2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin sport çärelerine hem-de täze halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde welaýatyň dolandyryş merkezinde bina edilen Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy, şeýle hem “Beýik Ýüpek ýoly” köpçülikleýin sport ýaryşlaryna badalga berdi.

Türkmenistan diňe bir Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşinde dikeltmän, sebitiň örän möhüm ulag geçirijisine, iri halkara logistika merkezine öwrülýär. Bu wezipeler ýurdumyzyň geografiýa taýdan amatly ýerleşmegi hem-de oňyn başlangyçlar bilen çykyş edýän we olary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin ähli tagallalar edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag syýasaty netijesinde yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Munuň üçin häzirkizaman ölçeglerine laýyk gelýän ulag düzümi döredilýär, awtomobil ýollary çekilýär, transmilli demir ýollary, menziller, Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz porty gurulýar, häzirkizaman gämileri satyn alynýar, demir ýol we awtomobil köprüleri bina edilýär, olar diňe bir ýurdumyzyň sebitlerini däl-de goňşy döwletleri hem birleşdirýär.

Ulag hyzmatlarynyň ösdürilmeginde raýat awiasiýasy möhüm orunlaryň birini eýeleýär. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça täze uçarlar satyn alynýar, ýokary hünärli uçarmanlar we tehniki işgärleri taýýarlanylýar, öň bar bolan howa menzilleri döwrebaplaşdyrylýar we täzeleri gurulýar.

Türkmenabat şäheriniň täze howa derwezesi Lebap welaýatynyň howa gatnawlaryna barha artýan isleglerini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, Amyderýanyň kenarynda ýerleşýän hem-de Türkmenistanyň iri senagat merkezine öwrülýän şäheriň sebitiň merkezi hökmündäki derejesini ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Howa menziline barýan ýoluň ugrunda milli ruhdaky baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandy: ak öýler dikildi, folklor toparlary çykyş edýärler, halk amaly-haşam sungatynyň nusgalary, özboluşly däp-dessurlar görkezilýär. Bu ýerde gurnalan ussahanalarda ussat senetkärler işleýärler, gazanlarda aşpezler süýji tagamlary taýýarlaýarlar.

Täze howa menziliniň töwereginde aýratyn ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi, bu ýerde belli estrada artistleriniň, höwesjeň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda sahnalaşdyrylan çykyşlar görkezildi.

Türkmenabat şäheriniň täze Halkara howa menziliniň çäginiň girelgesiniň ýanynda Mejlisiň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän daşary döwletleriň ilçileri, işewürler we döredijilik işgärleri, daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we köpsanly ýerli ýaşaýjylar ýygnandylar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gül desseleri gowşurylýar.

Emele gelen asylly däbe görä, milli Liderimizi din işgärleri we hormatly ýaşulular duz-çörek bilen garşylaýarlar, Beýik Biribardan Watanymyzyň gülläp ösmegini, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan köptaraply işlerinde täze uly üstünlikler dileg edýärler.

Ýygnananlaryň öňünde “Türkmenhowaýollary” gullugynyň “Laçyn” döredijilik topary çykyş etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz howa menziliniň esasy derwezesiniň ýanyna gelýär hem-de dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär.

Hormatly Prezidentimiz ýolagçy terminalyna tarap ugramak bilen, ýüzugruna toplumyň abadanlaşdyrylan çäklerini synlaýar, estrada aýdymçylary, folklor toparlary aýdymlary we tanslary ýerine ýetirýärler.

Milli Liderimiz bu ýerde gurnalan münbere geçýär hem-de dabara gatnaşyjylara gutlag sözleri bilen ýüzlenýär.

Döwlet Baştutanymyz hemmeleri häzirki döwrüň iň ösen talaplaryna laýyk gelýän Türkmenabat Halkara howa menziliniň ulanmaga berilmegi bilen gutlap, mähriban halkymyzyň yhlasly zähmeti we irginsiz tagallasy netijesinde, Garaşsyz, Bitarap Watanymyz dünýäde hemmetaraplaýyn ýokary depginler bilen gülläp ösýän ýurtlaryň birine öwrüldi diýip belledi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda berkarar döwletimiz asyrlara barabar ýol geçip, durmuş-ykdysady ösüşiň belent sepgitlerine ýetdi. Geçen ýylyň güýzünde biz Ahal welaýatynda geçirilen Ýaşulularyň nobatdakyMaslahatynda ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny kabul etdik. Şu Maksatnamada Garaşsyz Diýarymyzy mundan beýläk-de ähli ugurlar boýunça ýokary depginler bilen ösdürmegi dowam etmegi, Bitarap Watanymyzy dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň birine öwürmegi, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokary derejelere ýetirmegi göz öňünde tutduk.

Häzirki döwürde Garaşsyz döwletimiziň Konstitusiýasyna we kabul edilen Maksatnama laýyklykda bu ugurda örän köp işler alnyp barylýar. Müňlerçe häzirki zaman desgalary, iri zawod-fabrikler, mekdepler, çagalar baglary, hassahanalar, has oňaýly ýaşaýyş jaý toplumlary we beýleki desgalar ýokary depginler bilen bina edilýär.

Döwletleri we kontinentleri birleşdirýän, häzirki zaman üpjünçilik ulgamlary bolan awtomobil we demir ýollary, gaz we elektrik geçirijileri, aragatnaşyk ulgamlary giň gerimler bilen gurulýar.

Şeýlelikde, gadymy türkmen ülkesi gözümiziň alnynda özgerýär we gözelleşýär. Amala aşyrylýan bu tutumly işler bize hem-ä ýurdumyzy has-da ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, hem-de dünýäniň dürli ýurtlary, ilkinji nobatda bolsa, sebitde ýerleşýän goňşy döwletler bilen özara bähbitli gatnaşyklarymyzy giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda - üç gün mundan öň, birnäçe döwlet ýolbaşçylarynyň we ýokary derejeli wekiliýetleriň gatnaşmagynda asyryň iň iri gurluşyklarynyň biri bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň düýbüniň tutulmagynyň ähmiýetini belledi.

