ry­klary­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni üp­jün et­män­di­gi üçin, hä­ki­me kä­ýinç yg­lan edip, de­giş­li res­mi­na­ma gol çek­di.

Soň­ra Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi D.An­na­ber­di­ýew se­bit­de iş­le­riň ýag­da­ýy, gün­de­lik oba ho­ja­lyk iş­le­ri hem-de şo­la­ryň dep­gi­ni­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler, şeý­le hem şu ýyl Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­ny ama­la aşyr­ma­gyň bar­şy, şol san­da me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow oba­se­na­gat top­lu­myn­da möw­süm­le­ýin iş­le­ri ýo­ka­ry hil­li ge­çir­mek, we­la­ýat­da bel­le­ni­len ter­ti­be la­ýyk­lyk­da pag­ta ýy­gy­my­na hem-de bug­daý eki­şi­ne de­giş­li de­re­je­de taý­ýar­lyk gör­lü­şi­ni üp­jün et­mek ba­ra­da­ky me­se­le­le­re de­gip geç­mek bi­len, oba ho­ja­lyk önüm­çi­li­gi­niň äh­li dü­züm­le­ri­niň ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la goý­ma­gy tab­şyr­dy. Gant şu­gun­dy­ry­nyň be­re­ket­li ha­sy­ly­ny al­mak ba­ra­da anyk gör­kez­me­ler be­ril­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, tu­tuş ýur­du­myz­da bol­şy ýa­ly, we­la­ýat­da daý­han­la­ry ýo­ka­ry hil­li to­hum­lar, mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len üp­jün et­mek me­se­le­le­ri­ni yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik­de sak­la­mak ze­rur­dyr.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we­la­ýat­da gu­rul­ýan ýa­şa­ýyş jaý­la­ry, me­de­ni-dur­muş we önüm­çi­lik mak­sat­ly des­ga­lar üçin gö­nük­di­ri­len se­riş­de­le­ri öz­leş­dir­mek­de kem­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­ny aý­dyp, şo­la­ryň gur­lu­şyk dep­gi­ni­ni güýç­len­dir­mek hem-de öz wag­tyn­da ulan­ma­ga be­ril­me­gi bo­ýun­ça de­giş­li çä­re­le­ri gör­me­gi tab­şyr­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz we­zi­pe borç­la­ry­ny ta­la­bala­ýyk ber­jaý et­män, ýer­li býu­je­te sal­gyt­la­ry ýyg­na­ma­gyň tab­şy­ryklary­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni üp­jün et­män­di­gi üçin, Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi­ne kä­ýinç yg­lan et­mek ha­kyn­da Buý­ru­ga gol çek­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow mas­la­ha­ty jem­le­mek bi­len, oňa gat­na­şy­jy­la­ra ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ok­gun­ly ös­dür­me­giň, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň hem-de ata Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­niň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

Türkmen döwlet habarlar gullugy.

http://tdh.gov.tm/news/tm/articles.aspx&article13963&cat19

 




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.