Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly!

AŞGABATDA BMG-NIŇ HOWANDARLYGYNDA DURNUKLY ULAG ULGAMY BOÝUNÇA ÄHLUMUMY MASLAHAT GEÇIRILÝÄR

Şu gün irden paýtagtymyzda, ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahat geçirildi. Ýokary derejeli forumyň açylyş dabarasyna hem-de umumy mejlise Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, maslahat Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilýär. Onuň gün tertibine ulag ýaly strategiki ugurda hyzmatdaşlyga degişli meseleler girizildi. Şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşmak üçin BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun Aşgabada geldi.

Türkmenistanda şeýle ähmiýetli çäräniň geçirilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha belende galýandygynyň hem-de türkmen Lideriniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň münberinden beýan eden we ulag-aragatnaşyk ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlarynyň ählumumy ykrarnamasynyň nobatdaky subutnamasydyr. Bu teklipleriň ähmiýeti örän uludyr, çünki ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biridir. Ol dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýär, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmekde möhüm orun eýeleýär.

Bitarap Türkmenistan bu ugurda umumy tagallalary utgaşdyrmak işinde işjeň orny eýeläp, şol sanda BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürip, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde iri düzümleýin taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär hem-de sebitde we dünýä möçberinde köp şahaly ulag düzümini döretmäge saldamly goşant goşýar. Durnukly ulag ulgamyny döretmek hakyndaky meseläniň taryhyna ýüzlenip, 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda türkmen paýtagtynda ýokary derejeli Halkara maslahatynyň geçirilendigini bellemek gerek. Şol maslahat ulag ulgamynda hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berdi. Onuň netijeleri boýunça Aşgabat jarnamasy kabul edildi. Onuň esasy ugurlary ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014-nji we 2015-nji ýyllarda biragyzdan kabul edilen ýörite kararnamalaryň ikisinde öz beýanyny tapdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ulag toplumy we onuň ähli pudaklaryny yzygiderli ösdürmäge hem-de maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyz geografiki taýdan örän amatly ýerleşmek bilen, möhüm ulag-üstaşyr we logistiki merkez hökmünde eýeleýän ornuny ynamly berkidip, ählumumy abadançylygyň bähbidine bu ulgamdaky ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga çalyşýar.

Ählumumy maslahata gatnaşmak üçin birnäçe ýurduň döwlet we hökümet baştutanlary, parlamentleriniň ýolbaşçylary, dünýäniň onlarça döwletinden resmi wekiliýetler türkmen paýtagtyna geldiler. Forum Aşgabatda abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň – Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de onuň esasy komissiýalarynyň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG), Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG), Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG), Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA), Ýewropa Komissiýasynyň ulag boýunça komissarynyň edarasynyň, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU), Halkara Raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO), Demir ýollaryň halkara birleşiginiň (UIC), Halkara Ýol federasiýasynyň (IRF), Halkara awtomobil federasiýasynyň (FIA), Halkara deňiz guramasynyň (IMO), Ýewropa – Kawkaz – Aziýa ulag geçelgesiniň Hökümetara toparynyň (TRASEKA), Bütindünýä Söwda guramasynyň (WTO), Halkara energetika agentliginiň (IEA), Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň (ITU), Bütindünýä bankynyň, Aziýa ösüş bankynyň, Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň, Ýewropanyň maýa bankynyň, Ýewraziýa patent guramasynyň (EАPO) we beýlekileriň ýolbaşçylaryny hem-de wekillerini jemledi.

Foruma hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munuň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Türkmen tarapyndan maslahatyň işine hökümet agzalary, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, beýleki degişli düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşýarlar. Forumyň açylyş dabarasyna Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem çagyryldy.

Ählumumy maslahatyň wakalaryny beýan etmek üçin daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň – iri habarlar agentlikleriniň, teleýaýlymlaryň, metbugat neşirleriniň köpsanly wekilleri Aşgabada geldiler. Munuň özi halkara bileleşiginiň bu taryhy waka uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär.

Irden, forumyň öň ýanynda oňa gatnaşyjylar türkmen paýtagtynyň günorta böleginde gurlan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdular.

Soňra hemmeler Söwda-senagat edarasynyň binasyna tarap ugradylar. Düýn şol ýerde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny we Birleşen Milletler Guramasynyň baýdagyny galdyrmak dabarasy boldy.

Bu ýerde, binanyň eýwanynda belent mertebeli myhmanlary we resmi wekiliýetiň ýolbaşçylaryny hormatly Prezidentimiz mähirli garşylady. Olaryň hatarynda BMG-niň Baş sekretary, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Gruziýanyň Prezidenti, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri, Awstriýa Respublikasynyň Milli geňeşiniň Ikinji Prezidenti, Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy, şeýle hem köp ýurtlaryň hökümet agzalary, degişli ministrlikleriň, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary bar.

Foruma gatnaşyjylaryň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, maslahatlar zalynda maslahatyň açylyş dabarasy we umumy mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň Baştutany hem-de BMG-niň ýolbaşçysy zala barýarlar, şol ýerde olary ör turup, dowamly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlenip, Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatyň işine gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin myhmanlaryň ählisine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Baştutany Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary jenap Pan Gi Muna, bu guramanyň sekretariatynyň işgärlerine şu maslahata taýýarlyk görmegiň ähli tapgyrlarynda alyp baran uly we netijeli işleri üçin, aýratyn minnetdarlygyny beýan etdi.