Bu gaz geçirijiniň geljegi örän uludyr diýip, milli Liderimiz onuň sebitiň durnukly ösüşini üpjün etmekde, halklaryň arasynda dost-doganlyk we ynanyşmak gatnaşyklaryny berkitmekde, üstünden geçýän ýurtlar üçin müňlerçe täze iş orunlaryny döredip, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda uly ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynam bildirdi.

Biz 2018-nji ýyly «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip yglan etdik. Şoňa görä-de, ýurdumyzda häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän döwrebap ulag – logistika düzümini döretmek boýunça uly işleri durmuşa geçirdik we geçirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Bu bolsa, birmahallar gadymy türkmen ülkesiniň çäklerinden geçip, Gündogar bilen Günbataryň döwletlerini we halklaryny birleşdiren Beýik Ýüpek ýoluny häzirki döwürde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gaýtadan dikeldýändigini, onuň Ýer ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmaga we hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmäge işjeň gatnaşýandygyny dünýä aýdyň görkezýär.

Biz bu gadymy Ýoluň ugrunda ýerleşýän ýurtlar we halklar bilen birek-birege bähbitli söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ýola goýýarys. Iki tarap üçin hem netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýäris.

Geçen ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýa Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi diýip, milli Liderimiz nygtady. Munuň özi Bitarap döwletimiziň halkara gatnaşyklaryny ösdürmekde ulag we multimodal üstaşyr geçelgelerini döretmek hem-de bu ulgamda netijeli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek we giňeltmek ugrunda yzygiderli durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Şeýle ýagdaý sebitde özara düşünişmäge, parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge, halklaryň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna ýardam berýär. Bu bolsa, häzirki çylşyrymly döwürde örän uly meseledir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda Lebap welaýaty hem ýokary depginler bilen ösýär. Welaýatda diňe soňky ýyllarda ululy-kiçili desgalaryň ýüzlerçesi gurlup, ulanmaga berildi we häzirki döwürde hem gurluşygy alnyp barylýar. Milli Liderimiz olaryň hatarynda iri desgalar bolan Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprülerini, Garlyk şäherçesindäki Kaliý dökünlerini öndürýän dag magdan toplumyny, Türkmenabat şäherindäki kükürt kislotasyny öndürýän önümçiligi, Seýdi şäherindäki pagta egriji, Garabekewüldäki pagta arassalaýjy kärhanalary, köp ugurly welaýat hassahanasyny hem-de onlarça beýleki medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalary görkezdi.

Biz ýurdumyzy özgertmek boýunça alyp barýan giň gerimli bu işlerimiziň ählisini mähriban halkymyzyň abadan, bagtyýar we bolelin durmuşda, erkana ýaşamagy üçin, ata Watanymyzy dünýäniň senagat taýdan ösen döwletine öwürmek maksady bilen edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiz täze Türkmenabat Halkara howa menziliniň diňe bir Garaşsyz Diýarymyzyň gündogar sebitini däl-de, eýsem, tutuş berkarar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge hem uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Bu Halkara howa menzili döwletleriň arasynda dostlugy we parahatçylygy berkitmäge hyzmat etjek ulag gatnawlarynyň möhüm çatryklarynyň biri bolar. Aziýany we Ýewropany birleşdirýän ulag kommunikasiýalarynyň halkara ulgamynyň möhüm bölegine öwrüler.

Türkmen gurluşykçylarynyň yhlasly zähmeti bilen bina edilen bu howa menzili sagatda 500 ýolagça hyzmat eder. Howa gatnawlarynyň howpsuz, ygtybarly we netijeli amala aşyrylmagyna mümkinçilik berer. Ýurdumyzyň milli raýat awiasiýasynyň halkara hem-de ýerli howa gatnawlary ulgamyna üstünlikli goşulmagyna, ýolagçy we ýük gatnawlarynyň möçberini artdyryp, hilini ýokarlandyrmaga şert döreder.

Hormatly Prezidentimiz şu ýyl ýurdumyzda ilkinji gezek bellenjek Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň işgärleriniň baýramynyň öňýanynda Türkmenabat Halkara howa menziliniň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen hemmeleri ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ýurdumyzyň howa ulaglarynyň ähli işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ata Watanymyzy ýokary depginler bilen ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde täze üstünlikler arzuw etdi.

Soňra Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Türkmenabat şäherine gelen daşary ýurtly myhmanlara söz berilýär.

Olaryň hatarynda Ginnesiň bütindünýä rekordlar Kitabynyň resmi wekili Şeýda Subaşi - Gemiji hem bar. Myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de bu ýere ýygnananlary şanly waka mynasybetli gutlap, bu günüň diňe bir ýurdumyzyň raýatlary hem-de tutuş halkara raýat awiasiýasy üçin däl-de, Ginnes neşiri üçin hem üýtgeşik gündigini belledi – Türkmenistan nobatdaky gezek özgertmeleriň gerimi bilen haýran galdyrýar!

Biz Türkmenabat şäheriniň täze howa menziliniň ähli ajaýyplygyna hem-de ýokary tehnologiýa eýedigine uly baha berdik diýip, ol ýolagçy terminalynyň belentden görünýän keşbiniň aýratyn ünse mynasypdygyny, terminalyň ägirt uly ýyldyz görnüşinde örtüginiň bardygyny aýtdy. Binagärlik taýdan şeýle ajaýyp çözgüt howa menziliniň gaýtalanmajak aýratynlygydyr, şeýle binagärlik aýratynlygy dünýäde ýokdur. Şeýlelikde biz ony Ginnesiň rekordlar Kitabynda hormatly orun almaga mynasyp hasap edýäris diýip, myhman aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenhowaýollary” gullugynyň ýolbaşçysy D.Saburowa Ginnesiň rekordlar Kitabynyň Sertifikaty gowşuryldy, onda Türkmenabat Halkara howa menziliniň ýolagçy terminalynyň binagärlik taýdan ýeke-täk we gaýtalanmajak keşbe eýedigi resmi taýdan tassyklanylýar.

