2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

BEÝIK IŞLER DOWAMATA DOWAM

10njy maýda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň goşun görnüşleriniň, Döwlet serhet gullugynyň serhet birikmeleriniň baýdaklaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Ministrler Kabinetiniň 11nji maýda bolan mejlisinde innowasion önümçilik düzümlerini döretmek, bäsdeşlige ukyply önümleriň çykarylýan möçberlerini artdyrmak. intellektual eýeçiligi goramak ulgamynda kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek we beýleki meselelere garaldy. 12nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň saýlama tapgyryna gatnaşdy we Türkmenistandan gatnaşjak topar kesgitlenildi.

14, 21, 28nji maýda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hemde welaýatlaryň häkimleriniň we Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly iş maslahatlaryny geçirdi.

15nji maýda hormatly Prezidentimiz dikuçardan paýtagtymyzda alnyp barylýan iri gurluşyklaryň, birnäçe desgalaryň, şäheriň durmuş düzümini ösdürmek, abadanlaşdyrmak boýunça maksatnamanyň iş ýüzünde ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy. Milli Liderimiz, hususanda, paýtagtymyzy ösdürmegiň 16njy nobatdakysynyň çäklerinde guruljak desgalaryň taýýarlyk işleri, Çandybil şaýolunyň ugrunda guruljak Halkara kongres merkeziniň we kaşaň myhmanhananyň taslamalary bilen tanyşdy. Soňra döwlet Baştutanymyz dikuçarda Ahal welaýatynyň çäginde, Owadandepede gurulýan tebigy gazdan benzin öndürýän zawoda tarap ugrady.

16njy maýda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasy: täze taryhy eýýam we ösüşiň milli tejribesi» atly ylmyamaly maslahat geçirildi.

18nji maýda ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni giňden hemde dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Konstitusiýa binasyna we beýikligi 133 metrlik Baýdak sütünine ajaýyp gül desselerini goýdy. Baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzda hemde welaýatlarda dürli çäreler, sungat ussatlarynyň konsertleri guraldy.

19njy maýda döwlet Baştutanymyz mähriban Diýarymyzyň güngünden gözelleşýän ak mermerli paýtagtynyň şaýollary boýunça welosipedli ýörişi amala aşyrdy. Welosipedli ýörişiň barşynda milli Liderimiz ýollaryň we binalaryň abadanlaşdyrylyşy, ýaşyl zolaklaryň ýagdaýy bilen tanyşdy.

22nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Hökümetiň sporty ösdürmek, «Amul — Hazar 2018»halkara awtorallisine, Aşgabatda geçiriljek Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna hemde Bütindünýä welosiped gününe taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan ýörite mejlisini geçirdi.

24 — 25nji maýda paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly XVÜ köpugurly halkara sergisi geçirildi. Onda şähergurluşyk ulgamynda toplanan iş tejribesi we gazanylan üstünlikler, häzirki Türkmenistanda şäher düzümini kemala getirmegiň möhüm ugurlary görkezildi.

25nji maýda döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda geljek ýyl üçin Döwlet býujetini taýýarlamak, Türkmenistany durmuşykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary we 2019njy ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasy, Türkmenistanyň Halkara Gaz kongresiniň işiniň netijeleri, Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid zawodynyň gurluşygy, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak, oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Şol gün paýtagtymyzyň ýaşaýjylary Aşgabat şäheriniň gününi dabaraly ýagdaýda bellediler. Bu senäniň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň Berkararlyk etrabynda «Kemine» seýilgähi, Köpetdag etrabynda «Nurmuhammet Andalyp» seýilgähi, Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde, Magtymguly şaýolunyň we Tähran köçesiniň kesişýän ýerinde, şeýle hem Büzmeýin etrabynyň Gündogar köçesiniň ugrunda seýilgähler dabaraly ýagdaýda açyldy.

25nji maýda ýurdumyzyň umumy bilim berýän mekdepleriniň uçurymlary üçin Soňky jaň ýaňlandy we okuw ýylynyň tamamlanmagyna bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Şol gün mekdebi tamamlap, özbaşdak durmuş ýoluna gadam goýýan ýaşlaryň 85 müňden gowragy üçin hasda dabaraly hemde tolgundyryjy boldy.

27nji maýda ýurdumyzda Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, pudagyň işgärleriniň uly topary hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp boldy.

29njy maýda döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirdi. Onuň dowamynda «2030njy ýyla çenli döwür üçin Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyna» garaldy, ählumumy ykdysadyýetiň häzirki ýagdaýyny we dünýäniň energetika bazarynyň şertlerini nazara almak bilen birnäçe möhüm ugurlar boýunça onuň görkezijileri kesgitlendi.

30njy maýda hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň bäş aýynda geçiren işleriniň netijelerine garaldy, şeýle hem olaryň işini hasda kämilleşdirmek boýunça wezipeler kesgitlenildi.

Ministrler Kabinetiniň 31nji maýda göni aragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde Prezident maksatnamasyny we ýurdumyzyň durmuşykdysady taýdan ösüşine degişli meýilnamalary ýerine ýetirmegiň barşy, şeýle hem halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatynyň esasy ugurlary bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

 

Jumanazar Garajaýew,

«Aşgabat» gazetiniň syýasy synçysy,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.