Şu gün bu maslahata döwlet hem-de Hökümet Baştutanlary, iri halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, bütin dünýäden görnükli diplomatlar, syýasy we jemgyýetçilik işgärleri gatnaşýarlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Bu maslahata şeýle köpsanly we ýokary derejeli wekilleriň gatnaşmagyna biz doly esas bilen Türkmenistana goýlan hormatyň nyşany hökmünde garaýarys. Parahatçylygyň, ösüşiň hem-de öňe gitmegiň hatyrasyna durnukly ulag ulgamynda    halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilen garaýyşlarymyzyň we maksatlarymyzyň umumydygynyň görkezijisi hökmünde baha berýäris. Biz siziň ähliňizi Aşgabatda      görýändigimize örän şat. Ýurdumyzyň halkynyň adyndan size Türkmenistanda «Hoş gördük!» diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şu maslahatyň geçirilmegi, oňa ýokary derejeli wekilleriň gatnaşmagy bu ugurda aýratyn ähmiýetli we möhüm ýörelgeleriň bardygyny aýdyň görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Birinjiden, dünýäde ulag ulgamynda ählumumy wezipeleri çözmek üçin  tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyna barha giňden düşünilýär. Ikinjiden, dünýä bileleşigi şeýle  hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýdyň     görkezýär. Üçünjiden, ol Birleşen Milletler Guramasynyň bu ugurda amala aşyrýan işlerini goldaýar. Dördünjiden, halkara ählumumy      arkalaşykly işlerde täze ugur - ulag diplomatiýasy barha köp ykrar edilýär. Bu diplomatiýanyň bolsa, ulag ulgamy boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklaryň örän möhüm görnüşi bolup durýandygy Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki halkara guramalarynyň çäklerinde      tassyklanýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şu gün Aşgabatda häzirki döwürde ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň nähili uly ähmiýete eýe bolýandygyna oňat düşünýän pikirdeşler ýygnandy diýsem, ulaldyp aýtdygym bolmasa gerek diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz maslahatyň dowamynda hyzmatdaşlyk etmegiň hakyky maksatlaryna we talaplaryna laýyk gelýän häzirki zaman usullarynyň işlenip taýýarlanjakdygyna, geljek üçin meýilnamalaryň bellenjekdigine, täze mümkinçilikleriň kesgitlenjekdigine ynam bildirdi.

Dünýäniň häzirki ösüşinde ulag ulgamyna bagyşlanan giň we anyk    ugurlar boýunça gepleşikler döwletleriň özara has-da oňat düşünişmegine, garaýyşlaryň ýakynlaşmagyna ýardam berer diýip pikir edýäris. Bu ulgamda özara hyzmatdaşlyk etmegiň öňdebaryjy usullaryny we nusgalaryny işläp taýýarlamaga şert döreder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Liderimiz hyzmatdaşlyk, ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleriniň Türkmenistanyň alyp barýan halkara işiniň esasyny düzýändigini nygtap, ýurdumyzyň islendik netijeli garaýyşlar hem-de teklipler üçin açykdygyny, beýleki döwletler we halkara guramalary bilen gyzyklanma bildirilýän anyk ugurlar boýunça gepleşikleri geçirmäge hemişe taýýardygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýene-de bir gezek tüýs ýürekden Türkmenistanyň paýtagtynda «Hoş gördük!» diýip ýüzlenip, şu iki günüň dowamynda foruma gatnaşyjylaryň köpsanly we möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşjakdygyny aýtdy hem-de olara alyp barjak    işinde tüýs ýürekden uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz maslahatyň umumy mejlisini Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dilleriniň birinde – rus dilinde dowam edip, BMG-niň Baş sekretaryna söz berdi.

Jenap Pan Gi Mun foruma gatnaşyjylary mübärekläp, şu duşuşygyň dünýä bileleşigi üçin ähmiýetli döwürde geçýändigini belledi. Ösüş nukdaýnazaryndan möhüm öňegidişlikler bolup geçýär diýip, BMG-niň Baş sekretary aýtdy hem-de 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ulgamynda gün tertibi – bu biziň halklar, dünýäniň abadançylygy we hyzmatdaşlygyň hasabyna parahatçylyk üçin meýilnamamyzdyr diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman kabul edilen we güýje giren howa boýunça Pariž ylalaşygynyň ähmiýetini belledi.

Jenap Pan Gi Mun halkara bileleşiginiň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, olary çözmekde durnukly ulag ulgamynyň ornuny nygtady. Ösüş ýolunda ýaramaz ýagdaýlaryň öňünde böwet goýmak zerurdyr, çünki, şeýle edilmese, ykdysadyýet, adam kuwwaty, ýol-ulag hadysasy, daşky gurşawyň hapalanmagy we bug gazlarynyň howa aralaşmagy nukdaýnazaryndan kynçylyklar ýüze çykyp biler. Biz oýlanyşykly maýa goýumlaryna, uglewodorod energiýasynyň sarp edilişini azaltmaga hem-de energiýanyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam edýän täze tehnologiýalara goldaw bermelidiris.

Bu mesele baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, BMG-niň Baş sekretary ileri tutulýan meseleleriň çözgüdini gözlemek maksadynda 2014-nji ýylda Milletler Bileleşigi tarapyndan ýokary derejeli bilermenleriň geňeş toparynyň döredilendigini belledi. Munuň özi durnukly ulag ulgamynyň okgunly ösüşe, täze iş orunlarynyň döredilmegine, garyplygyň derejesiniň peselmegine, bazarlaryň açylmagyna, gender ösüşine, ilatyň pes üpjünçilikli gatlaklarynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam edip biljekdigi nazara alnyp amala aşyryldy. Şu toparyň hasabatynda köpsanly möhüm maslahatlar beýan edilýär we mundan başga-da, oňa bütin dünýäde ýurtlaryň ulag ulgamyny kämilleşdirip biljekdiginiň anyk mysallary girizildi.

Ulag ulgamynyň dürli pudaklarynda örän köpsanly gyzykly taslamalar durmuşa geçirilýär. Biz muny Türkmenistanda we tutuş dünýäde görýäris diýip, belent mertebeli myhman nygtady. Syýasy işgärler hem-de işewürleriň wekilleri bu mümkinçilikleri ykdysady babatda peýda almak hem-de könelişen ulgamlary durnukly çözgüde çalyşmak arkaly adam kuwwatyny ösdürmäge ýardam etmek üçin ulanýarlar.