Soňra Mýunhen halkara howa menziliniň marketing we satuwlar boýunça wise-prezidenti Lorenso Di Loreto çykyş etdi. Ol hemmeleri Türkmenistanda gurlan ýene bir haýran galdyryjy we täsin desganyň - Türkmenabat Halkara howa menziliniň açylmagy bilen gutlady.

Myhman täze howa menziliniň işe başlamaga doly taýýardygyny hem-de özüniň niýetlenen wezipesini mynasyp ýerine ýetirjekdigini belläp, geňeşçiler hokmünde saýlanyp alnan Mýunhen howa menziliniň hünärmenlerine bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirdi. Jenap Di Loreto Türkmenistanyň Baştutanyny Mýunhen Halkara howa menziliniň türkmen howa gatnawlary gullugynyň ygtybarly hyzmatdaşy boljaklygyny aýdyp, Türkmenabadyň Halkara howa menziliniň ähli ulgamlarynyň işleýşiniň ýokary baha mynasypdygyny tassyklaýan şahadatnamany gowşurdy.

Çykyşlar tamamlanandan soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylaryň ugratmagynda baş ýolagçy terminalynyň binasyna girýär. Bu ýerde milli Liderimizi awiatorlaryň lybasyndaky çagalar batly aýdymlar bilen garşlaýarlar.

Döwlet Baştutanymyz howa menziliniň abadanlaşdyrylyşy we enjamlaşdyrylyşy hem-de ýolagçylardyr işgärler üçin döredilen şertler bilen tanşyp başlaýar.

Türkmenabat şäheriniň ozalky howa menzili baryp 1926-njy ýylda ulanylyşa berlipdi. Şondan soňra ol birnäçe gezek gaýtadan abatlanyldy. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ol täze aeronawigasiýa ulgamy bilen enjamlaşdyryldy, perronda awtomatlaşdyrylan ulgamly ýangyç guýujysy bolan duralga guruldy, uçuş-gonuş zolagy uzaldyldy. Munuň özi dünýäde giňden belli bolan “Boing” kysymly uçarlary kabul etmäge mümkinçilik berdi. Ýöne bu döwrebaplaşdyrmalara garamazdan häzirki wagta çenli howa menzili ýolagçy we ýük daşamagyň barha artýan möçberlerini, döwrüň bildirýän hil talaplaryny hem-de ýolagçylara we howa gämilerine hyzmat etmegiň ölçeglerini üpjün etmegi kanagatlandyryp bilmeýärdi.

Täze iň naýbaşy döwrebap howa menziliniň ulanylmaga berilmegi bilen dünýäniň köp ýurtlaryna halkara gatnawlaryny amala aşyrmaga, üstaşyr gatnawlary kabul etmäge we olara hyzmat etmäge giň mümkinçilikler açylýar.

Täze howa menziliniň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy - “Gündogdy” hususy kärhanasy amala aşyrdy. Watanymyzyň gurluşykçylarynyň ýokary hünär derejesi, guramaçylyk başarnyklary eýýäm ýurdumyzyň çäklerinden daşarda hem bellidir. Soňky ýyllarda olaryň elleri we ussatlyklary bilen Aşgabatda, Türkmenabatda, Awazada we Türkmenistanyň beýleki şäherlerinde köp sanly iri senagat, ulag we durmuş maksatly desgalar guruldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri Türkmenabat şäheriniň halkara howa menziliniň gurluşygynda hem ýokary ussatlyklaryny görkezdiler. “Gündogdy” kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan aerodrom toplumynyň desgalarynyň 46-synyň ählisi hem taslama-tehnologik ölçegleriň anyk berjaý edilmeginde ýokary hilli guruldy.

Täze howa menziliniň desgalary 600 gektara deň bolan giň meýdanda ýerleşýär. Toplumyň gurluşygynda milli binagärligiň özboluşly usullary döredijilikli peýdalanyldy. Howa menziliniň girelgesiniň öňünde lebap haly göli görnüşinde owadan suw çüwdürimleri oturdyldy, meýdany 37 müň inedördül metre deň bolan ýolagçy terminalynyň binasy guşuçar belentlikden Oguzhanyň ýyldyzy keşbinde görünýär, munuň üçin bu howa menzili Ginnesiň rekordlar Kitabyna girizildi.

Giň ýolagçy terminalynda garaşmak, çalt bellige almak we uçarlara münmek üçin aňrybaş amatly şertler döredilipdir. Teleskopiki uçara münülýän merdiwanlar, maglumat tablosy, halkara, şäherara aragatnaşyk nokady, goş saklanýan kameralar ýolagçylaryň ygtyýarynda bolar. Ýolagçylaryň uçmaga garaşýan zalynda amatly oturgyçlar gurnalypdyr. Şeýle hem bu ýerde kafeteriler, bufetler, dükanlar ýerleşdirilipdir. Şeýle hem bu ýerde СIP –zal, Duty free dükanlary, internet kafe we beýlekiler bar.

Özüniň inžener-tehniki we gurnalyş aýratynlyklary babatynda täze terminal ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly howa menzili desgalarynyň biri bolup durýar. Howa gämileriniň ýerüsti hereketini guramak we dolandyrmak ulgamynda howpsuzlyk kadalarynyň ähli talaplarynyň üpjün edilmegine toplumlaýyn çemeleşme amala aşyryldy. Ýolagçylara hyzmat etmek, el goşlaryny we ýükleri gözden geçirmek, hyzmatlaryň tutuş ulgamyny guramak ýokary halkara ölçeglerine laýyklykda ýerine ýetiriler, täze howa menziliniň bäsdeşlige ukyplylygy hyzmatlaryň görnüşine we hiline bagly bolar. Terminalda 9 eskolator we 19 lift gurnaldy.

Dabara gatnaşyjylar üçin Türkmenabat Halkara howa menziliniň ýokary tehnologiýaly multimediýa tanyşdyrylyş çäresi geçirildi.

...Gara ekranda biri-biriniň yzy bilen ýagty ýyldyzlar peýda bolýar, olar “Beýik Ýüpek ýolunyň” ugurlary boýunça hatara düzülýär. Şol pursatda çägeli tupanlaryň arasynda gaýyp bolýarlar hem-de çäksiz çöllük depelere siňip gidýärler...

