2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

TARYHY ÝERLERE GEZELENÇ

        Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda adam we onuň saglygy barada giň möçberli aladalar edilýär. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde saglygy goraýyş merkezleri, hassahanalar, saglyk öýleri, şypahanalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Olarda lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň zähmet çekmekleri üçin ähli amatlylyklar döredilýär.

         Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde lukmanlaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen ýygy-ýygydan okuw-terbiýeçilik saparlary geçirilýär. Onda tejribeli lukmanlar ýaş hünärmenlere lukmançylyk ylmynyň täze gazananlaryny öwredýärler. Bu bolsa ýurdumyzda lukmançylyk ulgamynda gazanylýan üstünlikleriň diňe bir bölegidir.

         Milli Liderimiziň başlangyjy bilen yglan edilen Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda saglygy goraýyş ulgamynda zähmet çekýän hünärmenler hem ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerine syýahat etmäge mümkinçilik tapýarlar. Ýakynda welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň guramagynda bu ýerde zähmet çekýän lukmanlar we şepagat uýalary ilki bilen üstünden köp asyry geçiren, halkymyzyň şöhratly taryhyny özünde jemleýän gadymy Amul galasyna baryp gördüler. Ol ýerde taryhy ýadygärligiň ýolbeledi lukmanlara we şepagat uýalaryna Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen gala we bu ýerde gülläp ösen adybir şäher barada täsirli gürrüň berdi. Soňra saglygy goraýyş işgärleri welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine bardylar. Bu ýerde olar ülkämiziň taryhy-medeni ýadygärliklerini, etnografiýasyny, tebigat dünýäsini şöhlelendirýän bölümlere aýlanyp gördüler.

 

Erkin Mettiýew,

Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.