Jenap Pan Gi Mun türkmen Liderine we ýygnananlaryň ählisine ýüzlenip, Aşgabat forumynyň diňe bir durnukly ulag ulgamy boýunça maslahatdan ybarat däldigini belledi. Ahyrky netijede, biz bu ýere adamlaryň, şol sanda çagalarymyzyň we agtyklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine ýygnandyk diýip, BMG-niň Baş sekretary aýtdy. Belent mertebeli myhman giriş sözüni tamamlap, durnukly ulagy üpjün etmegiň biziň dünýä baradaky umumy garaýşymyzyň oňyn bolmagy üçin zerurdygyny nygtady. Munuň özi biziň ýeke-täk umumy öýümizi—Ýer şaryny goramak üçin hem wajypdyr.

Soňra çykyş etmek üçin ýene-de hormatly Prezidentimize söz berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretaryna we foruma gatnaşyjylaryň ählisine ýüzlenip, şu Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyň geçirilmeginiň, gürrüňsiz, möhüm ähmiýetli wakadygyny nygtady. Ol bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň örän möhümdigine düşünmegi, onuň barşynda döwletler, sebitler we tutuş yklymlar üçin açylýan ägirt uly mümkinçiliklere göz ýetirmäge kömek edýär. Häzirki döwürde ulag ulgamy uzak möhlet üçin dünýä ösüşiniň esasy we kesgitleýji ugurlarynyň hataryna ynamly girýär, ählumumy ykdysadyýetiň möhüm şertine öwrülýär. Munuň özi bolsa geoykdysadyýeti täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar we oňa kuwwatly itergi berýär.

Hormatly Prezidentimiz bu barada aýtmak bilen, döwrebap, utgaşykly, deňagramly we ýokary tehnologiýaly ulag düzüminiň döredilmeginiň döwrümiziň hakyky zerurlygydygyna, durnukly ösüşiň ileri tutulýan maksatnamalarynyň biridigine ynam bildirdi. Onuň durmuşa geçirilmegi tutuş halkara bileleşiginiň strategiki bähbitlerine kybap gelýär, dünýä hojalyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge, dünýä, sebit we milli möçberlerde ykdysady hem-de durmuş görkezijileriniň ösmegine ýardam bermäge ukyplydyr. Şu maksat bilen, ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna degişli kararnamalaryň iki taslamasyny hödürledi, olar biragyzdan kabul edildi. Dünýäniň onlarça döwletiniň olaryň awtordaşy bolup çykyş edendigi bellärliklidir. Şu mümkinçilikden peýdalanyp, milli Liderimiz şol döwletleriň ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Bu döwletleriň köpüsiniň wekilleri şu foruma gatnaşýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň giňden goldamagynda Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan yzygiderli hem-de işjeň syýasatynyň özüniň netijelerini berýändigini belledi. Bu gün dünýä ulagynyň ösüşiniň meseleleri boýunça gepleşikleriň diňe bir başlanmak bilen çäklenmän, eýsem, iň ýokary derejede barha oýlanyşykly hem-de maksada okgunly häsiýete eýe bolýandygyny ynamly aýtmak bolar. Bu gepleşiklere täze gatnaşyjylar – döwletler, kompaniýalar, halkara edaralary we guramalary goşulýar.

Merkezi Aziýa we Hazar sebitinde degişli ulag-üstaşyr we logistiki ulgamyň döredilmeginiň bu ýagdaýyň möhüm böleginiň biridigi äşgärdir. Gürrüň Gara deňiz we Baltika sebitleriniň, Günorta we Günorta – Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň hem-de Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň deňiz terminallaryna çykmak arkaly kontinental Ýewraziýanyň giňişligini öz içine alýan ulag gatnawlarynyň köp şahaly, toplumlaýyn, utgaşykly düzümini gurmak barada barýar. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň milli derejede eýýäm ulag düzümini döretmegiň, ösdürmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň giň möçberli maksatnamasyny durmuşa geçirmäge girişendigini aýtdy.

Ýurdumyzda awtomobil ýollarynyň, ýol aýrytlarynyň, köprüleriň gurluşygy çalt depginlerde alnyp barylýar. Ýaňy-ýakynda Aşgabadyň Halkara howa menzili açyldy, onuň ulanylmagy Türkmenistanyň üstaşyr kuwwatyny ep-esli ýokarlandyrmaga ýardam eder diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portunyň gurluşygy ýokary depginde dowam edýär. Bu deňiz porty Aziýanyň we Ýewropanyň sepgidinde kuwwatly logistiki merkeze öwrüler. Ol deňiz, awtomobil, demir ýol we howa ulagyny ulanmak arkaly ýük daşalyşyny utgaşdyrmaga ýardam eder. Geljek ýylyň başynda biz Amyderýanyň üstünden geçýän sebitdäki iri awtomobil we demir ýol köprülerini ulanmaga bereris. Bu köprüler Özbegistanyň we Türkmenistanyň ulag ýollaryny birleşdirer, iki ugurda hem ulaglaryň hereketini ep-esli çaltlandyrar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmenistanyň ulag strategiýasy uzakmöhletleýin häsiýete eýedir. Ol geografiki taýdan ýerleşişiň artykmaçlyklaryndan, ýurdumyzyň çäginde ysnyşykly halkara ykdysady goşulyşmagy hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmek işine hyzmat edýän sebit we yklym ähmiýetli iri ulag merkezlerini döretmek üçin logistiki mümkinçiliklerden hem-de düzümden has doly peýdalanmaga esaslanýar. Şoňa görä-de, Türkmenistan hyzmatdaşlar bilen bilelikde sebitde iri halkara taslamalarynyň birnäçesini amala aşyrýar. Milli Liderimiz Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň ýylda 10-12 million tonna ýüküň daşalmagyny üpjün etmäge ukyplydygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, bu polat ýoluň geljekde okgunly ösýän bazarlara çykmak arkaly gündogar we günorta ugurlarda ulag düzümine goşulmaga mümkinçilik döredýändigini belledi. Munuň özi giň möçberli we geljegi uly geoykdysady düzümleri döretmäge ýardam edýär. Döwlet Baştutanymyzyň habar berşi ýaly, birigün Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň birinji tapgyry açylar. Ol Aziýa halkara ulag geçelgesiniň bir bölegine öwrüler. Bu geçelge taslama gatnaşýan ýurtlaryň, şeýle hem Gyrgyzystanyň çägi boýunça geçip, Hytaýyň köp şahaly demir ýol ulgamyna we onuň üsti bilen Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň bazarlaryna çykar.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň taslamasynyň Ýakyn Gündogara göni çykmak üçin anyk mümkinçilikleri açjakdygyny belledi. Bu baradaky Ylalaşyga Aşgabatda gol çekildi.

