2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

ZENANLARYŇ SPORT ÝARYŞYNDA

Änew şäherindäki sport mekdebinde, saglygy goraýyş edaralarynda zähmet çekýän zenanlaryň, arasynda sport ýaryşlary geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň hem-de welaýatyň Saglygy goraýyş müdirliginiň bilelikde guramagynda geçiri­len ýaryşa welaýatymyzyň şäherdir etraplaryndaky saglygy goraýyş edaralaryndan toparlar gatnaşdy.

Woleýbol, küşt we stoluň üstündäki ten­nis görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlara gyzyklanma uly boldy. Giň sport zalyna ýygnananlar, ilki bilen, woleýbol duşuşyklaryna janköýerlik etdi. Woleýbol ýaryşynyň aýgytlaýjy duşuşygynda welaýatyň çägindäki keselleriň öňüni almak boýunça ýöriteleşdirilen lukmançylyk toplumynyň topary bilen welaýatyň Saglygy goraýyş müdirliginiň topary özara güýç synanyşdy. Çekeleşikli häsiýetde geçen bu duşuşyk, welaýatyň Saglygy goraýyş müdirliginiň toparynyň üstünligi bilen tamamlandy.

Küşt ýaryşy gyzykly duşuşyklara baý boldy. Şol duşuşyklar bu akyl-paýhas oýnunyň zenanlaryň arasynda uly meşhurlyga eýedigini aýdyň görkezdi. Duşuşyklaryň netijesinde welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň şepagat uýasy Gözel Gurbanowa garşydaşlaryndan üstün çykyp, ýeňiji boldy.

Stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça ýaryşda ukyp-başarnygyny görkezenleriň sany has köp boldy. Gyzyk­ly ýaryşyň netijesinde welaýatyň Saglygy goraýyş müdirliginiň işgäri Bibinar Orazowa ýeňiji boldy. Ýaryşyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň ýörite sowgatlary gowşuryldy.

 

Meretmuhammet REJEBOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.