2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

ZEMINIŇ GÖRKI

Toýlarymyzyň toýa ulaşýan zamanasynda Diýarymyzyň çar künjünde baýramçylyk dabaralary giň gerim alýar. Bahar paslynyň tebigata gözellik çaýýan günlerinde Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän çäreler şatlyk- şowhuna beslenýär. Baýramçylyk dabaralarynda mährem enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň waspy belentden ýaňlanyp, zemine täze öwüşgin çaýýar.

Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň binasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda, «Bagtyýar biz Arkadagly Diýarda» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara ýurdumyzyň tanymal ýazyjy-şahyrlary, meşhur medeniýet we sungat ussatlary gatnaşdylar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine goşýan mynasyp goşantlary kalbyňy joşdurýar. Olar bilim ulgamynda ýaş nesillere döwrebap bilim bermegiň nusgalyk ýoluny görkezseler, ylmyň çuňluklaryna aralaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny açýarlar. Diýarymyzyň çar künjünde gurlup ulanylmaga berilýän saglygy goraýyş edaralarynda halal zähmet çekip, näsaglyk tapan ildeşlerimiziň sag-aman maşgalalaryna gowuşmagyna saldamly goşantlaryny goşýarlar. Döwletimiziň dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň işjeň häsiýete eýe bolýan döwründe ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary halkymyzyň gadymy däp-dessurlaryny dünýä ýaýmaga yhlas edýärler. Milli sportuň täze belentliklere çykmagynda-da türkmen zenanlarynyň zähmeti aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Olaryň halkara ýaryşlarynda görkezýän ussatlyklary halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrýar. Kärendeçi zenanlarymyz oba hojalygynda ýere yhlas siňdirip, bol hasyl almakda tapawutlanýarlar. Mährem enelerimiz ýaş gyzlara görüm-görelde mekdebi bolup, olaryň el hünärleriniň nepis bolmalydygyny, edep-terbiýeleriniň dünýä gözellik bolup nur saçmalydygyny wagyz-nesihat edýärler. Baýramçylyk dabarasynda şular dogrusynda giňişleýin söhbet edildi.

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda hem gyz-gelinlerimiziň gazanjak üstünlikleriniň belentde boljakdygy baradaky gürrüňler baýramçylyga gatnaşanlaryň esasy üns merkezinde boldy. Baýramçylyk dabarasynda ýaňlanan aýdym-sazlarda bahar gözelligi, ene mähremligi, ýurt abadançylygy, il agzybirligi wasp edildi.

Baýramçylyga gatnaşanlar eneleriň, gyz-gelinleriň sylag-sarpasyny belentde tutýan mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň hemişe belent bolmagyny arzuw etdiler.

 

Ýörite habarçymyz




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.