Biz ählumumy ulag gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmagymyzyň depginini birjik-de gowşatmazlygy göz öňünde tutýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Galyberse-de, ýurdumyz bu gatnaşyklary ösdürmäge hem-de giňeltmäge, ony anyk taslamalar we meýilnamalar bilen baýlaşdyrmaga taýýardyr. Türkmenistan olary döretmek bilen, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýany häzirki döwrüň ählumumy ösüşiniň möhüm bölegi hasaplaýandygyndan ugur alýar.

Bu babatda biz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewraziýa Ykdysady Birleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly sebit guramalary bilen özara gatnaşyklaryň anyk mümkinçilikleriniň bardygyny görýäris. Biziň strategiki bähbitlerimiziň gabat gelýändigine, anyk ýörelgeleriň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasynda yklymda ulag gatnawlarynyň modelleriniň sazlaşyk derejesine çykmaga ukyplydygymyza ynanýaryn diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, Türkmenistanyň ulag meselesi boýunça ählumumy gepleşikleri geçirmek başlangyjy bilen BMG-niň derejesine çykyp, häzirki wagtda onuň Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek bilen gönüden-göni baglydygyndan ugur alandygyny belledi. XXI asyrda Milletler Bileleşiginiň esasy wezipelerini çözmäge, tutuş dünýäde millionlarça adama hyzmat etmäge, dünýäniň serişdelerini aýawly saklamaga we artdyrmaga gönükdirilen döwrebap ulag binýadyny döretmek-- häzirki döwürde adamzat işiniň bu ulgamdaky halkara strategiýasynyň wezipesi, ine, şundan ybaratdyr.

Durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi hökmünde halkara ulagyň ösdürilmegi döwletleriň we sebitleriň ulag-üstaşyr gatnawyna goşulyşmagy arkaly ykdysadyýetleriň ösüşini höweslendirmäge, olaryň arasyndaky ösüşiň derejesindäki we ýaşaýan halklaryň ýaşaýyş-durmuşynyň hilindäki aratapawudy aradan aýyrmaga ýardam etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Häzirki zaman ulag we üstaşyr düzüminiň döredilmegi, oňa barha täze çäkleriň çekilmegi häzirki döwürde diňe bir ýük daşalyşynyň möçberleriniň artdyrylmagyny, ýola sarp edilýän wagtyň gysgaldylmagyny, goşmaça maýa serişdeleriniň goýulmagyny we beýleki äşgär artykmaçlyklary däl, eýsem, täze iş orunlarynyň döredilmegini, durmuş maksatly desgalaryň gurulmagyny hem aňladýar. Hut adamlar, olaryň jana-jan zerurlyklary hemişe ösüşiň we öňegidişligiň ölçegi bolmalydyr. Munuň özi doly derejede ulag ulgamyna hem degişlidir. Döwrebap tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy dolandyryş çözgütlerini ornaşdyrmak arkaly ulag gatnawlarynyň we düzüminiň ekologiýa taýdan howpsuzlygyny üpjün etmek bu babatda ileri tutulýan ugur bolmalydyr diýip, Türkmenistanyň Baştutany belledi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, biziň umumy wezipämiz hakyky ykdysady bähbitleri, halkara hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny ekologiýa deňagramlylygyny saklamak zerurlygy bilen utgaşdyrmakdan ybaratdyr. Ynsanperwer ölçegi hem ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki zaman dünýäsinde täze, gysga ulag ýollaryny gurmak arkaly adamlaryň aragatnaşyk mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, täze ýurtlara baryp görmek isleglerini kanagatlandyrmak, beýleki halklaryň wekilleri bilen duşuşmagy üçin goşmaça mümkinçilikler açylýar. Bu bolsa, öz nobatynda, täze syýahatçylyk ugurlarynyň açylmagyna, adamlaryň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna itergi berýär. Munuň özi dünýäniň halklarynyň ýakynlaşmagyna hem-de özara düşünişmegine ýardam edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiz çykyşyny tamamlap, Ählumumy maslahata gatnaşyjylaryň ählisini ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp hem-de onuň açylmagy bilen gutlap, hemmelere gyzykly we netijeli işlemegi arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Muna söz berilýär.

BMG-niň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize, belent mertebeli myhmanlara, wekiliýetleriň baştutanlaryna hem-de ýygnananlaryň ählisine ýüzlenip, Aşgabat maslahatynda ýene-de çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady. Jenap Pan Gi Munuň belleýşi ýaly, forumyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna girizilen meseläniň örän wajypdygyndan ugur alyp, bu örän ähmiýetli çärä hut özüniň gatnaşmagy baradaky çözgüde geldi.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň sentýabr aýynda Milletler Bileleşigi tarapyndan Durnukly ösüş maksatlary kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bular barada aýtmak bilen, şu maslahatyň BMG-niň bu ugur boýunça geçirýän ikinji möhüm forumydygyny belledi.

Belent mertebeli myhman bu iri çäräniň Aşgabatda guralýandygy we geçirilýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýygnananlaryň ählisine oňa gatnaşýandygy üçin hoşallyk sözlerini aýtdy.

Jenap Pan Gi Mun ulag ulgamynyň ägirt uly ähmiýeti barada aýdyp, dünýä söwdasynyň halkara gatnaw ýollaryna baglydygyny belledi. Munuň özi iş orunlarynyň, ykdysady ösüşiň çeşmesidir. Ulag ulgamy adamyň tutuş ösüşine hem täsir edýär. Alysdaky künjeklerde ýaşaýandygyna garamazdan, adamlaryň ählisiniň bir ýerden başga bir ýere howpsuz barmaga mümkinçiligi bolmalydyr. Durnukly ulag adamlaryň hemmesini gurşap almalydyr diýip, BMG-niň Baş sekretary nygtady we aralyklary geçmekden başga-da, adamlaryň maşgalalarynyň agzalarynyň birek-birege ýakyn bolmagynyň hem wajypdygyny belledi.