Tomaşada ýagtylyk diod ekranlary, proeksion ylgaw we aradan dolandyryş dronlary ulanyldy. Alyp baryjy gadymy meşhur ýoluň köp ýurtlaryň söwdasyndaky, medeniýetindäki we syýasatyndaky ägirt uly ähmiýeti barada gürrüň berýär. Tomaşaçylar kerwenleriň gumuň içinden ýol söküp, Hytaýdan we Hindistandan yklymyň Ýewropa bölegine hem-de yzyna täsin harytlary daşaýyşlaryna syn edýärler.

Häzirki Türkmenistanyň çäginde bu ýoluň uly bölegi, onuň merkezi ýerleşýär. Türkmen topragynda saklanyp galan taryhy ýadygärlikler şol döwrüň şaýatlarydyr. Asyrlar we nesiller çalyşdy, Beýik Ýüpek ýoly taryhyň sahypalaryna siňdi. Ýöne hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly syýasaty netijesinde biziň günlerimizde bu ýol ýene-de dikeldilýär!

Häzirki döwürde iri halkara we sebit deňiz, derýa, awtomobil, demir ýol we howa ýollaryna çykmak arkaly ýurdumyzda ulag gatnawlarynyň utgaşdyrylan ulgamy ösdürilýär. Türkmenistan Demirgazygyň we Günortanyň, Günbataryň we Gündogaryň, Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda “Altyn derwezä” öwrülýär.

Awiasiýa kontinental ulag ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda iň ýokary halkara talaplaryna laýyk gelýän bu pudagyň döwrebap ýerüsti düzümi kemala getirilýär: dürli gönüşli howa gämilerini kabul etmäge ukyply uçuş-gonuş zolaklary, iň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen howa menzilleriniň toplumlary, şeýle hem awiasion tehnikanyň döwrebap parky döredilýär.

2016-njy ýylyň sentýabrynda Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzili ulanmaga berildi. Ol Orta Aziýada iň iri howa menzili toplumyna öwrüldi. 2017-nji ýylda türkmen paýtagty Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny kabul etdi we howa menzili 60-dan gowrak ýurtdan türgenleri we myhmanlary ýokary derejede garşylap, özüniň üstüne ýüklenen wezipäniň hötdesinden abraý bilen geldi.

Türkmenabat şäherinde täze howa menzil toplumynyň gurulmagy awiaulag düzümini kämilleşdirmek boýunça iri taslamalaryň biri boldy. Ol ýurdumyzda halkara derejesine eýe bolan howa menzilleriniň nobatdakysydyr. Türkmenistan şeýle ýokary ösüş depgini bilen biziň günlerimizde Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginiň täze güýç bilen urýandygyny tutuş dünýä görkezýär!

Milli Liderimiz ýolagçylaryň uçýan zolagyna bardy, şol ýerden uçuş zolagyna giň görnüş açylýar.

Döwlet Baştutanymyz täze howa menziliniň taryhynda ilkinji uçaryň gonuşyna syn edýär.

Ilki bilen uçuş-gonuş zolagyna “Türkmenistan awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine degişli “Boeing 777-200 LR” uçary, onuň yzýany bilen bolsa “Boeing 757-200” hem-de “Boeing 737-800” uçarlary gonýarlar.

Soňra Türkmenabadyň howa menziline yzly-yzyna daşary ýurt kompaniýalarynyň uçarlary – Ukrainanyň “Antonow” döwlet kärhanasynyň “ATP GP AN-124”, Slowakiýanyň “Air Cargo Global” howa ýollarynyň “Boeing 747-400”, “SOMON AIR” täjik awiakompaniýasynyň “Boeing 737”, BAE-niň “AIR Arabia” awiakompaniýasynyň “A-320” uçarlary gonýarlar.

Türkmenabadyň howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň uzynlygy 3800 metre we ini 60 metre barabardyr. Ol uçuşlary üpjün etmek boýunça ýerüsti serişdeleri – gonuş ulgamy, radiomaýaklar, ýagtylyk arkaly signal bermek we meteorologiýa enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Munuň özi uçarlaryň ähli görnüşlerine, şol sanda aerobuslara hyzmat etmäge mümkinçilik berýär.

Howa menzili dünýäniň ýörite tehnikalary öndürýän meşhur kompaniýalaryň döwrebap enjamlary we gurallary bilen üpjün edildi. Howa hereketini dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan merkezi diňe bir bu ýerden gatnaýan uçarlara däl, eýsem, Türkmenistanyň gündogar sebitiniň howa giňişliginde üstaşyr geçýän uçarlaryň hem uçuşyna üznüksiz gözegçilik edip bilýär. Merkezi ýangyç guýujy ulgamy howa gämilerine çalt hem-de ýokary hilli hyzmat etmäge mümkinçilik berýär.

Ýerüsti düzüme öwrüm ediş ýodajyklary we duralgalar, howa gämileri üçin perron girýär, howa hereketini dolandyryş gullugynyň diňi, dispetçerçilik nokatlary we beýleki desgalar guruldy. Bu ýerde IKAO-nyň ikinji derejesi boýunça gonuş ulgamy hereket edýär. Gelip gowşan we iberilýän ýükleri işläp geçmek üçin howa menziliniň ýük terminaly ýükleri işläp geçmegiň awtomatlaşdyrylan ulgamy bilen üpjün edildi.

Tehnologiýa taýdan enjamlaşdyrylan kömekçi desgalaryň we bazalaryň onlarçasy esasy desgalar bilen birlikde tutuş aerodrom toplumynyň takyk işlemegini hem-de oňa ýokary hilli hyzmat edilmegini üpjün eder. Halkara howa menziliniň çäginde şeýle hem lukmançylyk merkezi, naharhana, 100 orunlyk myhmanhana, üsti ýapyk awtoduralga ýerleşýär. Howa menziliniň durmuş üpjünçiliginiň zerur bolan ulgamlarynyň ählisi, eltiji inžener we ulag kommunikasiýalary çekildi.

