2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

Malym — janym

Ýakynda biz Tagtabazar etrabynyň «Maldar» maldarçylyk hojalygynda bolduk. Maldarlar gyş paslyny taýýarlykly geçirdiler. Geçen ýylyň ýazynda taýýarlanan iri baldakly otlaryň we dürli görnüşlerdäki samanlaryň küde bedeleri mallaryň gyşdan dok çykarylmagyna mümkinçilik berdi. Mallary abat we dok saklamak üçin 7410 tonna arassa ot, mundan başga-da 178 tonnadan-da gowrak arpa taýýarlanylyp, mallaryň gyşladyljak haşarlaryna eltilipdi.

— Türkmende «Oty köpüň — maly dok» diýlip, megerem, ýöne ýere aýdylmaýar. Garaz, ot bol bolansoň, mallaryň ýagdaýy oňat. Mallaryň tabyny göreniňde, «Nesip bolsa, şu ýyl hem mallardan ýokary önüm alnar» diýip pikir öwreniňi duýman galýarsyň. «Maldar» maldar hojalygynda jemi 123058 baş dowar bolup, olaryň 77021 başy ene dowarlardyr. Olardan 70750 baş owlak-guzy almaga garaşylýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mallary ýokary semizlikde saklaýan çopanlardan «Azatlyk» toparyndan Bäşim Şahymowy, «Marçak» toparyndan Seýit Muhammetjumaýewi we «Daýhan» toparyndan Penjeguly Rejebowy görkezmek bolar. Mallaryň sagdyn ösmegi üçin weterinar gullugy tarapyndan gözegçilik edilýär.

Öňdebaryjy maldarlara hojalygyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar yzygiderli gowşurylyp durulýar. Nesip bolsa, şu ýyl hem ýurdumyzyň azyk bolçulygyna özümiziň saldamly goşandymyzy goşarys — diýip, etrap «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň ykdysadyýetçisi Agadurdy Suwhanow uly buýsanç bilen aýdýar.

 

Yazdurdy ABDYRAHMANOW,

Türkmertistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tagtabazar etrap birleşmesiniň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.