Maslahatyň öňünde durnukly ulag, şol sanda ekologiýa ulgamy, hususan-da, kömürturşy gazyň atmosfera aralaşmagyny azaltmak hem-de dünýäde howanyň derejesiniň ýokarlanmagynyň öňüni almak bilen baglanyşykly wezipeler durýar diýip, belent mertebeli myhman sözüni dowam etdi. Ulag adamyň saglygyna hem täsir edýär. Munuň özi ýol-ulag hadysalaryna, daşky gurşawyň hapalanmagyna degişlidir. Şol ýol hadysalary köpsanly adam pidalaryna we heläkçilige getirýär.

Jenap Pan Gi Munuň nygtaýşy ýaly, munuň üçin diňe degişli meseleleri çözmek ýeterlik däldir. Munuň özi durnukly ulag ulgamyny döretmek bilen baglanyşyklydyr. Ekologiýa taýdan howpsuz we elýeterli ulgamlar zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş sekretary toplumlaýyn çäklerde, Durnukly ösüş maksatlary bilen bagly hem-de ulaglaryň dürli görnüşleriniň sepleşýändigini nazara alýan ulag ulgamyny ösdürmek maksatnamasyna umumy garaýyşlara, şeýle hem durmuş, ekologiýa we bu ugurdaky beýleki wajyp wezipelere degişli pikirleriň birnäçesini beýan etdi.

Belent mertebeli myhman iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly ulag ulgamyny ösdürmekde täzeçil çärelere çagyrmak bilen, häzirki wagtda köp täze zatlaryň – elektroawtomobilleriň, elektrik energiýasyny öndürmegiň alternatiw çeşmeleriniň, dürli döredijilik başlangyçlarynyň we beýlekileriň bardygyny belledi. Şunda maýa goýumlarynyň, maliýeleşdirmek meseleleriniň çözülmeginiň, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, döwletiň we hususy ulgamyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň hem-de hünärmenleri taýýarlamagyň zerurdygy nygtaldy. BMG-niň Baş sekretarynyň belleýşi ýaly, hemmeler bilelikde hereket edip, ulag ulgamynyň durnukly bolmagyny gazanyp bilerler.

Iki ýyl mundan ozal, ýokary derejeli maslahat beriji topary döredildi. Ol hususy ulgamy, senagat pudaklaryny, ýerli dolandyryş edaralaryny we merkezi hökümetleri birleşdirdi diýip, jenap Pan Gi Mun sözüni dowam etdi. Olar ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak ulgamynda ulaglaryň ähli görnüşlerine wekilçilik etdiler. Geçen aýda bu topar durnukly ulag boýunça maslahatlar beýan edilen jemleýji hasabatyny hödürledi. Onuň many-mazmuny, esasan hem, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ekologiýa taýdan arassa görnüşlerine maýa goýumlarynyň köp möçberde gönükdirilmeginden ybaratdyr. BMG-niň Baş sekretary bu toparyň agzalarynyň käbiriniň şu gün bu maslahata gatnaşýandygyny belledi we pursatdan peýdalanyp, olara kömegi hem-de täze teklipleri üçin hoşallyk bildirdi.

Soňra belent mertebeli myhman bu maslahatyň onuň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary hökmünde çagyrýan iň soňky halkara forumydygyny, özüniň bu wezipedäki işini durnukly ulag ulgamyna ünsüni jemlemek bilen tamamlamak isleýändigini belledi. Ulag ulgamy bolsa dünýäde ýaşaýşyň şertlerini gowulandyrmagyň, geljekki nesilleriň ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar. Jenap Pan Gi Mun bular barada aýtmak bilen, maslahatyň barşynda meselelere döredijilikli çemeleşmäniň görkeziljekdigine, ulag ulgamymyzy durnukly etmek maksady bilen, borçnamalaryň kabul ediljekdigine ynam bildirdi. Munuň özi durmuş taýdan ösüşi, daşky gurşawyň goralmagyny üpjün eder.

BMG-niň Baş sekretary çykyşyny dünýämiziň ekologiýa taýdan durnukly, has sagdyn, sazlaşykly hem-de abadan bolmagy üçin ähli tagallalary etmek baradaky çagyryş bilen jemläp, ýygnananlaryň ählisine oňyn gepleşiklere ygrarlydyklary we foruma gatnaşýandyklary üçin hoşallyk bildirdi.

BMG-niň Baş sekretarynyň çykyşy hem dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Soňra ýene-de hormatly Prezidentimiz söz aldy. Döwlet Baştutanymyz foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, maslahatyň umumy mejlisiniň işine işjeň gatnaşýandyklary, çuň manyly çykyşlar, Türkmenistanyň adyna aýdylýan mähirli sözler, ýurdumyzyň halkara giňişligindäki başlangyçlaryna berilýän ýokary baha üçin öňünden minnetdarlyk bildirýändigini belledi. Bularyň ählisi dünýä derejesinde durnukly ulag meseleleri boýunça giň we işjeň gatnaşyklary ýola goýmagyň, bu ugurda döwletler hem-de halkara düzümleri bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň bähbidine seçilip alnan ýoluň dogrudygyna ynamyňy has-da artdyrýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag ulgamynyň häzirki wagtda ösüşiň esasy ugrudygyny belledi. Ony kämilleşdirmezden, döwrebaplaşdyrmazdan, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmazdan dünýä ykdysadyýetiniň okgunly ösüşini, onuň täze ýörelgeler esasynda ösdürilmegini, adamlaryň abadançylygynyň we ýaşaýyş-durmuşynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyny, şu ýüzýyllykda Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerine ýetirilmegini göz öňüne getirmek kyndyr.

