2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

ÝÜPEKÇILERIMIZIŇ ZÄHMET ÝEŇŞI

Çärjew etrabynyň ýüpekçileri ýeňişli pellehana ynamly ýakynlaşýarlar. Etrabyň daýhan birleşikleriniň 12-sinden 7-si döwlete pile tabşyrmak baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirdi. Döwlete 137 tonnadan gowrak gymmatly çig mal tabşyryldy. Meýilnama boýunça etrabyň hojalyklary 166,7 tonna pile tabşyrmagy meýilleşdirdiler.

Biziň daýhan birleşigimiziň ýüpekçileri döwlete pile tabşyrmak baradaky meýilnamasyny ilkinjileriň biri bolup berjaý etdiler. Bu üstünlik ýüpekçilerimiziň hormatly Prezidentimiziň her kimiň öz iş ornunda ýokary netijeleri gazanyp, öz borjuny haklamalydygy baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda yhlasly we ruhubelent çekýän zähmetiniň netijesidir.

Ýüpekçilerimiz mähriban Watanymyzyň bereketli çäjine 4700 kilogramyň ýerine 4823 kilogramdan gowrak pile tabşyrdylar. Bu zähmet ýeňşine  Adyl we Matlýuba Şaripowlar, Fahrutdin we Saýýara Eminowlar, Ogulboldy Annagylyjowa, Jemşit Seýidow,  Lala Taşowa dagy has uly goşant goşdular. Bu ussat ýüpekçiler  ideden ýüpek gurçuklaryndan meýilleşdirileninden has köp möçberde pile öndürip, beýlekilere görelde boldular. Bu üstünlik ýüpekçilerimiziň tutanýerli zähmetiniň guwandyryjy netijesidir. Daýhan birleşiginde ekerançylyk meýdanlarynda ýüpek gurçuklarynyň iýmit gory bolan tut agaçlarynyň her ýylda üstüniň ýetirilip durulmagy, barlaryna oňat idegiň ýola goýulmagy hem zähmet ýeňşini üpjün eden esasy çeşmeleriň biri boldy.

Häzirki wagtda daýhan birleşigimiziň ekerançylyk meýdanlarynda joşgunly zähmet dowam edýär. Ussat ýüpekçileriň jemlenen, şeýle hem pile öndürmek boýunça tabşyrygyň ýerine ýetirilmegine saldamly goşant goşan Jemşit Seýidowyň we Rozygül Sabirowanyň ýolbaşçylyk edýän 1-nji hem-de 5-nji kärendeçiler toparlarynyň agzalary şu günlerde günsaýyn ösüp, kemala gelýän gowaçalara idegi hem güýçlendirýärler. Gallaçy kärendeçilerimiz bolsa bugdaý oragyna gyzgalaňly taýýarlyk görýärler.

 

Italmaz Sultanow,

Çärjew etrabynyň “Dostluk“ daýhan birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.