Milli Liderimiz Türkmenabadyň howa menziliniň hormatly myhmanlarynyň Kitabynda ýazgy galdyryp, täze Halkara howa menziliniň işgärlerine işlerinde uly üstünlikler, jan saglyk we maşgala abadançylygyny arzuw etdi.

... Şu gün ir bilen türkmenistanlylaryň müňlerçesi baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdança ýygnandylar, bu ýerden – Türkmenabat şäheriniň baş köçesi Bitarap Türkmenistan şaýolundan ýeňil atletika ylgaw ýaryşy badalga alýar.

Ýygnananlaryň arasynda hökümet agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar we daşary ýurtly myhmanlar bar. Bu ýerde ruhubelent, şadyýanlyk ýagdaýy we hoşniýetlilik, sagdynlyk ruhy höküm sürýär.

Ýaryşlaryň badalga beriljek ýerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gelýär. Sport baýramyna gatnaşyjylar milli Liderimizi ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.

Ýaryşlaryň başlanjak ýerinde elleri baýdakly talyplar, hünär okuw mekdepleriniň, sport mekdepleriniň okuwçylary, zähmet toparlarynyň we jemgyýetçiligiň köpsanly wekilleri hatara düzüldiler.

Joşgunly aýdym-sazlar, türgenleriň görkezme çykyşlary dabara gatnaşyjylarda baýramçylyk şatlygyny döredýär.

Soňra oglanjyk döwlet Baştutanymyza ylgaw taýajygyny gowşurýar we deňi-taýy bolmadyk ylgaw ýaryşyna ak pata bermegi we açmagy haýyş edýär, bu ýaryş tutuş ýurdumyz boýunça köpsanly ýeňil atletika toparlaryny – sagdyn-durmuş ýörelgesine eýerýänleri ýygnar. Ak ylgaw taýajygynda Garagumuň altynsow çägeleri şekillendirilýär, onuň öň tarapynda “Türkmenistan“ diýen ýazgy, beýleki tarapynda “Beýik Ýüpek ýoly” diýen ýazgy hem-de “Amul-Hazar 2018” ýaryşlarynyň nyşany bar.

Ýaryşyň başlanmagyna hemme zat taýýar edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylgaw ýaryşyna badalga berdi.

Milli Liderimiz ýoluň birinji bölegini tiz geçip, ylgaw taýajygyny ogly Serdar Berdimuhamedowa gowşurýar, bu ýagdaý halkymyzyň mukaddes däpleriniň biri hökmünde nesilleriň dowamlylygynyň nyşanyna öwrüldi.

Mejlisiň deputaty Serdar Berdimuhamedow Kada-kanunçylyk baradaky komitete ýolbaşçylyk edip, ýaşlaryň arasynda bedenterbiýe-köpçülikleýin hereketini we sporty ösdürmek boýunça işleri işjeň guraýar. Ýaş parlamentariý Türkmenistanyň Söweş sungatlary boýunça milli federasiýasyna ýolbaşçylyk edýär. Bu Federasiýanyň wekilleri Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda ýygyndy toparymyz üçin medallaryň köp sanlysyny gazandylar.

Şu ýyl hem Türkmenistan sport çärelerine baý bolup, olaryň hatarynda döwlet Baştutanymyzyň teklibi boýunça “Beýik Ýüpek ýoly” diýlip atlandyrylan ugur boýunça geçiriljek “Amul-Hazar 2018” awtorallisi, welosiped ýaryşy we uzak aralyga ylgamak boýunça çäreler bar. Öňde agyr atletika boýunça dünýä çempionaty hem bolup, ol Aşgabatda geçiriler.

Soňra ylgaw tapgyryny ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de paýtagtymyzyň häkimleri dowam edýärler. Dabaralaryň taryhy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda iri merkez bolan Amulyň mirasdüşeri – Türkmenabatda geçirilýändigi sebäpli ylgaw ýaryşyny ilki bilen Lebap kabul edýär. Soňra yzygiderlilikde Mary, Ahal, Daşoguz welaýatlary, Aşgabat şäheri we Balkan welaýaty kabul ederler.

Türkmenabat şäheriniň günorta böleginde ýerleşen gadymy Amul galasy bu gün baýramçylyk lybasyna beslendi. Ylgawçylaryň yzysüre bu ýerden welosipedçiler hem ýaryşa badalga aldylar. Hut bu ülkeleriň “Beýik Ýüpek ýoly” boýunça ýaryşlaryň başlanýan ýerine öwrülmegi näme bilen bagly?

Arheologiýa tapyndylary gadymy Amulyň 20 asyrdan gowrak wagt mundan ozal uly we köp ilatly ýer bolandygyny görkezýär, bu ýerde dürli senetler ösüp, şaý pullary ýasalypdyr. Bu ýerde arheologlar I-IX asyrlara degişli mis pullaryny tapdylar. Biziň eýýamymyzyň ilkinji asyrlarynda Amul Kuşan döwletiniň düzümine giripdir, bu döwlet ýykylandan soň bolsa ol biziň eýýamymyzyň IV asyrynda özbaşdak döwlet bolupdyr.

Soňra bu ilatly ýeriň üstünden Beýik Ýüpek ýoly geçip, ol Hytaýdan Merkezi Aziýanyň üsti bilen Eýrana, Ortaýer deňzine çenli uzalypdyr. Şonda Jeýhun derýasyndan geçelge gurlup, ol şol döwürden bäri Amul obasynyň hormatyna Amyderýa diýlip atlandyrylyp başlanypdyr. Amul möhüm düşelge bolup, bu ýere ençeme söwda ýollary gelipdir, bu ýerden Eýrana, Hindistana, Gündogar Ýewropa söwda ýollary uzapdyr. Şeýlelikde, Amul Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegine öwrüldi.

...Ylgaw ýaryşynyň yzysüre welosipedli ýaryş başlandy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli ýaryşyň hem öňüni çekdi.

Owadan sport lybasyna beslenen welosipedçileriň bir ýarym müňüsi, edaralaryň we kärhanalaryň wekilleri, Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynyň talyplary, Türkmenabadyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary “Amul-Hazar 2018” ýaryşyny kabul etdiler.