Bu bolsa, öz nobatynda, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, köptaraply peýdalylyk, bähbitleri nazara almak esasynda ählumumy ulag ulgamyny ösdürmegiň strategiýasyna ylalaşykly we jogapkärli çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň wajypdygyny aňladýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri şu günki mejlisiň barşynda gyzykly teklipleriň, peýdaly pikirleriň aýdyljakdygyna ynam bildirdi. Olar geljekki bilelikdäki işimizde göz öňünde tutular we ulanylar. Türkmenistan giň söhbetdeşlik, daşary ýurt tejribesine döredijilikli garamak üçin açykdyr, dürli pikirleri uly höwes bilen kabul edýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz şu maslahatyň uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Onuň çäklerinde dürli döwletleriň we kompaniýalaryň ulag kuwwatlyklarynyň tanyşdyrylyşy geçiriler, täze taslamalar hödürlener, syýasy-hukuk häsiýetli resminamalaryň birnäçesine gol çekiler. Şu babatda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk örän döredijilikli işdir. Onuň barşynda täze mümkinçilikler açylýar, dürli ýurtlaryň wekilleriniň arasynda özara gepleşikleriň tejribesi toplanylýar.

Milli Liderimiz maslahatyň häzirki zaman syýasatşynaslygyny, geoykdysadyýet nazaryýetini we halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdi. Bularyň ählisi özara düşünişmek ýagdaýynyň has-da berkidilmegine ýardam eder, diýmek, parahatçylygy, döwletleriň we halklaryň arasyndaky özara ynanyşmagy pugtalandyrmak işine hyzmat eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, häzirki sebit hem-de ählumumy ösüş babatda durnukly ulag ulgamynyň ornuny giňden we içgin ara alyp maslahatlaşmagyň umumy gyzyklanmalara has gowy düşünmäge, garaýyşlaryň ýakynlaşmagyna, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň täze usullaryny hem-de nusgalaryny işläp taýýarlamaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz hemmelere foruma gatnaşýandygy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, ýygnananlaryň ýokary hünär ussatlygyna hem-de taýýarlygyna ýokary baha berýändigini aýtdy. Sözüniň ahyrynda milli Liderimiz ýurdumyzyň giň gatnaşyklary hem-de bilelikdäki işi mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Ýygnananlaryň ählisiniň adyndan türkmen Liderine we iri halkara guramasynyň ýolbaşçysyna forumyň açylyşyna hem-de umumy mejlisine gatnaşýandygy we gymmatly çykyşlary üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalyndan çykyp, BMG-niň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň täze binasyna tarap ugradylar. Olar şol ýerde täze binanyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini, şol sanda Gruziýanyň Prezidenti Giorgi Margwelaşwili, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Awstriýa Respublikasynyň Milli geňeşiniň Ikinji Prezidenti Karlhaýns Kopf, Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiç, ŞHG-niň Baş sekretary Raşid Alimow bilen duşuşyklary geçirdi.

Şol gün hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy.

***

Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.

BMG-niň Baştutany Aşgabatda forumyň guralyş derejesine, dünýä ösüşiniň möhüm şerti hökmünde durnukly ulag ulgamyny döretmek boýunça açyk pikir we teklipleri alyşmak üçin meýdança öwrülen maslahatyň wekilleriniň işlemegi üçin döredilen şertlere ýokary baha berdi.

Jenap Pan Gi Mun Türkmenistanyň Hökümetine hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hökümetleriň, işewürleriň, raýat jemgyýetiniň we halkara düzümleriniň giňden wekilçilik etmeginde hyzmatdaşlygyň hem-de ykdysady babatda we ekologiýa ulgamynda jogapkärli çözgütleri gözlemegiň täze ýollaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Munuň özi daşky gurşawy goramaga we durmuş abadançylygyny üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Durmuş durnuklylygyny, sebitara gatnaşyklaryň hem-de milli zähmet bazarynyň ösdürilmegini kepillendirýän ulag hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek, täze tehnikalary ornaşdyrmak hem-de ulag toplumyny döwrebaplaşdyrmak arkaly ykdysady netijeliligi we ulag gatnawlarynyň howpsuzlygyny gazanmak, ulag howpsuzlygyny üpjün etmäge täze çemeleşmeleriň, dolandyryş gurallarynyň we düzümiň desgalarynyň goraglylygyna gözegçilik etmek boýunça çäreleriň bitewi ulgamyny döretmegiň zerurdygy barada gürrüň edildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun BMG-niň howandarlygynda geçirilýän şu forumyň sebit we ählumumy ösüşiň derwaýys meselelerini netijeli çözmek maksady bilen ulag ulgamynda özara gatnaşyklaryň deňagramly gurallaryny işläp taýýarlamaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

***

Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylara ulag ulgamynda Türkmenistanyň ýöredýän syýasaty, ýollaryň multimodal ulgamyny ösdürmek boýunça ýurdumyzyň amala aşyrýan milli we sebit derejesindäki taslamalarynyň ähmiýeti we gerimleri barada düşünje berýän 3D ölçegli wideofilm görkezildi.

Filmiň şekillerinde Türkmenistanyň çäginde halkara derejesindäki üstaşyr-ulag merkezlerini, logistik ulgamlaryny döretmek, ýurdumyzyň ulag toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça oý-pikirleriň durmuşa geçirilişi görkezildi.

Maslahata gatnaşyjylaryň uly gyzyklanma bilen tomaşa eden filmi ykdysadyýetiň şu ulgamynyň ähli ugurlarynyň: raýat awiasiýasynyň, demirýol we awtoýol pudaklarynyň, awtomobil, deňiz we derýa ulaglarynyň artýan kuwwaty bilen tanyşdyrýar. Ýurdumyzda möhüm kontinental ugurlaryny özünde jemleýän hem-de ýokary hilli hyzmatlary hödürleýän iri üstaşyr-ulag düzümleri döredilýär.

Soňky ýyllarda ulag ulgamynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň işjeň ösmegi bu ulgamda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, we ony amala aşyrmakda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrýan wediofilmde hem beýan edildi.

