2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

SAGLYGYŇ SAKASY

Golaýda Daşoguz şäherindäki ýӧriteleşdirilen Olimp sport mekdebinde TKA-nyň welaýat birleşmesiniň guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Dӧwlet baýdagynyň dӧredilen gününiň baýramçylygyna bagyşlap, şeýle-de ýurdumyzda şu ýylyň maý aýynyň 1-31-i aralygynda geçirilýän temmäkä garşy gӧreşmegiň biraýlygynyň çäklerinde «Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy» atly şygar astynda aragatnaşyk we ulag, gurluşyk we senagat ulgamlarynyň işgärleriniň arasynda sportuň kiçi futbol gӧrnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Çekeleşikli geçen bu ýaryş ezberleri, ӧkdeleri, çeýeleri ӧňe saýlady. Ýaryşyň jemleri boýunça geçirilen ähli duşuşyklarda garşydaş toparyny ýeňmegi başaran Daşoguz Halkara howa menziliniň topary birinji orna, Daşoguz «Telekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň topary ikinji oma, Türkmenistanyň Se­nagat ministrliginiň «Türkmendemirbetonӧnümleri» ӧnümçilik birleşiginiň Daşoguz şäheriniň demir, beton ӧndürýän zawodynyň topary üçünji oma mynasyp boldular. Ýaryşda ýeňiji bolan toparlara we işjeň gatnaşan oýunçylara KA-nyň ilkinji guramalarynyň adyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

***

Şeýle sport ýaryşlary we­laýat merkezindäki «Garaşsyzlyk» stadionynda «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň kärdeşler arkalaşyklarynyň hem-de ilkinji ýaşlar guramalarynyň kärhananyň düzümleriniň agzalaryndan düzülen toparlaryň arasynda kiçi futbol, küşt we düzzüm oýunlary boýunça geçirdi. Bu ýere ýygnanan tomaşaçylar türgenleriň oýunlaryna uly gyzyklanma bilen syn etdiler.

Oýunlaryň dowamynda türgenler ӧz ussatlyklaryny gӧrkezdiler. Ýokary taýýarlykly gelen türgenleriň arasyndan ýeňijini saýlamak ýeňil düşmedi. Ýaryşyň eminler topary oýunlara ünsli seretmek bilen ýeňijileri belli etdi. Şonda düzzüm boýun­ça müdirligiň merkezi ýyladyş elektrotehniki ӧnümçilik tejribehanasynyň inženeri Şerip Şeripowyň, kärhananyň gysyjy desgalar ӧnümçilik bӧlüminiň başlygynyň orunbasary Mergen Tekäýewiň, merkezi ýyladyş elektrotehniki ӧnümçilik tejribehanasynyň inženeri Gurbannazar Meredowyň, küşt boýunça müdirligiň Ýylanly ӧnümçilik edarasynyň abatlaýjysy Ýoldaş Sapaýewiň, müdirligiň düýpli gurluşyk bӧlüminiň inženeri Nazar Bekjanowyň, müdirligiň gӧzegçilik-ӧlçeýji enjamlary bӧlüminiň inženeri Süleýman Tüýliýewiň degişlilikde 1-nji, 2-nji, 3-nji ýerleri eýeländikleri belli boldy. Futbol boýunça bäsleşik has-da gyzgalaňly geçdi. Oňat oýun gӧrkezip, ýokary netijeleri gazanan oýunçylary tomaşaçylar dowamly elçarpyşmalar bilen goldadylar. Ýaryşyň netijesi boýunça toparlaryň arasynda gowy çykyş edip, kӧp utuk gazanan müdirligiň awtoulaglar edara­synyň topary 1-nji orna, kärhananyň Gazawat senagat meýdançasynyň topary 2-nji, müdirligiň Ýylanly ӧnümçilik edarasynyň futbolçylary-da 3-nji orunlara mynasyp boldular.

 

Bagtygül NEPESOWA,

«Daşoguz habarlary»  gazeti




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.