Welosipedli ýaryşlar—dürli durmuş, sport we ekologiýa taslamalaryny we maksatlaryny goldamak üçin köp ýurtlarda geçirilýän jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň meşhur görnüşleriniň biridir. Türkmenistanda şunuň ýaly çäreler indi däbe öwrülip, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär. Aziada-2017-niň maksatnamasyna girizilen sportuň 21 görnüşiniň hatarynda welosiped sporty (trek) hem boldy. Bu sport boýunça ýaryşlar paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň desgalarynyň birinde – üsti ýapyk ajaýyp welotrekde geçirildi. Onuň welosiped ýollary ähli ölçegleri boýunça degişli halkara standartlaryna hem-de şeýle desgalara bildirilýän häzirki zamanyň talaplaryna kybap gelýär.

Bu ýerde göz öňünde tutulan şertler iri ýaryşlary, şol sanda dünýä çempionatlaryny geçirmäge mümkinçilik berýär. Welotrek 6 müň tomaşaçy orunlyk bolup, olaryň ýerleşdirilişi janköýerler üçin ýokary hilli tomaşa etmek mümkinçiligini üpjün edýär. Desgada zerur bolan düzüm göz öňünde tutuldy, ol türgenler we tälimçiler, tehniki we hyzmat edýän işgärler we elbetde, tomaşaçylar—welosiped sportunyň muşdaklary üçin amatly şertler döredýär.

Şol wagt hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary sport ussatlygyny we beden taýýarlygyny ýene bir gezek görkezip, özüne mahsus bolan okgunlylyk bilen Türkmenabat şäheriniň merkezi köçeleriniň çatrygyndaky welosiped ýaryşynyň pellehanasyna ýetdi.

Sporta bagyşlanan joşgunly aýdym-sazly çykyş ýaýbaňlanýar. Ruhubelent aýdym we saz arkaly halkymyzyň milli Liderine – ýurdumyzda ajaýyp özgertmeleriň başyny başlaýja bolan çäksiz söýgüsi we hoşallygy wasp edilýär. Bu ýerde saglyk we sport biziň ýeňişlerimiziň hem-de ähli beýik, asylly başlangyçlarymyzyň nyşanlaryna öwrüldi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow awtoulagda şu ýylyň sentýabrynda halkara awtorallisiniň badalga beriljek ýerine barýar.

Bu ýerde döredijilik toparlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlanýar. Meýdança monitorly banerler, türkmen çölüniň tebigaty hem-de ralli ýaryşlarynyň pursatlary, arkalar hem-de ýaryşlaryň nyşany ýerleşdirilen pannolar bilen bezelipdir. Aziadanyň nyşany – hemmeleriň söýgüsini gazanan Wepaly alabaý hem mynasyp ornuny eýeledi, ol Aziada tamamlanandan soň, biz bilen hoşlaşman, eýsem, Täze 2018-nji ýyla gadam basyp, It ýylynyň nyşanyna öwrüldi.

Ýakynda ýaryşa gatnaşyjylar üçin guralan awtoulaglaryň tehniki hyzmat ediş nokady ýerleşýär, ýurdumyzyň Içeri işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasy tarapyndan hödürlenen ýaryş awtomobilleriniň nusgalary goýlupdyr.

Olar hususan-da, dürli ýerlerden geçmäge ukyply ýapon awtoulaglary, “Dakar” rallisiniň 12 gezek çempiony Mitsubishi Pajero we pikap Mitsubishi L200, Toýota Hilux, Nissan Patrol ýaly ýaryş ulaglarydyr.

2018-nji ýylyň 9-14-nji sentýabr aralygynda geçiriljek “Amul-Hazar 2018” awtorallisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde häzirki wgtda iri möçberli awtoralli ýaryşlaryny geçirmekde baý tejribeleri bolan “Amaury Sport Organisation” we “Eсo Raсe” fransuz kompaniýalary bilen deslapky gepleşikler geçirilýär. Konsalting, utgaşdyrmak, daşary ýurtlardan dürli sport toparlaryny çagyrmak boýunça hyzmatlaryň edilmegine, şeýle hem dünýä belli teleýaýlymlarynda we beýleki habar beriş serişdelerinde çäreleri beýan etmek we mahabat etmek işlerine üns berilýär.

Ýaryşyň geçiriljek ugrunyň deslapky çyzgysy taýýarlanyp, ol bäş tapgyra bölündi. Olar Amul-Mary, Mary-Derweze, Derweze-Türkmen köli, Türkmen köli-Ýaňgala, Ýaňgala-Awaza ugurlarydyr.

Mundan başga-da, ýaryşlaryň tehnologik üpjünçiligi, şol sanda GSP –utgaşdyrma, hemra aragatnaşygy, uçarlaryň ugratmagy, biwuaklary we iýmiti guramak, awtoulaglara ýangyç guýmak üçin daşary ýurtly hünärmenleri çekmek ýaly meseleleri işlemek wezipeleri durýar.

Milli Liderimiz ýygnananlaryň ählisine şu günki şanly waka – iri sport çäresine – Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça ylgaw we welosiped ýaryşlaryna, “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisine badalga berilmegi mynasybetli gutlag sözleri bilen ýüzlendi.

Türkmenistan Garaşsyz, Bitarap, dünýewi döwlet hökmünde ekologiýadan başlap, ulag-ykdysady geçelgelere çenli ähli strategiki ugurlary öz içine alýan syýasaty durmuşa geçirýär. Emma esasy zat ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň ileri tutulýanlygydyr diýip, milli Liderimiz nygtady. Döwlet Baştutanymyz 2017-nji ýylda ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigini ýatladyp, bu ýeňiş bilen diňe bir türgenlerimizi we tälimçilerimizi däl-de, tutuş türkmen halkyny ýene bir gezek gutlady.

Biz 2018-nji ýyly “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar bilen geçirýäris. Bu hakykatdan-da şeýledir. Şu gün gadymy Amul topragynda iki sport ýaryşyna – ylgaw we welosiped ýaryşyna badalga berildi, olara ýedi ýaşdan, ýetmiş ýaşa çenli islendik adam gatnaşyp biler. Şeýlelikde, agzybirlikde we birek-birege goldaw berlip, Amuldan Hazara çenli aralyk üstünlikli geçiler.