Umumy mejlisiň dowamynda maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlary diňlenildi. Olarda forumyň gün tertibine girizilen meseleler hem-de strategiki ulag ulgamynda oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň derwaýys meseleleri barada durlup geçildi.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani öz çykyşynda myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň adyna iki ýyl mundan ozal türkmen paýtagtynda geçirilen ulag geçelgeleri meseleleri boýunça Halkara maslahatynyň netijeleri boýunça kabul edilen Aşgabat jarnamasy boýunça işiň dowam etdirilmegi bilen tüýs ýürekden çykýan gutlag sözlerini aýtdy. Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, şol möhüm forumda hödürlenen teklipler iş ýüzünde öz beýanyny tapdy. Jarnama girizilen borçnamalaryň her biri anyk mysallarda beýanyny tapdy hem-de öz netijesini berdi, biziň hemmämiz olardan peýdalanýarys diýip, goňşy dostlukly ýurduň baştutany nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Mohammad Aşraf Gani Owganystany we tutuş Merkezi Aziýany mundan beýläk-de ösdürmek babatda Aziýa halkara ulag geçelgesiniň birinji tapgyrynyň hem-de demir ýol gatnawlarynyň açylmagynyň wajypdygyny aýratyn belledi.

Belent mertebeli myhman durnukly ulag ulgamynyň uly ähmiýeti barada aýdyp, döwletleriň durmuş-ykdysady ösüşiniň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň möhüm şerti hökmünde ählumumy möçberde degişli ulag-logistika düzümini döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyny belledi. Owganystanyň Baştutany bu ulgama mundan beýläk-de maýa goýumlaryny goýmagyň, öňde goýlan wezipeleri çözmäge netijeli, oýlanyşykly hem-de toplumlaýyn çemeleşmeleri ornaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, Türkmenistanda bu babatda uly ösüşiň üpjün edilendigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Mohammad Aşraf Gani ulag-aragatnaşyk gatnawlarynyň ulgamlaryna goşulyşmagyň hasabyna Aziýa sebitiniň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagynyň meselesi barada durup geçdi. Munuň özi esasy ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek babatda giň mümkinçilikleri açar. Owganystanyň Baştutany owgan tarapynyň bu ileri tutulýan ugurda oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini we taýýardygyny beýan edip, şeýle hyzmatdaşlygyň öz ýurdunyň sebit we ählumumy derejede goşulyşmagyna, möhüm durmuş meselelerini çözmäge ýardam etjekdigini belledi.

Prezident Mohammad Aşraf Gani Türkmenistanyň uly oňyn tejribesini hem-de gazanan üstünliklerini nygtap, şu forumyň, 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Halkara maslahaty ýaly, örän netijeli boljakdygyna ynam bildirdi.

Çykyşynyň ahyrynda belent mertebeli myhman myhmansöýerlik hem-de forumyň üstünlikli işlemegi üçin döredilen ajaýyp şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarif umumy mejlisde çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Muna şu möhüm maslahaty çagyrmak baradaky başlangyjy üçin hoşallyk bildirdi.

Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, pakistan tarapynyň bu foruma gatnaşmagy Pakistanyň sebit we ählumumy goşulyşmak ýagdaýyna, Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmekde, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde, ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmakda ulag-üstaşyr ulgamyň ägirt uly kuwwaty bilen baglylykda, şol ulgamda düzümleýin taslamalara möhüm ähmiýet berýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, Pakistan energetika ulgamynda we degişli düzümdäki sebitleýin maksatnamalary, şol sanda Türkmenistan – Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamany we beýlekileri goldaýar.

Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri okgunly ösüşiň aýrylmaz bölegi hökmünde ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň ornuny nygtap, netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de döwletleriň we halklaryň abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmegiň wajypdygyny aýtdy.

Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiç çykyşynda bu Ählumumy maslahata gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň Prezidentine we Hökümetine çuňňur hoşallygyny beýan edip, halkara bileleşigi tarapyndan dünýä ösüşiniň täze nusgasynyň biri-biriniň üstüni doldurýan üç sütüne daýanýandygyny belledi. Olaryň birinjisi täze taglymlary dörediji şahsyýet bolan adam, ikinjisi bäsdeşlige ukyply ykdysadyýet we üçünjisi daşky gurşawyň hilidir.

Şunuň bilen baglylykda, ählumumy häsiýete eýe bolan möhüm meseleleriň çözgüdini tapmak babatynda bu ugurda umumy tagallalary hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmekde umumy tagallalaryň oňyn utgaşdyrylmagynda şu gezekki forumyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.

Dürli ýurtlaryň we iri halkara guramalarynyň wekilleriniň giňden gatnaşmagynyň Aşgabat maslahatynda foruma gatnaşyjy döwletleriň ykdysadyýetleriniň peýdasyna ulag ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini ugur edinýän möhüm çözgütleriň kabul ediljekdigine esas döredýändigi bellenildi.

Belarusuň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary netijesinde Türkmenistanyň anyk ulag-logistika hyzmatlary bilen dünýä bazaryna çykýandygyny, munuň bolsa sebit möçberinde hem, ählumumy derejede hem möhüm we uly gyzyklanma eýe bolup durýandygyny nygtady.

Awstriýa Respublikasynyň Milli Geňeşiniň Ikinji Prezidenti Karlhaýns Kopf öz çykyşynda BMG-niň howandarlygynda Aşgabatda geçirilýän Ählumumy maslahata gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, durnukly ulag ulgamy – bu eşretlere howpsuz we ykdysady taýdan şertlendirilen elýeterlilikdir.

Çykyşynyň dowamynda jenap Karlhaýns Kopf ulag ulgamy bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde Awstriýanyň tejribesine degip geçdi.

