2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşykda nobatdaky wideoşekilli maslahaty geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine garaldy.

Göni aragatnaşyga ilkinji bolup çagyrylan Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanymyzyň paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça öň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyza şeýle hem paýtagtymyzda gurulýan desgalarda işleriň barşy, gurluşygyň depginini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Milli Liderimiz türkmen paýtagtyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wezipeleri çözmekde örän çynlakaý we jogapkärli gatnaşygyň zerurdygyny nygtap, ähli şäher gulluklarynyň degişli derejede sazlaşykly işlemeginiň möhümdigini belledi.

Milli Liderimiz paýtagtymyzdaky bilim edaralaryny täze okuw ýylyna taýýarlamak bilen baglanyşykly ähli meseleleri, şeýle hem gyşky ýyladyş möwsümine taýýarlanmakda, ýyladyş ulgamlaryny bejermekde, olaryň bökdençsiz işlemegi üçin öňde durýan işleri üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda gurulýan desgalaryň hiline we olaryň bellenen möhletlerde ulanyşa tabşyrylmagyna berk gözegçilik etmegi paýtagtyň häkimine tabşyrdy.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitdäki işleriň ýagdaýy, welaýatyň hojalyklarynda pagta ýygymynyň başlanmagyna we güýzlük bugdaýyň ekişine taýýarlyk görmekde işleriň barşy barada hasabat berdi. Hasabatda obany özgertmegiň milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilişiniň barşy öz beýanyny tapdy.

Döwlet Baştutanymyz möhüm oba hojalyk möwsümine – pagta ýygymyna taýýarlyk işleriniň guralyşynyň degişli derejede däldigine ünsi çekip, bu ugurda oba hojalyk tehnikasynyň ýagdaýyna nägilelik bildirdi. Milli Liderimiz pagta ýygyjy kombaýnlary, traktorlary we beýleki tehnikalary möwsüme taýýarlamagyň pes derejededigini belläp, häkimden emele gelen ýagdaýy seljermegi hem-de olary düzetmek üçin degişli çäreleri görmegi talap etdi.

Mundan başga-da, milli Liderimiz sebitde desgalary bellenen möhletlerde tabşyrmakda gurluşyk işlerini öz wagtynda we ýokary hilli tamamlamak, täze okuw ýylyna, şeýle hem gyşky möwsüme ýyladyş ulgamyny taýýarlamak üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy.

Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz welaýatyň Kaka, Sarahs we Tejen etraplarynda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginlerine nägilelik bildirdi we gurluşygyň ýokary hil derejesiniň üpjün edilişine hem-de olaryň bellenen wagtda gurlup gutarylmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjowa söz berildi. Ol möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramak, hususan-da, güýzki bugdaý ekişine taýýarlyk boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi. Häkim günbatar welaýatda Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi we gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk meselelerine, ilkinji nobatda bolsa bugdaý ekişine taýýarlyk işlerine ünsi çekdi. Traktorlaryň, ýük ulaglarynyň we beýleki tehnikalaryň möwsüme taýýarlyk derejesine nägilelik bildirip, milli Liderimiz emele gelen ýagdaýy düzetmek boýunça zerur tagallalaryň görülmegini talap etdi.

Täze okuw ýylyna taýýarlyk meselesine degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli mekdeplerde abatlaýyş işlerini öz wagtynda tamamlamagyň zerurdygyny belledi we häkimden gyşky möwsüme ähli ýyladyş ulgamlarynyň işini üpjün etmek meselelerini gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Milli Liderimiz Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjowa ýüzlenip, Türkmenbaşy, Bereket we Etrek etraplarynda täze desgalaryň gurluşygynyň pesdigini belläp, bu ugurda bar bolan kemçilikleri gyssagly düzetmegi talap etdi.