Biz halkara awtorallisine hem badalga bereris. Ol biziň ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçelgeleri ulgamyndaky işjeň syýasatymyzyň, şol sanda ekologiki talaplara laýyklykda, miltimodal ýollary döretmäge ygrarlydygymyzyň aňlatmasy bolar diýip, milli Liderimiz belledi. Döwlet Baştutanymyz Fransuz myhmanyny – meşhur “Afrika Eko reýs” awtoralliniň baş direktory we guramaçysy, şeýle hem sport awtomobillerinde ýaryşlar boýunça dünýäniň iki gezek çempiony hem-de Pariž-Dakar rallisiniň iki gezek ýeňijisi hökmünde Žan-Lui Şlesseri tanyşdyryp hem-de onuň tebigaty goramak ugrunda ralli ýaryşlary döwründe zyňyndylary azaltmak baradaky konsepsiýasy barada aýdyp, bu örän dogry ýörelgeleri goldady. Milli Liderimiz şeýle hem şu ýylyň ahyrynda biziň ýurdumyzyň dünýäde ilkinjileriň biri bolup Ýewro-5 ölçeglerine laýyk gelýän ekologik taýdan arassa sintetiki ýangyjy öndürip başlajakdygyny sözüniň üstüne goşdy.

Žan-Lui Şlessere söz berilýär. Ol Türkmenistana gelip görmäge hem-de “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisine badalga bermek dabarasyna gatnaşmak mümkinçiligi üçin hoşallygyny beýan edip, geçirilmegine taýýarlyk görülýän “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisiniň we şu günki sport çäreleriniň bir maksada jemlenendigini aýtdy. Meniň üçin awtomobil sportunyň ösdürilmegine ägirt uly üns berilýän ýurtda türgenleriň arasynda bolmak uly mertebedir diýp, jenap Şlesser aýtdy.

Türkmenistanda awtoralliniň guralmagy sportuň bu görnüşiniň giňden wagyz edilmegine, sagdyn durmuş ýörelgesiniň kemala getirilmegine, dünýäniň dürli künjeginden gelýän adamlary Türkmenistanyň baý tebigaty, landşafty, ajaýyp künjekleri, medeni we taryhy mirasy bilen tanyşdyrmaga uly ýardam berer. Ol şeýle hem “Amul-Hazar 2018” awtorallisiniň köpsanly tomaşaçylaryň we janköýerleriň uzak wagtlap ýadynda galjakdygyna hem-de awtomobil sportunyň ösdürilmegine we öňe ilerlemegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Türkmen Liderini bu ajaýyp baýram bilen gutlap, Žan-Lui Şlesser ýurdumyzda sportuň, şol sanda awtomobil sportunyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde uly üstünlikler arzuw edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sowgat berilýän ýaryş ulagynyň açaryny gowşurdy hem-de “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde geçirilýän ýaryşlaryň başlanmagyna ak pata bermegini haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz we myhman bellenilen ýere baryp, üsti ýapylan awtoulagyň örtügini aýyrýarlar – ýygnananlaryň öňünde ajaýyp sport ulagy peýda bolýar.

Içeri işler ministri I.Mulikow ýurdumyzyň Awtomobil sporty merkeziniň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine sürüjiniň sport lybasyny gowşurýar.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzy şu günki sport ýaryşlaryna badalga berilmegi bilen Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýew gutlap, ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nusga alarlyk ýokary derejede geçirilendigini aýdyp, sambo we söweş sambosy boýunça türgenlerimiziň ussatlyklaryny görkezip, ýokary netijeler gazanandygyny aýratyn belledi.

Şunuň bilen baglylykda, ol Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň adyndan Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Söweş sungatlary boýunça milli federasiýasynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedowa sport lybaslarynyň toplumyny gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz sport lybasyny geýip, özi üçin niýetlenen awtoulaga münýär we sürüjiniň ornunda oturýar, milli Liderimiziň ogly Serdar bolsa şturmanyň ornunda ýerleşýär.

Hormatly Prezidentimiz ýaryş awtoulagynda “Badalga” arkasyndan geçip, “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisiniň ugry boýunça synag aýlawyny geçirýär.

Ýaryş ýoly çölüň içinden geçýär, bu ýerler fewralyň soňky günlerinde baharyň begresine beslenip başlady. Çölde eýýäm gök ot görnüp, howada we ýerde çyg äşgär duýulýar. Ýakyn wagtda bu ýerlerde çigildem gülleri, soňra gül-gülälekler dumly-duşy bezär. Çöllük ýerler baharyň gelmegi bilen hakyky jennet mekanyna öwrülýär, hoşboý ysly gülleriň we beýleki ösümlikleriň müňlerçesi bu künjegi bezär.

Olaryň arasynda dermanlyk ösümlikleriň köp görnüşleri bar, olar döwlet Baştutanymyz, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işinde öwrenildi we tertipleşdirildi, bu kitap dünýäniň köp dillerine terjime edildi.

Milli Liderimiziň dolandyrýan ýokary geçijilik kuwwaty bolan awtoulagy uly tizlikde çöllük ýerleriniň tebigy päsgelçiliklerini – depejikleri, çukurlary aňsatlyk bilen geçýär.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýetginjeklik ýyllaryndan başlap awtoulag sporty bilen işjeň meşgullanyp, dürli ýaryşlara gatnaşypdyr. “Ýedilik” belgili awtoulagda döwlet Baştutanymyzyň golaýda üstünlikli geçiren ýaryşlary hem ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy. Hut milli Liderimiziň başlangyjy netijesinde we goldaw bermegi bilen ýurdumyzda awtomotosporty täze ösüşine eýe boldy, paýtagtymyzda Awtomobil sportynyň merkezi açyldy.

Ine bu gezek hem döwlet Baştutanymyz sport awtoulagyny dolandyrmagyň ajaýyp nusgalaryny görkezip, ýolsuz ýerlerde ýaryş ulagyny ussatlyk bilen sürmegiň hötdesinden geldi.

