2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY TÄZE GÖRNÜŞDE DIKELDILÝÄR

Golaýda türkmenistanlylaryň buýsanjyny artdyran, şonuň bilen birlikde sebitiň halklaryny içgin gyzyklandyrýan möhüm wakalar bolup geçdi. Şol möhüm ähmiýetli wakalar Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat şäherinde Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň täze tapgyrynyň. Türkmenistan - Owganystan - Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Serhetabat - Turgundy demir ýoluny ulanmaga bermek mynasybetli geçirilen dabaralardan ybarat. Bu halkara möçberindäki iri taslamalar sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy berkitmäge, dostlukly gatnaşyklary, hoşniýetli goňşuçylygy, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär.

TOPH gaz geçirijisiniň uly ähmiýetli wakasynyň «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylyna gabat gelmeginiň çuňňur manysy bar. Häzirki döwürde ulus-illere meşhurlygy bilen tanalan bu gadymy ýol ýüzlerçe ýyl mundan ozal türkmen topragyndan hem geçipdir. Häzirki wagtda ady rowaýata öwrülen Ýüpek ýoly täze görnüşde dikeldilýär.

Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny bütin adamzadyň ýagty geljegine gönükdirýän hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyk bildirýäris we döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan beýik işlerine buýsanýarys.

 

Ibraýymguly ILAMANOW,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.