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlar üçin amatly şertleri döretmek, gyzykly medeni çäreleri guramak boýunça giň möçberli işleriň hemişe alnyp barylmalydygyny belläp, hormatly Prezidentimiz ýola goýlan hyzmatlaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegini we bu işleriň berk gözegçilikde saklanmagyny tabşyrdy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew öz çykyşyny häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaý ekişine we pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk işleri baradaky hasabatdan başlady. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada habar berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ähli meýilleşdirilen oba hojalyk işleriniň ýokary hil derejesinde geçirilmegi, agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmegi boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Pagta ýygymy we güýzlük bugdaý ekiliş möwsümine taýýarlyk we zerur bolan tehniki serişdeler bilen üpjün etmek meseleleri hemişe üns merkezinde saklanmalydyr.
Pagta ýygýan kombaýnlaryň, traktorlaryň we beýleki tehnikalaryň taýýarlyk derejesine nägilelik bildirip, milli Liderimiz häkimden ýerlerde emele gelen ýagdaýy seljermegi we işleriň degişli derejede ýola goýulmagyna jogapkärçilikli çemeleşmegi talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz obany özgertmegiň milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň we olaryň üstünlikli çözülmeginiň möhümdigine ünsi çekip, sebitde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depgininiň pesdigine nägilelik bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gurluşygyň hiliniň ýokary bolmalydygyny we bellenen möhletlerde tamamlanmalydygyny belledi. Milli Liderimiz welaýatda täze okuw ýylyna we ýyladyş desgalaryny gyşky möwsüme taýýarlamak babatda işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmagy ugrunda birnäçe tabşyryklary berdi.

Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew welaýatda güýzlük bugdaý ekişine we pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk işleri, ýygym möwsüminde işlediljek oba hojalyk tehnikalarynyň taýýarlygy, dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň depgini barada hasabat berdi. Hususan-da, häkim Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, welaýatda täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşi boýunça wezipeleriň toplumlaýyn esasda çözülmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz sebitiň obasenagat toplumynda wajyp möwsüm bolan pagta ýygymyna we güýzlük bugdaý ekişine guramaçylykly girişmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzyň pagta we bugdaý ösdürip ýetişdirýän hojalyklarynyň degişli tehnikalar, ätiýaçlyk şaýlary we beýleki serişdeler bilen doly üpjün edilýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz häzirki güne çenli oba hojalyk tehnikalarynyň taýýarlyk derejesiniň pesdigini aýtdy. Milli Liderimiz olaryň möhüm oba hojalyk çärelerinde işjeň herekete girizilmegi boýunça alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda täze okuw ýylyna we ähli ýyladyş desgalaryny gyşky möwsüme taýýarlyk işlerine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belläp, Oba milli maksatnamasy boýunça Dänew, Saýat, Hojambaz etraplarynda desgalaryň gurluşygynyň depginlerini güýçlendirmegi häkimden berk talap etdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaý ekişine we pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda görülýän çäreler barada aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaçalara edilýän ideg işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli hem-de bellenilen kadalara laýyk derejede amala aşyrylmagynyň zerurdygyny nygtady. Möwsümleýin oba hojalyk işlerine görülýän taýýarlyk meselelerine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz pagta ýygymy möwsümine taýýarlygyň depginleriniň pesdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz welaýatda pagta ýygymynda işlediljek tehnikalaryň taýýarlyk derejesine nägilelik bildirdi.

Milli Liderimiz täze okuw ýylyna, gyş möwsümine taýýarlyk işlerine ünsi çekip, ýyladyş desgalaryny abatlamak, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň möwsüme taýýarlygyny gözden geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Oba milli maksatnamasy boýunça gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň ähli etraplarda diýen ýaly görkezijileriniň ortaça derejede saklanýandygyny belledi we işiň depginlerini ýokarlandyrmagy häkimden berk talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz wideoşekilli iş maslahatynyň jemini jemläp, ýolbaşçylaryň öňünde durýan möhüm wezipeleri ýene bir ýola kesgitledi we ýerlerde alnyp barylýan işleriň degişli derejede ýola goýulmalydygyny tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Türkmen döwlet habarlary.

http://tdh.gov.tm/news/tm/articles.aspx&article13881&cat19

 




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.