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolan milli Liderimiz türkmen ýaşlaryna we ähli watandaşlarymyza ruhlandyryjy nusga görkezip, sportuň dürli görnüşleri – at münmek, welosiped we awtomobil sürmek, ylgamak, tennis oýnamak we beýlekiler bilen meşgullanyp, işiniň köpdügine garamazdan, beden maşklaryna hökman wagt tapýar. Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň Başlygy bolup durýan döwlet Baştutanymyz sporty ösdürmäge goşan uly goşandy üçin Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň ýokary sylagyna – Hormat ordenine mynasyp boldy.

Hut hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde häzir ýurdumyzda sport muşdaklarynyň sany günsaýyn artyp, jemgyýetde uly ähmiýete eýe bolýar. Ýurdumyzda sport we bedenterbiýe hem-de raýatlarymyzyň, aýratyn-da, çagalaryň, ýetginjekleriň, oglanlaryň we gyzlaryň köp sanlysynyň meşgullanmagy üçin şertleriň döredilmegi Türkmenistanda sporty ösdürmegiň strategiýasyny işläp taýýarlamagyň hem-de jemgyýetiň sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmegiň esasy maksadyna öwrüldi. Çünki ösüp gelýän nesli beden taýdan ösdürmegiň usullaryny “uzakmöhletleýin netijäniň tälimi” diýip, ýöne ýerden atlandyrmaýarlar, sebäbi bu tälim diňe türgeni, diňe şahsyýeti däl-de, eýsem jemgyýeti kemala getirýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda sport-sagaldyş ulgamyny höweslendirmek we ösdürmek boýunça uly işler geçirildi, onuň köpugurly mümkinçilikleri hem ýokarlanýar. Hazaryň kenarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gerimi boýunça deňi-taýy bolmadyk taslamasy esasynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy döredildi. Ol milli Liderimiziň giň gerimli özgertmeleriniň aýdyň netijesi, ýurdumyzyň rekreasion mümkinçiliklerini özleşdirmegiň hem-de işjeň we sagdyn dynç alyş, sportuň suwdaky görnüşlerini ösdürmek üçin iň gowy şertleri döretmegiň ajaýyp mysalydyr.

Türkmen türgenleriniň bütin dünýä sport hereketine gatnaşmagy giň gerime eýe bolup, ýurdumyzda iri halkara ýaryşlary geçirilýär. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap sport toplumlary, stadionlar, aýlawlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri we beýlekiler guruldy. Milli at üstündäki oýunlar giň meşhurlyga eýe bolýar, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda iri döwrebap atçylyk sport toplumlary bina edildi, sportuň tehniki görnüşleri kämilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan we eýýäm giň halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çeken “Amul-Hazar 2018” çäresi bu işlere gürrüňsiz täze itergi berer.

Daşary ýurtly ýaryşa gatnaşyjylar türkmen halkynyň baý mirasy bilen tanyşmak bilen çäklenmän, eýsem düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler, ylmy-tehniki ösüşler hem-de häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýolunda möhüm ulag merkezi hökmünde ornuny berkidýän ýurdumyzyň sebitleriniň senagat taýdan ösmegi bilen rowaýata öwrülen ýerlerde gaýnap joşýan täze durmuşy görmäge mümkinçilik alarlar.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu ýoluň ugrunda diňe ýurdumyzyň meşhur däl-de, eýsem känbir tanalmaýan taryhy we arheologik ýadygärliklerini, şeýle hem onuň tebigy gözelliklerini gurşap alýan täze syýahatçylyk ugurlaryny girizmegiň möhümdigini belledi.

Haçandyr bir wagtlar bu ýerlerden gülläp ösen şäherleriň arasynda ýaýlyp ýatan uç-gyraksyz çölleri kesip, kerwen ýollary geçen bolsa, onda häzir bu ýerden ýokary derejeli awtobanlar we döwrebap demir ýollary çekildi. Bularyň hemmesi tebigy gurşawa aralaşyp, syýahatçylara Beýik Ýüpek ýolunyň geçmişini we şu gününi bir wagtda göz öňüne getirmäge mümkinçilik berer.

Yklymyň esasy ýollarynyň çatrygynda Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi ýurdumyza ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde milli ulag ýollaryny amatly amala aşyrmaga, milli medeni mirasymyzyň baýlygy bolsa halklaryň ynsanperwer, medeni gatnaşyklarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Milli Liderimiz synag aýlawyny geçirip, meýdança gaýdyp geldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirip, “Amul-Hazar 2018” halkara rallisine taýýarlyk görmek boýunça görkezmeleri berdi hem-de bu ýerden ugrady.

Şondan soňra IIM we Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasy tarapyndan hödürlenen ýaryş awtoulaglarynyň 6 toparynyň arasynda wagt we tizlik babatynda görkezme ýaryşlar geçirildi.

Şu baýramçylyk güni diňe ylgawyň, welosiped we awtomobil sportunyň muşdaklaryna däl-de, eýsem ähli türkmenistanlylaryň hakydasynda hemişelik galsa gerek. Çünki şu günki giň gerimli çäreler ýurdumyzda bedenterbiýe sagaldyş hereketiniň hil taýdan täze derejä çykmagyna beslenip, onuň maksady türkmen halkynyň, her bir raýatyň abadançylygy we rowaçlygy, ýokary derejeli durmuşy bolup durýar. Ýokary derejeli durmuş diýlende, şatlykdan, ylhamdan, üstünlikden, beden we ruhy güýçlerden, ajaýyp açyşlardan we egsilmez mümkinçiliklerden, gujur-gaýratdan, saglykdan we döredijilikden doly bolan durmuşy aňladýar.

Şu gün döwlet Baştutanymyz Türkmenabadyň täze howa menzilinden paýtagtymyza tarap ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary garşyladylar, olar döwlet Baştutanymyzy Mary we Lebap welaýatlaryna iş saparynyň barşynda guralan taryhy taýdan möhüm ähmiýetli çäreleriň üstünliklere beslenmegi bilen gutladylar.

 

TDH

http://tdh.gov.tm/news/tm/articles.aspx&article11504&cat19




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.