Belent mertebeli myhman durnukly ösüş babatda innowasiýalara hem-de öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan häzirki zaman ulag ulgamyny döretmegiň ähmiýeti barada aýdyp, munuň üçin bar bolan uly kuwwatdan netijeli peýdalanmagyň, şol sanda alternatiw çözgütleri, ekologiýa taýdan arassa gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmagyň zerurdygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, ykjamlylyk durmuş we ykdysady taýdan ösüşiň esasy şertleriniň biridir. Ol oňyn goşulyşmak işine ýardam edýär hem-de adamlaryň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmagy giňeltmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi howpsuzlyk, netijelilik we daşky gurşaw ýaly ileri tutulýan meseleleri nazara almak bilen, ählumumy ulag syýasatynyň wezipeleriniň wajypdygyny şertlendirýär.

Jenap Karlhaýns Kopf häzirki we geljekki nesiller üçin durnukly ulag ulgamynyň ähmiýetini nygtap, umumy rowaçlygyň bähbidine özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigini belledi. Aşgabat maslahaty hem muňa ýardam etmelidir.

Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Askar Mamin, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Rustam Azimow, Gyrgyz Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Muhammetkalyý Abulgaziýew we Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Azim Ibrohim çykyşlarynda Merkezi Aziýanyň döwletleri üçin durnukly ulag ulgamynyň meseleleriniň wajypdygyny aýratyn bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatda geçirilýän Ählumumy maslahatyň ähmiýeti nygtaldy. Bu maslahat ulag-kommunikasiýa düzümini ösdürmek ulgamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmak üçin açyk meýdança bolup durýar. Çykyş edenler ulag ulgamynda Türkmenistanyň başlangyçlarynyň örän wajypdygyny belläp, öz ýurtlarynyň bu ugurda mundan beýläk-de gatnaşyk etmäge taýýardyklaryny tassykladylar we forumyň netijeleriniň möhüm düzümleýin taslamalary ilerletmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Halkara Raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO) Baş sekretary hanym Fan Lýunyň hem-de Bütindünýä bankynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösüş ulgamynda gün tertibiniň meseleleri boýunça toparyň uly wise-prezidenti jenap Mahmud Mohieldiniň çykyşlarynda häzirki döwrüň ýagdaýlary we ählumumy ösüşiň geljegi babatda Aşgabat forumynyň strategiki ähmiýeti bellenildi.

Umumy mejlisde şeýle hem Namibiýanyň, Swazilendiň, Zambiýanyň we beýleki ýurtlaryň ýokary wezipeli wekilleriniň çykyşlary diňlenildi. Olarda uly maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleriň wajypdygyny hem-de taraplaryň durnukly ulag ulgamyny döretmek babatda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.

Halkara forumyna gatnaşyjylaryň hormatyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan resmi günortanlyk nahary berildi. Onda döwlet Baştutanymyz we BMG-niň Baş sekretary söz sözlediler.

Soňra maslahat öz işini “Durnukly ulag Durnukly ösüş maksatlarynyň üns merkezinde”, “Oba ulaglaryny ösdürmek üçin meseleler we mümkinçilikler: has uzakdaky ülkelere artykmaç mümkinçilikleri bermek bilen”, “Howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň çözülmeginde durnukly ulag çözgütleri”, “Ýük we ýolagçy ulaglaryna niýetlenen şäher infrastrukturasy” diýen mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdi.

Foruma gatnaşyjylar onuň iş ýüzündäki ähmiýetini nygtap, Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk ulgamynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, degişli utgaşykly düzümi döretmäge saldamly goşandyna ýokary baha berdiler. Şol düzüm bolsa döwrüň talaplaryna laýyk gelýär hem-de döwletlere we sebitlere anyk ykdysady mümkinçilikleri bermäge, olaryň strategiki bähbitleriniň sazlaşmagyna ýardam etmäge ukyply kuwwatly goşulyşmak serişdesi bolup durýar.

Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren, sebit we ählumumy derejede netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, bu ulgamda umumy tagallalary mundan beýläk-de utgaşdyrmaga gönükdirilen başlangyçlarynyň örän wajypdygy bellenildi.

Forumyň çäklerinde resminamalaryň birnäçesine, şol sanda Özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça geňeşmeleriň usulyny ýola goýmak babatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Çili Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hem-de fiskal boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Konwensiýanyň tassyklanandygy baradaky hatlary alyşmak hakyndaky Teswirnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda olaryň degişli çäklerinde we ondan daşarda howa gatnawlary hakyndaky Ylalaşyga üýtgetmeleri girizmek barada Teswirnama; Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, üpjünçilik ulgamlary we ulag ministrliginiň arasynda ulag babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Ulag babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meýilleri barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ermenistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň howa edaralarynyň wekiliýetleriniň arasyndaky duşuşygyň Teswirnamasyna; Türkmenistan üçin Ýurt maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça hyzmatdaşlygyň çäklerinde tassyklanan, 2016-2020-nji ýyllarda BMG-niň Ilat gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän Iş meýilnamalarynyň ýerine ýetirilmegi üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň arasyndaky Şertnama; Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň arasyndaky 2016-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna; Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň arasyndaky 2017-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyna gol çekildi.

Ertir maslahat umumy mejlis we degişli mejlisler görnüşinde dowam eder. Olaryň gün tertibine XXI asyrda jemgyýetçilik ulagy, energetika we ulag, multimodal ulag-üstaşyr gatnawlar, durnukly ulagy maliýeleşdirmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, bu ulgamlarda halkara gatnaşyklaryny ösdürmek ýaly möhüm ugurlara degişli meseleler giriziler.

Forumyň çäklerinde goşmaça çäreleriň birnäçesi, şol sanda Ulag boýunça işewürler maslahaty, “Türkmenistanyň ulag ulgamy durnukly ösüş ýolunda” atly neşiriň tanyşdyrylyşy, netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, onuň netijeli usullaryny işläp taýýarlamaga, ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine sebit we ählumumy işleri işjeňleşdirmäge ýardam etmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek we beýleki çäreler meýilleşdirildi.

Şeýlelikde, BMG-niň howandarlygynda geçirilýän Aşgabat maslahaty Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny utgaşdyrmagyň ýolunda netijeli ädimi alamatlandyrýar.

Türkmen döwlet habarlary

26.11.2016 ýyl.

http://tdh.gov.tm/news/tm/articles.aspx&article3408&cat19




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.